Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan at we it baýramyny belledi. Serdaryň has öňe çykmagy häkimiýet çalşygynyň alamatlarymy?


Aşgabatda bir dört ýoluň çatrygynda dikilen alabaý heýkeli.
Aşgabatda bir dört ýoluň çatrygynda dikilen alabaý heýkeli.

Türkmenistan ýurt boýunça dowam edýän it görgüleriniň arasynda at we it baýramlaryny belledi. Baýramçylyk sahnalarynda prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow agdyklyk etdi.

25-nji aprelde Türkmenistanda Alabaý we Bedew baýramçylyklary resmi derejede bellenildi. Aşgabadyň Halkara atçylyk we itçilik toplumlarynda baýramçylyk çäreleri, şol sanda at çapyşyklary we it ýaryşlarynyň jemlerini yglan etmek dabaralary geçirildi. Dabaralara prezidentiň ogly, wise-premýer Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylyk etdi. Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri ýurtda häkimiýetleriň köçelerde itlere garşy alyp barýan ‘göreşiniň’ dowam edýändigini habar berýärler.

Geçen ýyllardan tapawutlylykda bu ýyl at we it baýramçylygy mynasybetli geçirilen dabaralara prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşmady. Ýatlasak, bir hepde gowrak mundan ozal, prezidentiň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow ýogaldy. Türkmen däp-dessurlaryna görä, merhumyň ýas günleri geçýänçä onuň ýakyn hossarlary toý-dabaralara gatnaşmaýar.

Bu ýyl at we it baýramlary mynasybetli geçirilen dabaralara prezidentiň özüne derek, onuň ogly Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylyk etdi. Baýramçylyk dabaralary uludan tutuldy, at çapdyryldy, tans edildi we aýdym-sazyň sesi belentden ýaňlandy.

Serdar Berdimuhamedow at çapyşyklarynyň ýeňijilerine we alabaý itleriniň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine baýrak gowşurdy, olaryň hatarynda bir alabaý it ýeňil awto ulag bilen sylaglandy. Prezidentiň ogly itiň boýnuna medal dakdy.

Serdar Berdimuhamedow fewralda wise-premýer, gözegçilik palatasynyň başlygy wezipelerine bellenildi we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy boldy. Munuň yzýany, prezident ogly Serdary käbir hökümetara düzümleriň ýolbaşçylygyna, galyberse-de, Halkara türkmen alabaýlary we türkmen bedewleri birleşmeleriniň prezidenti wezipelerine belledi.

Türkmenistanda birnäçe gün bäri Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşýan çäreleri döwlet media serişdeleriniň baş temasyna öwrülýär. Adatça, Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň habarlar gepleşigi esasan prezidentiň edýän işlerine, geçirýän ýygnaklaryna, gol çekýän kararlaryna we beýleki işlerine gönükdirilýär.

Ýöne Serdaryň birnäçe gün bäri döwlet mediasynda baş tema öwrülmegi synçylarda Türkmenistanda häkimiýet çalşygynyň geçirilýän bolmagynyň ahmaldygy barada pikirleri döredýär.

Ýekşenbe güni irden döwlet metbugaty prezident Berdimuhamedowyň baýramçylyk mynasybetli atşynaslara we itşynaslara iberen gutlag hatyny çap etdi.

Ol kakasynyň ölümi baradaky habarlardan soň, eýýäm bir hepdeden gowrak wagt bäri ekrana çykmaýar.

Türkmenistanda türkmen bedewleriniň we türkmen alabaýynyň wagzy döwlet derejesinde alnyp barylýar. Paýtagt Aşgabatda türkmen alabaýynyň ullakan heýkeli dikildi.

Ýöne döwlet derejesinde götergilenýän türkmen alabaýlary we bedewleri baýramçylyk sahnasynda şatlyk-şowhundan we aýratyn gutlaglardan paý alýan mahaly, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary we çeşmeleri şäherlerde itleriň görýän görgüleri barada habar berýärler.

Türkmen häkimiýetleri eýýäm birnäçe ýyl bäri köçelerde ykmanda itlere garşy göreş alyp barýarlar. Ýöne häkimiýetler hususan-da martdan bäri köçelerde itlere garşy göreşini güýçlendirdi.

“Köçelerde gezip ýören itleri, hatda eýeli itleri köçelerden ýok etmeli diýip aýdýarlar. Öldürilen itleriň jesetleri wagty bilen ýygnalmaýar” diýip, ýagdaýdan habarly bir çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, itlere garşy alnyp barylýan göreşe çagalar hem şaýat bolýar. Adamlar ýitirim edilen itleri barada polisiýadan haraý soramaga çekinýär, ýöne kömek soran halatlarynda hem bu netije bermeýär.

“It gözlemekden başga aladamyz ýokmy?” diýip, çeşme bir polisiýa işgäriniň it eýelerine aýdýan sözlerini sitirleýär.

Galyberse-de, Azatlygyň ýerli habarçysyna görä, ýurtda öz işine ussat weterinar ýetmezçiligi itleriň saglygyna howp abandyrýar.

“Weterinar diýilýän adamlaryň ençemesi ýarawsyz itleriň keselini köplenç anyklap bilmeýär” diýip, bir it eýesi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Köp hojalyk itleri ýaramasa, kime ýüz tutjaklaryny hem bilmeýärler” diýip, ol sözüne goşdy.

Şol bir wagtyň özünde, ençeme türkmenistanlylaryň sözlerine görä, kä halatlarda adamlar itlerini keselden halas etmek üçin adamlara berilýän dermanlardan peýdalanmaga synanyşýarlar.

“Bu bolsa kä halatlarda itleriň ölümine getirýär” diýip, bir ýerli ýaşaýjy gürrüň berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG