Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaply taksiçiler 'şu yssyda gazanan çörek pullarynyň hem alynmagyndan' şikaýat edýärler


Türkmenabat. Ýolda duran ýol gözegçisi. Arhiw suraty
Türkmenabat. Ýolda duran ýol gözegçisi. Arhiw suraty

Türkmenistanda häkimiýetler hususy taksiçilik bilen güzeran dolamaga çalyşýan işsiz raýatlary saklap, olara agyr pul jerimelerini salmagy dowam etdirýär.

Hususy taksiçilere girizilen gadaganlyk prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 4-nji aprelde içeri işler ministri Isgender Mulikowa ýene bir gezek “berk käýinç” yglan etmegi bilen güýçlendi.

Türkmenabat şäherinde, Aşgabatdaky ýaly, jaň edip taksi çagyryp bolmaýar, bu ýerde beýle hyzmat ýok, adamalar köçede sagatlap taksä garaşýarlar we bu ýagdaýdan örän nägile” diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Lebapdaky habarçymyzyň şu hepde beren maglumatyna görä, regionyň köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgärleri we döwlet salgyt gullugynyň işgärleri “öz ulagynda ýolagçy gatnatmak arkaly güzeran aýlamaga çalyşýan adamlara jerime salmagy soňky günlerde has-da güýçlendirdiler”.

Döwlet hususy taksiçilere patent berip, işsizlikden kösenýän adamlary goldamagyň, işsiz adamlary azaltjak bolmagyň deregine, ozalam gara gündäki maşgalabaşylaryň şu yssy howada der döküp gazanan çörek puluny hem elinden alýar” diýip, 56 ýaşyndaky hususy taksiçi Radionyň habarçysy bilen eden söhbetdeşliginde aýtdy.

Men hiç düşünip bilemok, döwlet indi otuz ýyl bäri öz işini açan, özüni iş, gazanç bilen üpjün etjek bolýan adamlara garşy soňy gelmeýän göreş alyp barýar. Bu göreşden para alýan döwlet işgärleri uly peýda görýär. Ýa döwlet adam üçin bolanda, şeýle bolmalymyka?” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran lebaply taksiçi bu soragy prezidente beresiniň gelýändigini, emma gorkýandygyny aýtdy.

Azatlygyň habarçylarynyň Lebapda, Maryda we beýleki sebitlerde anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan hususy taksiçileriniň ählisi başga işi bolmadyk adamlaryň kanun esasynda öz ulaglary bilen taksiçilik edip, "halal işlemege hem-de döwlete salgyt tölemäge taýýardygyny" aýdýarlar.

Şol bir wagtda, diňe regionlarda däl, paýtagt Aşgabatda hem hususy taksiçileriň işine uly zerurlygyň bardygy, döwlet eýeçiligindäki jemgyýetçilik transportynyň, döwlet taksileriniň ilatyň barha ýokarlaýan isleglerini, transport-gatnaw talaplaryny ödäp bilmeýändigi habar berilýär.

Uçar, otly gatnawy we awtobuslar bilen ähli ýere baryp bolmaýar, döwlet taksileri bolsa ähli ýolagçyny barjak ýerine äkitmäge ýetişmeýär. Durmuşda her hili ýagdaýlar bolýar, adamlar gyssagly bir ýere gitjek bolsa, hökman taksi tutmaly ýa ulagly bir adamdan haýyş etmeli, emma ne islän wagtyň taksi tapylýar, ne-de ulagly adam. Sebäbi tanyş, garyndaş adamlar hem, ulagly bolsalar-da, bir ýere taşlap gaýt diýseň, ýaýdanýarlar, sebäbi polisiýa saklasa, aňsat para bermän sypyp bolmaýar” diýip, hususy taksiçilere girizilen gadaganlygyň döredýän kynçylyklaryny 66 ýaşyndaky aşgabatly ýaşaýjy hem tassyklady.

Şeýle-de ol hususy taksiçileriň gadan edilmeginiň paýtagtda, dürli çäreleriň ýa dabaralaryň ýygy-ýygydan geçirilýän ýerinde kän kynçylyk döredýändigini gürrüň berdi. “Aşgabatda prezident bir ýere barjak bolsa, baýramçylyk ýa başga bir dabaraly çäre guralsa,birbada bir topar ýoly ýapmak kada öwrüldi.Ýolagçy awtobuslarynyň marşrutynyň üýtgemegi ýa olaryň çärä gatnaşyjylary gatnatmaga iberilmegi gyssagly bir ýere gitjek, işe ýa öýüne barýan adamlar üçin uly kynçylyklary döredýär, emma muňa üns berýän ýok” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenistanda hususy taksiçilige garşy gadaganlyklaryň soňky güýçlenmesi aprel aýynyň başynda, içeri işle ministrine berlen nobatdaky käýinçden soň başlandy.

Bu çäre “Azatlyk” radiosynyň Türkmenistanda bolýan heläkçilikli ýol hadysalary hakyndaky nobatdaky habarynyň, tanymal türkmen şahyry we ýazyjysy Amanmyrat Bugaýewiň ýol hadysasynda wepat bolmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

TDH-nyň maglumatyna görä, şonda prezident Berdimuhamedow “ýolagçy gatnatmak boýunça ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge ygtyýary bolmadyk käbir sürüjileriň ýol hereketiniň düzgünini gödek bozup, ulag hadysalarynyň, heläkçilikli ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolýanlarynyň bardygyny belledi”.

Emma ýerli synçylar, şol sanda anonimlik şertinde gürleşen transport hünärmenleri Azatlyga Türkmenistanda resmi metbugatda habar berilmeýän ýol hadysalarynda diňe hususy taksiçileri günäläp bolmajakdygyny, bu meselede ozaly ýollaryň umumy ýagdaýy, sürüjilik şahadatnamalaryny para berip alýan adamlaryň juda köpelmegi, polisiýadaky korrupsiýa barada töwerekleýin we düýpli işleriň geçirilmelidigini aýtdylar.

Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri hususy taksiçilere garşy alnyp barylýan häzirki gadaganlyk çärelerini, olara patent, ýagny iş ygtyýarlygyny bermek düzgünlerini çylşyrymlaşdyrmak bilen, has öňräk başladylar we bu ýurtda iş orunlarynyň barha azalmagyna, ýurtdan çykýan zähmet migrantlarynyň aşa köpelmegine getiren hökümet "bolanoklarynyň" diňe biri bolup görünýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG