Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkiýeden getirilen bir zenan COVID-19 sebäpli ýogaldy


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda geçen hepde daşary ýurtlardan getirilen raýatlaryň biri COVID-19 hassalygy sebäpli saglyk ýagdaýynyň çylşyrymlaşmagyndan soň aradan çykdy.

Azatlyk pandemiýa sebäpli Türkiýeden Türkmenistana wagtynda dolanyp bilmedik raýatlaryň 165 sanysynyň 13-nji aprelde yzyna getirilip, soňy bilen-de Türkmenabadyň karantin zolaglaryna ýerleşdirilendigini habar beripdi. Şol pursat, Azatlygyň habarçylary getirilen raýatlaryň 50-den gowragynda ozal hem saglyk meseleleriniň bolandygyny, olaryň Türkiýä bejergi, operasiýa üçin gidendiklerini anyklamagy başarypdylar.

Türkmenabadyň Köpugurly hassahanasynda esaslandyrylan karantin zolagyna ýerleşdirilen şol raýatlaryň arasyndan bir aýal maşgalanyň 19-nji aprelde aradan çykandygy belli boldy. Azatlygyň ýerli habarçysy keselhananyň saglyk işgärleri, ol ýerde bejergi alýan hassalar bilen söhbetdeş bolup, bu pajygaly ölümiň jikme-jiklerini anyklamagy başardy. Merhumyň hossarlary bilen habarlaşmak başartmandygy sebäpli, onuň at-familiýasyny aýdyňlaşdyrmakdan saklanýarys.

13-nji aprelde ‘Türkmenhowaýollary’ gullugynyň uçary bilen getirilen raýatlaryň arasynda böwrek näsazlygyndan ejir çekýän, şol sebäpli-de mundan öň Türkiýede operasiýa geçiren bir aýal maşgala hem bardy. Şol pursat, koronawirus testleriniň netijesinde başga bäş raýatda COVID-19 ýüze çykarylsa-da, gürrüňi gidýän aýal maşgalanyň görkezijileri oňaýsyz netije beripdir.

“Köpugurla (hassahana) ýerleşdirilen ol zenan özüni gaty erbet duýup başlady. Lukmanlar munuň böwrek näsazlygy bilen baglydygyny çaklap, ony hassahananyň ‘A’ blogunda dializ guralyna çatyp, böwregini arassalap başladylar. Emma hassanyň ýagdaýy kadalaşmady we ol bir hepdä ýetmän, duşenbe güni aradan çykdy” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran çeşme 22-nji aprelde habarçymyza gürrüň berdi.

“Patanatomiýa bölüminde merhumyň içini açyp görenlerinde, onda asla öýkeniň galmandygy anyklady. Dessine täzeden koronawirus testini geçirdiler. Ikinji barlagda onuň COVID-19-a ýolugandygy mälim boldy” diýip, çeşme sözüne goşdy.

Mundan soňra, Köpugurly hassahananyň “A” bloguny, ol ýerde ozaldan bejergi alan hassalar we lukmanlar bilen birlikde dolulygyna karantine ýapdylar. Habarçymyzyň maglumatyna görä, ol ýerdäki ähli adamyň gan nusgalary alnyp, barlag üçin Aşgabada ugradylypdyr. Koronawirus netijeleri belli bolmaýança, ähli kişini karantinde saklamak barada netijä gelnipdir.

Maglumat üçin aýtsak, Türkmenabadyň Köpugurly hassahanasynyň “A” blogunda Göz keseller, Ýürek-infarkt, Newralogiýa, Taksikologiýa bölümleri ýerleşýär.

Azatlyk Radiosy hassahanadaky ýagdaýlaryň özgermegini yzarlamagy dowam etdirer.

Galyberse-de, bu daşary ýurtlardan getirilen raýatlaryň karantin zolaglarynda heläk bolmagy bilen bagly ilkinji ýagdaý däl. Mundan öň, Azatlygyň habarçylary, görnüşinden degişli medisina hemaýatynyň berilmändigi sebäpli, azyndan iki raýatyň onkologiýa hassalygy sebäpli aradan çykandygyny tassyklatmagy başarypdylar.

Ýokarky ýagdaýlar boýunça Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden, onuň Lebapdaky edaralaryndan, şeýle-de Türkmenabadyň Köpugurly hassahanasyndan resmi kommentariýa almak başartmady.

Türkmen häkimiýetleri häzirki güne çenli hem koronawirusyň ýeke ýagdaýyny-da hasaba almadylar. Emma syzyp çykýan maglumatlar soňky bir ýylda ýurtda ölüm hadysalarynyň adaty ýyllardakydan has gürelendigini, hassahanalarda ýogalanlaryň jesetleriniň plastik haltalarda, açmasyzlyk şerti bilen berilýän halatlarynyň az däldigini görkezýär.

Bu aralykda, ABŞ-nyň Döwlet departamenti Türkmenistanda COVID-19 pandemiýasy we munuň bilen bagly öňüni alyş çäreleriniň arasynda amerikan raýatlaryna bu Merkezi Aziýa ýurduna syýahat etmezlik barada duýduryş ýaýratdy. 21-nji aprelde çap bolan duýduryşda Türkmenistanda COVID-19-yň derejesiniň nämälimdigi sebäpli, ABŞ-nyň Ýokanç kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň (CDC) Türkmenistan boýunça COVID-19 bilen bagly Syýahat Saglyk Duýduryşyny yglan etmändigi hem bellenilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

XS
SM
MD
LG