Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dilden edilen maglumat gadagançlygy. VPN we telefonlar türkmen häkimiýetleriniň nyşanynda


Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmen häkimiýetleri VPN ulanyjylaryny anyklamaga we jezalandyrmaga synanyşmagyny dowam etdirýärler. Mekdeplerde telefonlary ulanýan okuwçylary tutmak üçin yzygiderli reýd geçirýärler we jübi telefonlaryny açyp barlaýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary orta mekdepleriň okuwçylarynyň we mugallymlarynyň saklanmagy we jerimä sezewar edilmegi bilen bagly täze ýagdaýlar barada habar berýärler.

Türkmenistanyň gündogar welaýatynda 10 golaý mekdep okuwçysy VPN ulanmakda şübhelenip ýerli polisiýanyň üns merkezine düşdi. Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçylarynyň sözlerine görä, bu Farap etrabynyň 1-nji we 4-nji mekdeplerinde bolupdyr. Şunuň bilen baglylykda azyndan iki mugallym jogapkärçilige çekilip, olara jerime salnypdyr we soňky duýduryş berlipdir.

VPN-ni ulanan okuwçylaryň özleri babatynda haýsy anyk çäreleriň görlendigini entek anyklap bolmady.

Mugallymlara berilen jeza, häkimiýetleriň mekdeplerde jübi telefonyny ulanmagy gadagan etmegi bilen baglanyşykly. Mundan başga-da, ýurduň häkimiýetleri ilata çäklendirilen internete girmek üçin petikden geçmäge mümkinçilik berýän VPN hyzmatlaryndan peýdalanmagy gadagan edýär. Häkimiýetler internete berk gözegçilik edýärler, VPN-leri yzygiderli bloklaýarlar we garaşsyz maglumat almaga synanyşanlary yzarlaýarlar.

Mekdeplerden başga-da, döwlet edaralarynyň işgärleri, şol sanda saglyk işgärleriniň we polisiýanyň jübi telefonlary barlanýar.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, şol bir wagtyň özünde-de ýurtda VPN hyzmatlarynyň meşhurlygy artýar we kanun goraýjy edaralar, sud edaralary we ýerli häkimlikler ýaly dürli döwlet edaralarynyň işgärleri internete päsgelsiz girmäge mümkinçilik berýän VPN hyzmatyndan peýdalanýarlar.

Bu aralykda, Azatlygyň çeşmeleri Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň hem VPN ulanmak üçin ony öz belli bir ussalaryna gurdurýandygyny öňe sürýärler.

Bu barada Lebabyň ýerli häkimiýetlerinden, kanun goraýjy edaralaryndan we telekommunikasiýa guramalarynyň wekillerinden resmi taýdan maglumat alyp bolmady.

VPN ulanyjylaryny anyklamak, smartfonlaryň mazmunyny barlamak we jübi telefonlaryny ele almak çäreleri türkmen häkimiýetleri tarapyndan yzygiderli alnyp barylýar. Mundan öň Azatlygyň habarçylary Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň Maryda polisiýa işgärleriniň jübi telefonlaryny barlaýandyklaryny habar beripdi. Soňra mart aýynda Lebap welaýatynda polisiýa we howpsuzlyk işgärleri ýerli hassahanalarda we klinikalarda saglyk işgärleriniň jübi telefonlaryndaky maglumatlary barladylar, şeýle-de Maryda ýerli ýaşlar Azatlyk Radiosynyň web sahypalaryna girip, radio gepleşikleri diňlänleri üçin yzarlandy.

Bilim edaralarynda jübi telefonlaryna girizilen gadaganlyk soňky üç ýylda dowam edýär we wagtal-wagtal güýçlenýär. 2018-nji ýylda bilim işgärlerine, talyplara we medisina işgärlerine döwlet edaralarynda jübi telefonlarynyň bolmagy we ulanylmagy gadagan edildi. Şondan bäri mugallymlar, saglyk işgärleri we okuwçylaryň ene-atalary yzygiderli jerimä sezewar boldy.

Geçen ýylda prezidentiň häzirki zaman tehnologiýasynyň ýaşlar we ulular üçin ýetirýän zyýany barada eden çykyşyndan gysga wagtyň içinde smartfon ulanyjylaryna edilýän basyş hasam güýçlendi.

Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň fewralynda çagalaryň we ýetginjekleriň, şeýle hem dürli ýaşdaky adamlaryň kompýuterde, telefonda ýa-da planşetde köp wagt geçirýändigini aýtdy we “bu adamyň az hereket etmegine we fiziki hereketsizlikde bolmagyna getirýär. Bu durmuş şerti adamyň semiz bolmagyna we beýleki saglyk problemalarynyň ýüze çykmagyna getirýär" diýip, prezident aýtdy.

Prezident häzirki zaman enjamlarynyň ýerine ýaşlary milli oýunlara çekmäge, olara milli medeniýeti, dili, edebiýaty we taryhy öwretmäge çagyrdy.

Bu aralykda, Türkmenistanyň prezidenti ýokary tehnologiýalaryň, şol sanda kompýuterleriň, smartfonlaryň we telewizorlaryň önümçiliginiň ýurduň içinde ýola goýmagy tabşyrdy.

2018-nji ýylda prezident içerde öndürilen kompýuteriň nusgasyny tassyklady. 2020-nji ýylda ýurtda öndürilen smartfonlara we telewizorlara at dakdy. Tizara, ykdysady krizisiň fonunda, türkmen häkimiýetleri ilaty ýurtda öndürilen enjamlary satyn almaga mejbur edip başlady, käbir býujet edaralarynda munuň üçin işgärleriň aýlyklarynyň bir bölegini saklanyp alyndy. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanda öndürilen enjamlary satýanlar harytlaryň hilini pesligi barada alyjylara öňünden duýdurýarlar.

Президент Бердымухамедов поручил наращивать производство "высоких технологий"
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:20 0:00

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG