Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen polisiýasy lukmanlaryň telefonlaryny barlaýar, ýörite gulluklar Azatlygyň diňleýjilerini gözleýär


Aşgabat, fewral, 2021 (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň häkimiýetleri informasiýa gözegçiligini, şeýle-de ilatyň maglumat elýeterliligini we habar alyşmak mümkinçiligini çäklendirmek çärelerini güýçlendirdiler. Lebap welaýatynda polisiýa we howpsuzlyk işgärleri ýerli saglyk öýlerinde we hassahanalarda medisina işgärleriniň jübi telefonlaryny barlaýarlar. Maryda howpsuzlyk gulluklary internete girmek üçin VPN ulanan we Azatlyk Radiosynyň websaýtyna girýän ýaşlary yzarlaýarlar.

Türkmenabatda soňky günlerde jübi telefonlary birnäçe lukmançylyk edaralarynda barlanypdyr. Azatlygyň ýerli habarçylarynyň sözlerine görä, hususan-da, 1-nji, 2-nji we 5-nji saglyk öýlerinde, şeýle hem welaýatyň ýokanç kesel hassahanasynda işgärleriň jübi telefonlary we smartfonlary çarşenbe güni barlanypdyr.

Saglygy saklaýyş edaralaryň işgärleriniň sözlerine görä, howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleri ýerli saglygy saklaýyş edaralaryndaky ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosyna we beýleki habar beriş serişdelerine kimiň habar ýetirýändigi bilen gyzyklanypdyr.

Ýurduň häkimiýetleriniň saglygy saklaýyş ulgamyndaky kynçylyklar barada dymyp, ýurtda koronawirusyň bolmagynyň mümkinçiligini düýpgöter inkär edýän wagtynda Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri we beýleki garaşsyz neşirler ýurduň hakyky ýagdaýy barada, ilatyň koronawirus keseline duçar bolýandygyny, ölüm hadysalarynyň köpelýändigini yzygiderli habar berýärler. Türkmenistanyň häkimiýetleri häzirki wagtda ýurtda koronawirusa garşy waksinasiýanyň alnyp barylýandygyny hem agzamaýarlar. Döwlet metbugaty hem bu ýagdaýy beýan etmeýär.

Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklary ýurduň raýatlarynyň şahsy maglumatlaryny eden-etdilikli barlamagyny yzygiderli amala aşyrýar. Türkmenistan, ilat üçin garaşsyz maglumat çeşmeleriniň elýeterliligini çäklendirmek üçin interneti petiklemek usullaryny, VPN ulanyjylaryny yzygiderli yzarlamagyny giňden ulanýar. Ulanyjylaryň petiklerden aýlanyp geçmegine mümkinçilik berýän hyzmatlary ulanmazlyk hakynda ilatdan dilhaty alynýar.

Şol bir wagtyň özünde-de Maryda häkimiýetler şu günler Azatlyk Radiosynyň websaýtlaryna girýänleri gözlemek işini güýçlendirdiler.

5-nji martda ýerli habarçymyz ýaşaýjylaryň polisiýada sorag edilmegine degişli ýagdaýlar barada habar berdi.

"Olar maňa jübi telefonyma jaň etdiler we pasportym bilen polisiýa bölümine gelmegimi talap etdiler. Men başda ynanmadym, dostlarymyň biri meni oýnaýandyr öýdüp, gelerin diýdim, ýöne barmadym. Iki sagatdan soň şol nomerden ýene jaň geldi, ýöne jogap bermedim. Ertesi gün etrap polisiýa işgäri meniň ýanyma gelip, howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň haýyşy boýunça polisiýa bölümine gitmegimi talap etdi" diýip, Baýramalynyň bir ýaşaýjysy adynyň aýdylmazlygy şerti bilen Azatlyga gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, polisiýa bölüminde sorag edişlik aýry bir otagda geçirilipdir, raýat eşikli iki adam ýigidiň jübi telefonyny talap edip, VPN-iň bardygyny barlapdyr.

"Menden VPN-i näme üçin we nireden alanymy soradylar. Men ony YouTube-da tomaşa etmek we aýdym diňlemek üçin Telegram ulgamyndan ýükläp aldym diýdim. Azatlyk Radiosynyň websahypasyna we hökümete garşy çykyş edýänleriň sahypalaryna näme üçin girýändigimi soradylar. Men bilmän girendirin diýip jogap berdim. Olar maňa ilkinji gezek goýberjekdiklerini, ýöne indiki gezek meni işimden kowdurjakdyklaryny aýtdylar "- diýip soraga çekilen ýigit gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, VPN ulanyjylary, şol sanda Azatlygyň okyjylaryny saklamak we soraga çekmek bilen bagly ýagdaýlar Maryda häzir ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Tutulanlara köplenç administratiw jeza berilýär, şol sanda olar 10-15 günlük tussag edilýär.

Bu aralykda, adam hukuklaryny goraýjy guramalar türkmen häkimiýetleriniň aktiwistleriň garyndaşlaryna edýän basyşy barada alada bildirýärler.

“Memorial” merkeziniň we Türkmen Helsinki Fondunyň 4-nji martda ýaýradan bilelikdäki beýanatyna görä, daşary ýurtda bolup, internetde işjeň hereket edýän ýurduň raýatlarynyň Türkmenistandaky garyndaşlaryna täze basyşlar barada habarlar bar.

Ynsan hukuklaryny goraýjylaryň sözlerine görä, şeýle aktiwistleriň biri, 24 ýaşly Soltan Öwezow Türkiýede ýaşaýar. Soňky bir ýarym aýyň dowamynda, ol YouTube we Telegram arkaly çykyş edýän türkmen aktiwistleriniň konferensiýalaryna birnäçe gezek gatnaşdy. Ol beýleki türkmenistanlylaryň ençemesinden tapawutlylykda ýüzüni gizlemedi. Maslahatlarda Türkmenistanda adam hukuklaryny berjaý etmek we migrantlaryň pasportlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Öwezow häkimiýetleri tankytlamak niýetiniň ýokdugyny, diňe öz hukuklaryny bilmek we iş ýüzünde ulanmagy öwrenmek isländigini aýdýar.

Ýakynda türkmen häkimiýetleri Öwezowyň Türkmenabatda ýaşaýan ejesiniň ýanyna baryp, ogly barada jikme-jik sorag berdiler. Aňtaw gullugynyň işgärleri zenana oglunyň "türmede çüýrejekdigini" aýdypdyr we enäniň hem öz ogluna derek jogap berjekdigini duýduryp, haýbat atypdyr. Bu barada adam hukuklaryny goraýjy “Memorial” merkeziniň websahypasynda çap edilen maglumatda habar berilýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri, ilatyň arasynda güýçlenýän nägilelik hereketiniň fonunda, daşary ýurtda ýaşaýan raýatlaryň garyndaşlaryna edilýän basyşyny artdyrdy. Geçen ýylyň maý aýyndan bäri daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlary ABŞ-da, Türkiýede, Demirgazyk Kiprde onlarça demonstrasiýa gurady we sosial ulgamlarda işjeňlik görkezdi, YouTube-da Türkmenistan barada çykyşlar köpeldi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG