Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramalyda eýesiz itler uly tüpeňler bilen atylyp öldürilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde eýesiz itler köpçülikleýin atylyp öldürilýär. Bu çäre döwlet belgili ulagda şäheriň köçelerine we merkezi bazaryň töweregine aýlanýan adamlar tarapyndan amala aşyrylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Baýramalydan habar berýär.

Habarçynyň 28-nji oktýabrda irden beren maglumatlaryna görä, itleri atyp öldürmek işleri hiç hili howpsuzlyk çäreleri görülmezden, köpçüligiň içinde alnyp barylýar. Döwlet işgärleri ulagdan düşmän, itleri awtoulagyň içinden nyşana alyp atýarlar.

"Şu gün sagat 6:00-dan soň edara nomerinde, yzy çelekli "Toyota HILUX" kysymly awtoulag aýlanyp, ýabany gezip ýören itleri uly goşa tüpeňde atdylar. Ulagyň içinde biri sürüji, jemi üç adam bardy. Olar hatda awtoulagdan hem düşmän, itleri atdylar. Geçip barýan adamlar gorkdy" diýip, habarçy şaýat bolan ýagdaýyny gürrüň berdi.

Habarçy bu atyjylaryň haýsy edaradan bolandygyny anyklap bilmedi, ýöne ol awtoulagyň belgisine görä onuň döwlet edarasyna degişlidigini aýtdy.

Onuň sözüne görä, şondan soň adamlaryň käbiri olaryň bu hereketine nägilelik bildirip, "Näme edýärsiň? Sen ulagyňdan bir düşüp at. Sen bilmän bir adama degirseň näme?" diýen ýaly soraglary berdiler.

"Ulagyň içinde oturan, harby eşikli iki adam "Men ulagdan düşýänçäm, it gaçýar" diýdi. Adamlaryň biri "Sen golaýda adam barka atma. Bolşuňyz nähili? diýip aýtdy" diýip, habarçy gürrüň berdi.

Bu işgärler, habarçynyň tassyklamagyna görä, köçelerde aýlanyp ýören eýesiz itleriň her birini 2-3 gezek atdylar. Sebäbi habarçy bir gezek atylan itleriň ölmän, çyňsap ýatýandygyny belledi.

"Itleri birinji gezek atanlarynda ölmeýär, olar çyňsap, ýykylyp ýatýarlar. Hatda şu gün olar käbir itlere 3 ok atdylar. Sebäbi oklaryň biri degmedi. Harby eşikdäki işgär aljyrap, itiň gapdalyna atdy. Soňra itiň maslygyny ulagyň çelegine ýükläp, ýene ýolgyrada, jaýlaryň aralaryndaky köçelerde it ýokmyka diýip gözlege gitdiler" diýip, habarçy öldürilen itleriň nirä alnyp gidilendigini anyklap bilmändigini hem aýtdy.

Habarçy mundan ozal şäherdaki itleriň diňe prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýata etjek saparynyň öňýanynda atylyp öldürilendigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Onuň aýtmagyna görä, itleri atyp öldürýän döwlet işgärleri bu çäräniň häzirki wagtda amala aşyrylmagynyň sebäplerini "şu günler keseliň kändigi, itleriň keselçiligi ýaýradýandygy" bilen düşündirýärler. Ýöne olar anyk haýsy keseller barada gürrüň edilýändigini anyklaşdyrmazdan, diňe bir mysal bermek bilen çäklendiler.

"Itler maslyk iýýär. Şol sebäpden guduzlap bilýär. Bir çagany it ýarypdyr. Ol keselhana düşüp, göbeginiň gyrasyndan 40 ukol urdurypdyr" diýip, itleri atýanlaryň biri habarçymyza aýtdy.

Şol bir wagtda, habarçy şäheriň her köçesinde 10-12 sany it görse bolýandygyny aýdyp, olaryň adamlara degmeýändigini, hatda adamlara ürmeýändigini hem belledi.

"Käte adamlar artan çöreklerini itlere berýärler. Şol sebäpli olar köp gatly jaýlaryň golaýynda, bazarlaryň töwereginde ýaşaýarlar" diýip, ol belledi.

Mundanam başga, şäherde pişikleri öldürmek bilen bagly çäre hem indi bir aýa golaý wagt bäri dowam edýär. Habarçynyň sözüne görä, olar atylyp däl-de, zir-zibil dökülýän çelekleriň golaýyna ýa-da jaýlaryň ýerzeminlerine awuly et böleklerini zyňmak esasynda zäherlenip öldürilýär.

"Ýerzeminlerde maslygyň ysy ýaýrap başlandan soň, ýaşaýjylar Öý müdirligine jaň edip, şikaýat edýärler. Şondan soň müdirligiň işgärleri gelip, ýerzeminden 3-4 sany pişigiň maslygyny çykarýarlar" diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosynyň bu aýdylanlar barada Baýramaly şäher häkimliginden goşmaça maglumat almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Türkmenistanda köçelerde gezip ýören eýesiz itleriň we pişikleriň atylyp, zäherlenip ýa-da urlup öldürilmegi bilen bagly çäreler indi ençeme ýyl bäri dowam edýär. 2017-nji ýyldan bäri has-da güýçlendirilen bu çäreler Garaşsyzlyk ýa-da Bitaraplyk güni ýaly esasy döwlet baýramçylyklarynyň oňýanynda has giň gerimde amal edilýär.

Azatlygyň habarçysy paýtagtyň jemagat gulluklarynyň biriniň işgärine salgylanyp, 27-nji sentýabrda beren maglumatynda şäherde ýerleşdirilen "kameralaryň itleriň ýören ýerini ýazga alýandygyny we jemagat gulluklarynyň şol ýerlere zäher atýandygyny" aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu mesele barada kelam agyz söz aýtman gelýärler. Muňa derek, Türkmenistanyň häkimiýetleri alabaý itlerini we öý haýwanlaryny goramak hem-de saklamak üçin täze merkezleriň açylandygyny aýdyp, olara berilýän ünsüň artdyrylýandygyny wagtal-wagtal habar berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG