Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda COVID-19-a ýoluganlar ýüze çykarylýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistana daşary ýurtlardan getirilen raýatlaryň ýene birnäçesinde COVID-19 ýüze çykaryldy. Lebapda giň gerimli waksinasiýa kampaniýasyna taýýarlyk görülýär, saglyk ätiýaçlandyryş şahadatnamasy talap edilýär. “Awaza” zolagyna diňe koronawirusa garşy sanjym alanlaryň goýberiljekdigi yglan edildi. Aşgabatda jemgyýetçilik transporty, 10 gün arakesmeden soň, gaýtadan dezinfeksiýa edilip başlandy.

Geçen hepdäniň başynda, pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli wagtynda yzyna dolanyp bilmedik, Türkiýeden getirilen türkmen raýatlarynyň ýene dördüsinde COVID-19 ýüze çykaryldy.

Ýatlatsak, 13-nji aprelde “Türkmenhowaýollary” gullugynyň ýörite gurnan uçary bilen, 165 türkmen raýaty Türkmenabada getirildi, soňy bilen olaryň bir bölegi Türkmenabadyň Ýokanç keseller hassahanasynda esaslandyrylan karantin zolagyna, ýene bir bölegi hem Amyderýanyň kenarynda gurnalan karantin sebitine 21 gün möhlet bilen ýerleşdirildi. Olaryň 50-den gowragynyň dürli derejede saglyk meseleleri bolup, olar daşary ýurtlarda dürli operasiýalary başdan geçiripdirler.

Şol pursat, Azatlygyň habarçysy 1974-nji ýylda doglan aşgabatly bir aýal maşgalanyň koronawirus testiniň oňaýly netije berendigi tassyklatmagy başarypdy. Häzir şol reýs bilen gelen ýene başga-da dört adamda COVID-19-yň ýüze çykarylandygy belli boldy. Bu barada ýerli saglyk işgärleriniň biri 19-njy aprelde habarçymyza gürrüň berdi.

Ölüm howply wirusa ýolugan raýatlaryň ykbaly barada, ýurtda koronawirusyň ýeke ýagdaýyny hem resmi taýdan hasaba almadyk, türkmen resmilerinden, şol sanda Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden maglumat almak başartmady.

Bu aralykda, Lebapda birinji derejeli töwekgelçilik toparyna girýänlerden, ýagny saglyk işgärlerden, mugallymlardan we gartaşan adamlardan soň, 1-nji maýdan başlap giň gerimde waksina sanjymlarynyň edilip başlanmagyna taýýarlyk görülýär. Munuň bilen baglylykda, ýaşaýjylardan, şol sanda işsiz raýatlardan hem saglyk ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny edinmek talap edilýär.

“Saglyk şahadatnamasyna ähli tölegler geçirilen bolmaly. Işsiz adamlar her aý 28 manat geçirmeli we saglyk şahadatnamany açdyrmak üçin 200 manat töwereginde çykdajy etmeli. Bu maliýe çökgünliginiň arasynda pulsuzlykdan kösenýän adamlaryň köpüsine başartmaýar” diýip, faraply ýaşaýjylaryň biri 19-njy aprelde gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri COVID-19-a garşy alnyp barylýan waksinasiýa kampaniýasy barada maglumat bermeseler-de, koronawirusa garşy sanjym alanlaryň tomusyň ilkinji gününden başlap, “Awaza” syýahatçylyk zolagyna dynç almaga goýberiljekdigini mälim etdiler.

16-njy aprelde geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinde, geçen ýylyň maýynda girizilen çäklendirmelerden soň, “Awazada” dynç alyş möwsüminiň möhletiniň şu ýylyň 1-nji iýuny – 15-nji sentýabry aralygy diýlip kesgitlenendigi mälim edildi.

Emma raýatlar ýurtda waksina sanjymlarynyň haýal depginde alnyp barylýandygyny, şeýle-de, adatça, dynç alyşa çykmak senesiniň ýolbaşçylaryň özleri tarapyndan kesgitleýändigini belläp, “Awazada” dynç almak “mümkinçilikden” mahrum galdyryljakdygyny adýarlar.

“Lebapda birinji töwekgelçilik toparyna girýan saglyk işgärleriniň häzire çenli diňe 3%-ne doly sanjym edildi. Zähmet rugsadyna hem islän wagtyň çykyp bolmaýar. Ony ýolbaşçylaryň özi, sentýabrda başlamaly pagta möwsümine laýyklykda, kesgitleýärler” diýip, türkmenabatly lukmanlaryň biri 19-njy aprelde habarçymyza gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, Aşgabatda jemgyýetçilik transporty gaýtadan dezinfeksiýa edilip başlandy. Habarçymyzyň maglumatyna görä, paýtagtda 10 gün arakesmeden soňra, gatnawyň soňky duralgalarynda, awtobuslarda dezinfeksiýa işleri geçirilýär.

Türkmen häkimiýetleri häzirki güne çenli hem koronawirusyň ýeke ýagdaýyny-da hasaba almadylar. Emma syzyp çykýan maglumatlar soňky bir ýylda ýurtda ölüm hadysalarynyň adaty ýyllardakydan has gürelendigini, hassahanalarda ýogalanlaryň jesetleriniň plastik haltalarda, açmasyzlyk şerti bilen berilýän halatlarynyň az däldigini görkezýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG