Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidentiniň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow aradan çykdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow 18-nji aprelde aradan çykdy. "Watan" habarlaryndan alnan wideoşekil
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow 18-nji aprelde aradan çykdy. "Watan" habarlaryndan alnan wideoşekil

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 88 ýaşly kakasy Mälikguly Berdimuhamedow 18-nji aprelde aradan çykdy. Türkmenistanyň döwlet eýeçilgindäki habar serişdeleri Mälikguly Berdimumedowyň 89 ýaşynyň içinde aradan çykandygyny habar berdi. Ölüm sebäbi we jaýlanyş çäreleri barada habar berilmedi.

Döwlet TW-si prezidentiň kakasynyň ölümi barada sagat 21:00-da başlanýan "Watan" habarlar programamsynda habar berdi. "Türkmenistan Altyn asyr" saýty "bu ajy habaryň tutuş türkmen halky tarapyndan uly gynanç bilen kabul edilendigini" aýdýar.

Ýerli çeşmeleriň türkmen prezidentiniň kakasynyň ölümi baradaky näresmi maglumatlary Azatlyga 18-nji aprelde, ir sagatlarda gelip gowuşdy.

Türkmen mediasynda çap edilen gynanç habarynda M.Berdimuhamedowyň 1932-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gökdepe etrabynyň 1-nji Birleşik obasynda doglandygy, dürli ýyllarda kitaphanaçy, başlangyç synp mugallymy, ene dili we edebiýaty mugallymy bolup işländigi, harby gullukda bolup, harby mekdebi tamamlansoň, IIM-niň dürli wezipelerinde işläp, podpolkownik çininde dynç alşa çykandygy bellenýär.

M.Berdimuhamedow resmi habarda gahryman we ýaşlar üçin görelde diýlip atlandyrylýar. Prezidentiň atasynyň obadaşlaryna kömek edendigi, "Bizeýeňeris", "Goý, uruş bolmasyn", "Kän ekeliň dänäi" diýen goşgulary ýazandygy nygtalýar.

Onuň ady diri wagtynda Aşgabatdaky 1001-nji harby bölüme, IIM-niň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky ýaşaýyş jaý toplumyna dakyldy.

Türkmen döwlet TW-si M.Berdimuhamedowyň ölümi baradaky habary prezidentiň sözlerinden alnan sitata we türkmen emeldarlarynyň gynanç sözleri bilen jemledi.

"Mähriban kyblamyň ömür ýoly maňa nusgalyk ýol, onuň asylly, beýik ahlak sypatlary meniň idealym, meniň durmuş uniwersitetim" diýip, "Altyn Asyr" telekenaly G.Berdimuhamedowyň sözlerini sitirledi.

Türkmen metbugaty on ýyldan gowrak wagt bäri prezidentiň kakasy Mälikguly Berdymehamedowy, ejesi Ogulabady we atasy Berdimuhammet Annaýewi şöhratlandyrýar. Synçylaryň pikiriçe, bu döwlet baştutanynyň şahsyýet kultynyň esasyny goýdy. Türkmenistanda Mälikguly Berdimuhamedowyň adyna medal döredildi, Berdimuhammet Anaýewiň ady şäherçelere we harby mekdebe dakyldy.

2012-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Mialikguly Berdimuhamedowyň ilkinji ýadygärligi dikildi. Onuň doglan ýeri Yzgant obasynda gurulan ýadygärligiň açylyş dabarasyna ministrler, oba ýaşululary, ýerli ýaşaýjylar we talyplar, şeýle hem diplomatlar gatnaşdy. Bu waka telewideniýede görkezildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG