Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oppozisiýanyň YouTube çykyşlary ýerli häkimiýetleri ynjalykdan gaçyrýar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

“Türkmenistanyň demokratik saýlawy” (DWT) oppozisiýa hereketiniň egindeş başlygy Myrat Gurbanowyň YouTube ulgamyndaky tankydy çykyşlary türkmen häkimiýetlerini ynjalykdan gaçyrýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy türkmen oppozisiýaçysynyň çykyşlaryny diňlemekde aýyplanýan onlarça raýatyň bir hepde bäri Lebap welaýatynyň merkezi polisiýa bölüminde tussaglykda saklanýandyklaryny habar berýär. Saklananlaryň oppozisiýa wideolaryny halaýandyklary üçin, döwlete dönüklik etmekde aýyplanýandyklary aýdylýar.

Myrat Gurbanow geçen ýyl daşary ýurtlarda türkmen aktiwistleriniň syýasy işjeňligi ýokarlanýan mahaly oppozisiýa sahnasynda öňe çykdy. Türkmenistanyň güýç edaralarynyň dürli pikirliligi basyp ýatyrmakda ulanýan taktikalary ýyllar boýy halkara adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň hasabatlarynda tassyk bolýar.

Beýleki oppozisiýa wekilleri bilen bir hatarda Gurbanow özüniň yzygiderli YouTube çykyşlarynda türkmen hökümetini emelsizlikde tankytlaýar. Türkmenistanyň hökümeti bu aýyplamalary ne boýun alýar, ne-de ret edýär.

Aktiwistler türkmen hökümetinden kanunçylygy, adalaty we hak-hukuklary talap etmäge çagyrýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:13:02 0:00

“Oppozisioner M. Gurbanowyň çykyşlary Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) Lebap welaýaty boýunça bölümlerini ynjalyksyzlandyryp başlady” diýip, ýagdaýdan habarly bir çeşme anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, oppozisiýa wekiliniň YouTube çykyşlaryny halandyklary MHM tarapyndan anyklanan, ýagny wideolara “laýk” basandyklary äşgär bolan onlarça raýat bir hepde bäri Türkmenabadyň polisiýa bölüminde saklanýar.

Çeşme saklananlaryň sanynyň 180 adam töweregindedigini aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy saklanan raýatlaryň hossarlary bilen gizlinlik şertlerinde habarlaşmagy başardy. Ol tussaglykdaky raýatlaryň esasan Farap, Saýat, Çärjew hem-de Darganata etraplarynyň, şeýle-de welaýat merkeziniň ýaşaýjylaryndan ybaratdygyny, olaryň bir hepde bäri aç-suwsuz polisiýa bölüminde saklanýandyklaryny habar berýär.

“[Saklanan raýatlar] oppozisiýany goldamakda, oppozisiýa wideolaryna “laýk” goýup, olary maliýeleşdirmekde hem-de döwlete dönüklikde aýyplanýarlar” diýip, çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 171-nji maddasy “döwlete dönükligi” “Türkmenistanyň raýatynyň harby çaknyşyk döwründe bilkastlaýyn duşmanyň tarapyna geçmegi, içalyçylyk etmegi, daşary ýurt döwletine, halkara we daşary ýurt guramalaryna ýa-da olaryň wekillerine Türkmenistanyň milli bähbitlerine garşy gönükdirilen duşmançylykly işi geçirmek üçin döwlet syrlaryny bermegi ýa-da gaýry kömek etmegi” diýip kesgitleýär. Döwlete dönüklikde höküm çykarylan raýatlar 10 ýyldan 25 ýyla çenli möhlet bilen azatlykdan mahrum edilýär.

Ýöne Azatlyk Radiosy YouTube wideolaryna “laýk” goýmak bilen döwlete dönükligiň arasyndaky arabaglanyşygy anyklap bilmedi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, Lebapda saklanýan tussaglara öz hossarlary bilen duşuşmak gadagan edilýär.

“Eger olara nähilidir bir günä ýöňkäp bilseler, olaryň bir ýyldan üç ýyla çenli möhlet bilen türmä basylmagy mümkin” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ozalky ýyllarda türkmen kazyýetleriniň adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň “syýasy matlaply” atlandyrýan aýyplamalary bilen ýerli aktiwistleri türme tussaglygyna höküm eden halatlary bolupdy.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, bir hepde bäri Türkmenabadyň polisiýa bölüminde tussaglykda saklanýan raýatlara MHM işgärleri gözegçilik edýär, polisiýa işgärleri tussaglaryň ýanyna goýberilmeýär.

“Diňe MHM sorag edýär” diýip, çeşme gürrüň berdi we olaryň aklawçy mümkinçilikleriniň kynçylyklary barada aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Habarçy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan bir ýerli synçy Myrat Gurbanowyň il içinde abraýynyň artýandygyny, bu ýagdaýyň bolsa ýurt ýolbaşçylaryny ynjalykdan gaçyrýandygyny aýtdy.

Bir ýerli Internet ulanyjysy Gurbanowyň YouTube çykyşlarynyň VPN ulanmazdan ýurt içinde elýeterlidigini aýtdy. Azatlyk Radiosy bu elýeterliligiň esasy maksadyny anyklap bilmedi. Türkmenistan YouTube, Facebook we Twitter ýaly sosial ulgamlary petikli saklaýar.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy şu günler Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda Internet elýeterliliginiň geriminiň giňeldilýändigini habar berýär. Azatlyk 19-njy ýanwarda Darganata etrabynda Internetiň tizliginiň pesdigi, bahasynyň bolsa gymmatdygy barada habar berdi. Fewralyň başlarynda Türkmenistanda öý Internet hyzmatlarynyň bahalary arzanlady.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenistanyň hökümetini raýat hukuklaryny, şol sanda raýatlaryň söz, metbugat we ýygnanyşmak azatlyklaryny basyp ýatyrmakda tankyt edýärler.

Mundan ozal, Türkmenistanda daşary ýurtlardaky aktiwistler bilen aragatnaşyk saklamakda güman edilen bir balkanabatly ýurist, Pygambergeldi Allaberdiýew “huligançylyk” aýyplamalary bilen alty ýyl azatlykdan mahrum edildi. Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar ýuriste çykarylan hökümi syýasy matlaply atlandyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG