Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýetiň dürli şäherlerinde Nawalnyny goldamak üçin ýörişler geçirilýär 


Alekseý Nawalnyý 

21-nji aprelde Russiýanyň şäherlerinde martyň ahyryndan bäri Wladimir regionyndaky koloniýada açlyk yglan eden oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyny goldamak üçin ýörişler geçirildi. Mitingler başlamazdan ozal polisiýa aktiwistleri we žurnalistleri tussag etdi we olaryň öýlerini dökdi.

Uzak Gündogarda protest ýörişler Petropawlowsk-Kamçatskide geçirilýär. Oňa 40 çemesi ýerli ýaşaýjy çykdy. Polisiýa işgärleri demonstrantlaryň ýanyna bardy, emma içeri işler ministrliginiň işgärleriniň portestçiler bilen aragatnaşygy asuda boldy we tutha-tutluk bolmandy.

Magadan şäherinde Nawalnyny goldaýan ýöriş polisiýa tarapyndan dargadyldy. Azyndan 8 adam tussag edildi.

Aksiýalar Ýužno-Sahalinskde we Habarowskde geçirildi.

Wladiwostokyň ýerli ýaşaýjylary şäheriň esasy meýdançasynda ýekelik piketlerinde durýarlar. Sibir.Realii proýektiniň habarçysy bu çärä gatnaşýanlaryň sanynyň 100 adama golaýdygyny aýtdy.

  • Nawalnyýyň tarapdarlary 31-nji martdan bäri koloniýada açlyk yglan eden syýasatçyny goldamak üçin tutuş ýurt boýunça ýörişleri geçirýärler.
  • Nawalnynyň ýanyna garaşsyz lukmanyň barmagyna rugsat berilmegini talap edýärler.
  • Mundan ozal lukmanlar syýasatçynyň saglygynyň çalt ýaramazlaşýandygyny aýdypdyrlar.
  • Russiýanyň Baş prokuraturasy we Içeri işler ministrligi köpçülikleýin bidüzgünçilikler barada jenaýat maddalarynyň ulanylmagy bilen haýbat atyp, köpçülikleýin ýygnanyşyklara gatnaşmazlyk barada duýduryş berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG