Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda COVID-19 keselini başdan geçiren adamlar dürli näsaglykdan ejir çekýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda täze klinikanyň açylyş dabarasynda, 2020-nji ýylyň 13-nji noýabry

Aşgabadyň keselhanalarynda COVID-19 keselli we bu hassalykdan dürli saglyk näsaglygyna uçran adamlar köp. Lukmanlar ýurduň koronawirusyň dördünji tolkunyny başdan geçirýändigini aýdýarlar. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we çeşmeleri habar berýär. Ýurduň häkimiýetleri ýurtdaky koronawirusy henizem boýun almaýarlar.

Paýtagtyň lukmanlary häzirki wagtda koronawirusy başdan geçiren näsaglaryň böwreginde kemçilik döreýändigini, şeýle hem süýji keseli bolmadyk adamlarda şekeriň derejesiniň kadadan düýpgöter ýokarlanýandygyny aýdýarlar. Bu barada 9-njy aprelde Azatlygyň habarçylary Aşgabadyň hassahanalarynyň lukmanlaryna salgylanyp, habar berdiler.

Lukmanlaryň bellemegine görä, häzirki wagtda ýurt koronawirusyň dördünji tolkunyny başdan geçirýär. Bu aralykda, çeşmeler böwrekdäki kemçilikler we ganynda şekeriniň derejesiniň ýokarlanmagy ýaly näsaglykdan ölýänleriň köpdügini habar berýärler.

Aşgabatdaky habarçylarymyzyň biri ganynda şekeriň derejesiniň üýtgemegi zerarly ýogalanlaryň arasynda ýakynda 1984-nji ýylda doglan ýigidiň COVID-dan gutulandan soň aradan çykandygyny, onuň 1978-nji ýylda doglan doganynyň hem hut şol sebäpden ýanwar aýynda koronawirusy başdan geçirenden soňra aradan çykandygyny gürrüň berdi.

Bu ýagdaý diňe ulularda däl, eýsem çagalarda-da bolýar diýip, habarçy lukmanlara salgylanyp aýdýar. Mälim bolan wakalaryň birinde üçünji kasda okaýan bir oglan çaga koronawirusy aňsatlyk bilen başdan geçiripdir, ýöne şondan soň şekeri birden ýokarlanypdyr. Häzir çaga Aşgabatdaky Perinatal merkezinde bejergi alýar.

Habarçymyzyň belleýşi ýaly, Perinatal merkeziň 3-nji, 5-nji we 6-njy gatynlarynda şeýle hassalar köp.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabadyň Perinatal Merkezinden, Ýokanç keseller hassahanasyndan, şeýle hem çeşmeleriň habar bermegine görä, koronawirus keseli bolan hassalaryň saklanýan beýleki birnäçe edarasyndan resmi taýdan maglumat almak synanyşyklary başa barmady. Şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginden kommentariý almak mümkin däl.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň bardygyny ykrar etmeýärler. Döwlet habar beriş serişdeleri COVID-19 bilen diňe bir ýurduň içinde däl, eýsem dünýäde bolup geçýän wakalar barada-da habar bermeýärler. 2021-nji ýylyň 9-njy apreline çenli dünýäde 134 ýarym milliondan gowrak adama koronawirus ýokaşdy, 3 million töweregi adam ýogaldy.

Ýurduň ýolbaşçylary resmi çykyşlarda koronawirusy seýrek ýatlaýarlar. Emma ýaňy-ýakynda, türkmen resmileri rus kärdeşleri bilen COVID-19 barada pikir alyşdylar. Türkmenleriň wise-premýerleri Reşit Meredowyň we Serdar Berdimuhamedowyň Moskwa eden sapary wagtynda. daşary işler ministri Meredow, COVID-19-a garşy göreşde kömek edenligi üçin Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa minnetdarlyk bildirdi we Orsýetiň PCR testlerini ilkinji bolup Türkmenistana ynsanperwerlik kömegini hökmünde berenligini belledi. Onuň sözlerine görä, umuman alnanda, Türkmenistana 186 müň testi, olardan 120 müňi muzdsuz esasda berlipdir.

Şol bir wagtyň özünde ýurtda waksinasiýa dowam edýär. Resmi maglumatlara görä, ýurtda diňe rus waksinasy hasaba alynypdyr. Emma ýurtda dowam edýän waksinasiýanyň barşynda Hytaýda öndürilen waksina köpçülikleýin ulanylýar. Türkmenistanda hytaý waksinasynyň hasaba alnandygy resmi taýdan habar berilmedi.

Bu aralykda "Sputnik V" rus waksinasyny etdirmek üçin ony satyn alyp bolýar. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, ýurtda resmi hasaba alnan "Sputnik V" waksinasy 1000 manada satylýar. Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň resmi kursuna görä, bu 285 dollar töweregi bolýar. Waksinany öndüriji Orsýetiň göni maýa goýum gaznasy (RDIF) tarapyndan "Sputnik V" waksinasynyň daşary ýurt bazarlary üçin yglan edilen bahasy 20 dollara ýetmeýär.

Rus sanjymy Türkmenistanda fewral aýynda başlanan waksinasiýanyň başynda paýtagtda hususan-da, saglyk işgärlerine, polisiýa işgärlerine, harbylara edilipdi. Şol bir wagtyň özünde döwlet resmilerine waksinanyň edilip-edilmändigi barada habar bolmady.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG