Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler we işsiz sürüjiler arasyndaky 'sowuk uruş' maşgalalary köseýär


Könelen awtobus

“Lebap sebitiniň etraplarynyň arasynda ýolagaçy gatnadýan döwlet awtobuslarynyň köpüsi indi iki-üç ýyl bäri ýola çykmaýar, sebäbi olar döwük, ätiýaç şaýlary bolsa ýok ýa-da sürüjileriň 'zapças' satyn almak mümkinçiligi örän çäkli, olaryň gazanjy hiç zada ýetmeýär” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri işsizlik zerarly öz awtoulaglarynda adam gatnadýan we emeli ýagdaýda kynlaşdyrylandygy aýdylýan ulag hyzmaty meseleleriniň çözgüdine goşant goşýan raýatlaryň garsyna göreşmegini dowam etdirýär.

Ýol gözegçiligi polisiýasy düýn we şu gün Türkmenabatda, Farapda öz awtoulaglarynda adam gatnadýan sürüjileriň onlarçasynyň mikroawtobuslaryny ellerinden aldy diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy 18-nji aprelde habar berdi.

Resmi metbugatda döwletiň satyn alýan awtobuslary, taksileri barada berilýän maglumatlara garamazdan, ýurduň ilaty sebitleriň ählisinde hususy taksiçileriň işine mätäç bolmagynda galýar. Eger şeýle mätäçlik bolmasa, öz ulagynda adam gatnadýan adamlaryň köçä çykan ýerinde iş tapyp, bu hünärden eklenç etmegi mümkin däl, ol öz-özünden ýatyp galar diýip, synçylar aýdýar.

Öňki ýyllaryň tejribesinden belli bolşy ýaly, öz awtoulaglarynda taksiçilik edip, agyr ykdysady şertlerde maşgala eklemäge çalyşýan raýatlaryň ulaglary “bikanun gazanç edýändikleri” sebäpli ellerinden alynýar we bu mesele köplenç jerime ýa-da para-peşgeş, häkimiýetleriň bikanun gazanç etmegi bilen çözülýär.

Ikinji tarapdan, patentsiz ýa-da resmi rugsady bolmazdan kireý edýän sürüjiler hemişe kowalanyp ýörülmeýär we öz-özüni iş bilen üpjün edýän adamlara garşy edil häzirki pursatda görülýän “gazaply” çäreleriň sebäbi düşündirilmeýär.

Mälim bolşy ýaly, ozal sebitleriň awtoulaglarynyň paýtagta gelmegine girizilen gadaganlyklar, soňra pandemiýa çäklendirmeleri zerarly ulanylan petiklemeler zerarly, hususy taksiçiler diňe öz ýaşaýan sebitleriniň çäginde, içerki gatnawlar bilen çäklenmeli boldular.

Emma soňky görlen çäreler Darganatadan, Kerkiden ýolagçy gatnadyp, her günde müňlerçe adama hyzmat edýän onlarça mikroawtobusyň sürüjilerini işden, maşgalasyny çörekden kesýär diýip, Azatlyk bilen gürleşen sürüjiler aýtdy.

“Lebap sebitiniň etraplarynyň arasynda ýolagaçy gatnadýan döwlet awtobuslarynyň köpüsi indi iki-üç ýyl bäri ýola çykmaýar, sebäbi olar döwük, ätiýaç şaýlary bolsa ýok ýa-da sürüjileriň 'zapças' satyn almak mümkinçiligi örän çäkli, olaryň gazanjy hiç zada ýetmeýär” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, dollaryň gara bazar nyrhlarynyň aşa ýokarlanmagy netijesinde gazanjy peselen sürüjiler ýa işlerini taşlamaga, ýa-da döwlet ätiýaç şaýlaryny, täze teker berýänçä garaşyp, aýlyksyz dynç alşa gitmäge mejbur bolýar.

Türkmenistanda ýolagaçy gatnawy, awtobus, taksi hyzmaty bilen bagly meseleleri gowy bilýän adamlaryň aýtmaklaryna görä, hususy taksiçilere patent, ygtyýarnama bermek işleriniň çylşyrymlaşdyrmagy esasan ýokardan dilden berilýän görkezmeler bilen bagly bolup, ýolagçy gatnawy hyzmatlarynyň gowulandyrylmagyna, şol sanda işsizlik zerarly döreýän dartgynlyklaryň peselmegine kömek etmeýär.

Hususy ulagyňda, şol sanda mikroawtobusda hususy taksiçilik etmek üçin patent, ygtyýarnama almak isleýän adamlaryň öňünde goýulýan talaplar real, hakyky ýagdaýa ters gelýär, olar aşa agyrlaşdyrylan diýip, Azatlyk bilen gürleşen ýaşaýjylar aýdýar.

Mysal üçin, ozaly taksi hökmünde ulanjak awtoulagyň reňki ak bolmaly, soňra geçen kilometri 50 müňden geçmedik bolmaly, zawoddan çykanyna 3 ýyldan geçmedik bolmaly, üstesine, patent alýan adamyň ulaglarynyň sany 10-dan az bolmaly däl...

“Eger-de aýdylýan düzgünleri berjaý edip, ygtyýarnama alsaň, awtoulaglaryňa ýaşyl reňkli döwlet belgisi berilýär we her aýda taksometriň görkezen puluny 100% inkastr üsti bilen banka tabşyrmaly” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy. Şeýlelikde, bu şertler berjaý edilse, telekeçi 1500 manat aýlyk alýar, emma karta geçýän aýlygy nagtlaşdyrmak aňsat düşmeýär.

Bu şertlerde, ýagny azyndan 100 müň dollar harçlap, täze awtoulaglary satyn alyp, diýilýän resminamalary taýýarlap, üstesine para hem berip, aýda aljak 30 dollar aýlygyňy nagtlaşdyrmak problema bolsa, kanun esasynda hususy taksiçilik etjek tapylmaz diýip, Azatlyk bilen gürleşen telekeçiler aýdýar.

Bu ýagdaý Türkmenistanda ýolagçylar üçin döredilen emeli ulag kynçylygynyň, hususy taksiçiler üçin döredilen emeli goragsyzlygyň, polisiýa, häkimiýetler üçin döredilen bikanun gazanç mümkinçiliginiň saklanyp galjakdygyny aňladýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG