Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sürüjilerden awto ulaglaryň radiator gözeneklerini ak reňke boýatdyrmak talap edilýär


Illýustrasiýa suraty. Aşgabat
Illýustrasiýa suraty. Aşgabat

Lebap welaýatynda ýol polisiýasy sürüjilerden awto ulaglaryň korpusynyň gara reňkli böleklerini, şol sanda radiator gözeneklerini ak reňke boýatdyrmagy talap edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Türkmenistanda häkimiýetleriň gara we goýy reňkli awto ulaglary ak reňke boýatdyrmak talaplary eýýäm birnäçe ýyl bäri dowam edýär.

Häkimiýetler ulaglar boýunça reňk talaplaryny ýyl-ýyldan täze derejelere çykarýarlar. Nobatdaky talap ulaglaryň korpusynyň öň tarapynda ýerleşýän radiator gözenekleriniň ak reňke boýadylmagydyr.

Lebap welaýatynyň ýol polisiýasy ulaglaryň radiator gözenekleriniň ak reňke boýadylmagy bilen bir hatarda awto ulaglardaky ümür çyralarynyň töwereklerindäki gara reňkli bölekleriň we bamperleriň hem ak reňke boýadylmagyny talap edýär. Galyberse-de, täze talaplara görä, eger-de ulaglarda gara reňkli basgançak bar bolsa, olar hem ak reňkde bolmaly.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, sürüjiler, ýaňsy bilen, mundan beýläk hatda ak reňkli teker talaplarynyň girizilmegi barada gürrüň edýärler.

Habarçy Lebapda ulaglaryň reňki boýunça täze talaplaryň bir hepde bäri dowam edýändigini habar berdi.

Şeýle-de, ol täze düzgünleriň dilden görkezme esasynda girizilendigini habar berdi.

Sürüjileriň sözlerine görä, ýol polisiýasy köçelerde radiator gözenegi ýa-da bamperi gara reňkde bolan awto ulaglary saklaýar.

Golaýda awto ulag bilen Farapdan Türkmenabada baran bir sürüji ulagynyň kuzowyndaky gara reňkli bölekler sebäpli ýol polisiýasy tarapyndan saklanandygyny gürrüň berdi. Sürüji ýol polisiýasynyň bäş işgärine 100 manat möçberinde töleg töläpdir.

“Ýogsa-da, olar ulagyň jerime duralgasyna äkidilmelidigini aýdýarlar” diýip, sürüji gürrüň berýär.

Turkmen.news neşiri geçen dekabrda awto ulaglaryň radiator gözenekleriniň we bamperleriniň ak reňke boýadylmagy barada habar berdi. Neşir Türkmenistanda radiator gözenegi we bamperi ak reňke boýalan ulagyň suratyny çap etdi.

Neşiriň maglumatlaryna görä, bamperi we radiator gözenekleri ak reňke boýalmadyk awto ulaglar guratlyk barlagyndan geçip bilmeýär.

Türkmenistanda ak reňk prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň söýgüli reňki hasaplanýar. Ýöne Berdimuhamedowyň özi ýurduň ak reňkli awto ulag zerurlygyny yssy howa şertleri bilen düşündirýär.

Ýatlasak, 2019-njy ýylyň awgustynda Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedow Türkmenistana eden saparynda ýany bilen Russiýada öndürilýän “Aurus” kysymly awtomobilden bir nusga alyp bardy.

Berdimuhamedow bu ulaglara isleg bildirýändigini aýtdy, ýöne olaryň reňkiniň örän möhümdigini belledi.

“Bilýäris, ulagyň reňki hökman ak bolmaly” diýip, rus premýer-ministri türkmen prezidentine ýüzlendi. Şonda Berdimuhamedow ulaglarda ak reňk talabynyň sebäplerini Türkmenistanyň yssy howa şertleri bilen düşündirdi.

Turkmen.news neşiri Türkmenistanda awto ulaglardan edilýän reňk talaplary barada apreliň başlarynda beren habarynda ýakyn wagtlarda yzky tekerleriň arkasynda kuzowa berkidilen rezin "palçyk sowujylaryň", ýagny “bryzgowikleriň” hem ak reňke boýadylmagynyň talap edilmegine garaşylýandygyny habar berdi. Bu talabyň Aşgabatda güýje girmegine garaşylýardy.

Palçyk sowujylar esasan 90-njy ýyllarda öndürilen 4x4-lik ulaglarda we Russiýada öndürilen awtomobillerde bar.

Aşgabatda ol ýa-da beýleki sebäpler bilen sürüjilik şahadatnamalary ellerinden alnan sürüjiler, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiriniň 25-nji aprelde habar bermegine görä, şahadatnamalaryny yzyna gaýtaryp almak üçin hem jerime tölemeli, hem-de awto ulagy guratlyk barlagyndan geçirmeli. “Munuň üçin bolsa, ulagyň öň tarapynyň ähli gara detallarynyň ak reňke boýadylmagy talap edilýär” diýip, neşir ýazýar.

Türkmenistanyň kanunçylygynda ýurduň çäginde hereket edýän transport serişdeleriniň belli bir reňkde bolmagy talap edilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG