Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler düýe gassaplaryna garşy ‘göreşýär’


Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy
Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy

Türkmenistanda dowam edýän azyk gytçylygynyň arasynda Maryda häkimiýetler düýelere, ahalteke bedewlerine we alabaý itlerine eýe çykmak tagallalarynyň çäginde, olaryň soýulmagyny we degişli haýwanlaryň etiniň gassaplar tarapyndan satylmagyny gadagan edýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň bazarynda polisiýa işgärleri düýe etini satýan adamlary soraga çekýär. Häkimiýetler diňe bir düýeleriň däl, türkmen bedewleriniň we alabaý itleriniň soýulyp satylmagyna-da garşy göreşýär.

Häkimiýetleriň et söwdasyny tertip-düzgüne salmak boýunça alyp barýan bu çäreleri ýurtda ýiti ykdysady krizisiň dowam edýän wagtyna we ilatyň azyk krizisi bilen ýüzbe-ýüz galýan wagtlaryna gabat gelýär.

“Düýeleri, ahalteke bedewlerini we alabaý itlerini soýmak bolanok” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Baýramalynyň bazarynda bir polisiýa işgäriniň gassaplara aýdan sözlerini sitirleýär.

Türkmenleriň arasynda at we it eti iýilmeýär, ýöne goşa toýnaklylar otrýadyna degişli bolan düýeleriň eti iýilmeýän et hasaplanmaýar.

Türkmenistanda düýeleriň çalyndan we ýüňünden hem peýda görülýär.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, polisiýa işgärleri düýeleriň we degişli beýleki haýwanlaryň etiniň satylmagynyň gadagan edilmegini bu haýwanlaryň “Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilmegi” bilen düşündirmäge synanyşýarlar.

Ýöne 2011-nji ýylda çap edilen “Türkmenistanyň Gyzyl kitabynda” gadagan edilen haýwanlaryň arasynda oňurgaly we oňurgasyz haýwanlar, şol sanda goşa toýnakly haýwanlardan keýikler we sugunlar bar. Ýöne “Gyzyl kitaba” düýeler, itler we ýeke toýnaklylar otrýadyna degişli bedewler girizilmändir.

Türkmenistanda esasan sygyr we goýun eti giňden sarp edilýär.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, ýaňy-ýakynda Baýramalynyň etrap bazarynda polisiýa işgärleri mal etleriniň gelip çykyşy boýunça barlag geçirdiler we düýe etini satýan bir gassaby soraga çekdiler. Polisiýa et satyjysyndan etiň nireden üpjün edilendigini sorady.

Gassap düýe malynyň özüne degişlidigini we öz hojalygynda başga-da dört-bäş düýesiniň bardygyny aýdýar.

Polisiýa gassabyň adyny we ýaşaýan ýerini bellik etdi hem-de ondan bazar sowulandan soňra, ýaşaýan ýeriniň etrap polisiýa bölümine barmagy talap etdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, polisiýa özleriniň “gadagan eden etlerini” satýan adamlara jerime salynjakdygyny aýdýarlar.

Ýöne gassaplar obalarda mallaryň açlykdan we keselçilikden gyrylýandygyny aýdýarlar. Şonuň üçin, et satyjysy düýe malynyň etini satyp, beýleki mallaryna ot-iým satyn almak meýilleri barada häkimiýetleri ynandyrmaga synanyşypdyr.

Şeýle-de, gassabyň sözlerine görä, onuň başga-da üç düýesi obalarda haýwanlaryň arasynda ýüze çykan bir keselden haram ölüpdir. Oba ýaşaýjylary sygyrlaryň we düýeleriň arasynda ýüze çykan keselçiligi häkimiýetleriň geçen ýaz ýokanç kesellere garşy uçar bilen asmandan sepen derman serişdeleri bilen ilteşdirýärler.

“Men indi mallarymy açlykdan öldürmekçi däl” diýip, maryly maldar aýdýar.

Mundan ozal, 2019-njy ýylyň bahar aýlarynda Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde düýleriň arasynda köpçülikleýin kesel ýüze çykdy we köp düýe gyryldy. Düýelerde kesel ýüze çykansoň, ýerli resmiler bu keselçiligi inkär etdiler we düýeleriň açlykdan ölýändigini öňe sürdüler.

Şol wagtlar sebitde düýe etiniň söwdasy gadagan edildi.

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde soňky aýlarda etiň bahasy gymmatlady. Lebap welaýatynda süňkli sygyr etiniň bir kilogramy fewralda 65 manada, martda 85 manada çenli ýokarlandy.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Mary welaýatynda bir köşekli düýe 20 müň – 30 müň manat aralygynda satylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG