Sepleriň elýeterliligi

Türkmen parlamenti "Mälikguly Berdimuhamedow” medalyny döretdi


"Watanyň wepaly ogly" diýen at bilen 2012-nji ýylda çap edilen kitabyň jildi.

Türkmenistanda şenbe güni “Mälikguly Berdimuhamedow” adyndaky medal döredildi. Ýöne onuň haýsy ýagdaýlarda, nähili hyzmat bitiren raýatlara beriljekdigi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Prezidentiň kakasynyň adyny göterýän täze medal prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly aganyň mertligine bagyşlan täze eseriniň - “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly kitabynyň çap edilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Döwlet eýeçiligindäki TDH habar agentliginiň maglumatyna görä, şenbe güni türkmen parlamentiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky mejlisiniň garamagyna hödürlenen "kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan kabul edildi".

Parlament agzalary “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi”, “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen hormatly atlary döretmek hakyndaky kanunlary hem kabul etdiler.

Täze kabul edilen kanun aktlarynyň arasynda “Haýyr-sahawat işi hakynda”, “Ganyň donorlygy hakynda”, “Pagtaçylyk hakynda” kanunlar hem bar.

Türkmen prezidentiniň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň ady mundan öň Içeri işler ministrliginiň 1001-harby bölümine hem dakylypdy we 2013-nji ýylda harby bölümiň täze binasynyň öňünde onuň heýkeliniň hem aýylyş dabarasy boldy.

Türkmen prezidentiniň kitaplarynda onuň esasy meňzemek islän şahsyýetiniň atasy Berdmuhammet Annaýew bolandygy aýdylýar.

Berdimuhamedow prezident bolanyndan soň ozal ady eşidilmedik atasynyň adyny ebedileşdirmekde hem esli iş etdi. Mysal üçin, 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebine Berdimuhammet Annaýewiň ady dakyldy.

Mundan öň prezidentiň diňe özi hakynda aýdym aýdylyp, atasy we kakasy hakynda eserler çap edilen bolsa, soňky döwürde döwlet telewideniýesinde Berdimuhamedowyň ejesi Ogulabat ejäniň hormatyna hem aýdym aýdylyp başlandy. Ol aýdymda prezidentiň ejesi "Gahrymany, Arkadagy dünýä beren ene" hökmünde wasp edilýär.

Seýle-de synçylar Berdimuhamedowyň soňky döwürde ogly Serdary wezipe basgançaklarynda görnetin ýokary çekýändigini belleýärler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG