Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kamera surat alýar, polisiýa barlaýar. Aşgabadyň köçe-ýol hereketine gözegçiligiň aýratynlyklary


Aşgabat
Aşgabat

Aşgabadyň köçelerinde polisiýa işgärleriniň durup awtoulaglary gönüden-göni barlamagy bilen bir wagtda, ýol hereketiniň gözegçiligi döwrebap tehniki serişdeleri kameralar arkaly hem amala aşyrylýar.

Aşgabadyň ulag eýeleri köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bozan halatynda munuň surat görnüşli subutnamalaryna eýe bolýarlar. Düzgün bozmalaryň statistikasyny paýtagtyň köçelerinde ýerleşdirilen kameralar hasaba alýarlar. Aşgabatly ulag eýeleriniň sözlerine görä, düzgüni bozanlary polisiýa çagyryp, olara awtoulagyň köçede alnan suratyny gowşurýarlar we jerime salýarlar. Surat görnüşli dokumentde köçe-ýol hereketiniň bozulan ýeri we wagty barada jikme-jik maglumat görkezilýär.

Kameralar Aşgabadyň köçelerinde iki ýyla golaý wagt mundan öň oturdylypdy. Aşgabatly ulag sürüjileriň sözlerine görä, polisiýanyň surat esasynda berýän jerimelerinden ugur alynsa, kameralar esasan paýtagtyň merkezi köçelerinde ýerleşdirilýär. Hususan-da, ulaglaryň rugsat berlen tizlik düzgüniniň sagatda 10 kilometre çenli bozulmagy hasaba alynmaýar. Aşgabadyň köçelerinde rugsat berlen tizlik sagatda 40-60 kilometr bilen, uly gara ýollarda 90-110 kilometr bilen çäklendirilýär. Bu çäklendirmeleriň bozulmagy üçin minimal jerime 50 manatdan ybarat.

Aşgabatda köçe-ýol hereketine gözegçiligiň tehniki serişdeler bilen amala aşyrylýan wagtynda polisiýa işgärleri köçede durup, hususy awtoulaglary saklamagyny we jerime salmagyny dowam etdirýärler.

Şu günler Aşgabadyň polisiýasy, habarçylarymyzyň sözlerine görä, ilkinji nobatda öz hususy ulagy bilen gazanç edýänleri tutmak işi bilen başagaý bolýarlar.

Häkimiýetler paýtagtda hususy taksilere gözegçiligini aprel aýynyň başyndan bäri güýçlendirdiler.

Maý aýynyň başynda habarçylarymyz öz hususy awtoulagynda kireý edýänleri köpçülikleýin saklamak boýunça ýagdaýlaryň Daşogza baryp ýetendigini habar berdiler. Regionyň polisiýasy birinji gezek tutulan awtoulag sürüjileri 500 manat jerimä sezewar edýär, ikinji gezek jerimäniň möçberi 1000 manada ýetip bilýär.

Bu ýagdaý, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylaryň sözlerine görä, ilat arasynda transport hyzmatlaryna uly zerurlygyň döreýän wagtynda, käbir hususy taksiçileri ýol gözegçilik polisiýasy bilen ylalaşmak üçin ýol gözlemäge iterýär.

Şeýle-de, Aşgabatda ýol gözegçilik polisiýasynyň gözegçiligine we basyşlaryna aýal sürüjileriň sezewar bolmagy dowam etdirilýär. Awtoulag sürýän aýallaryň sürüjilik şahadatnamalarynyň köpçülikleýin ellerinden alynmagy fewral aýynda başlandy.

19-njy fewralda Aşgabadyň ýaşaýjysy öz sürüjilik şahadatnamasynyň polisiýa tarapyndan elinden alnan pursadyny ýazgy edip, Azatlyga ugratdy.

PÝGG aýallaryň sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden alýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:29 0:00

Türkmenistanyň paýtagtynda hususy taksilere we aýal sürüjilere görkezilýän gysyşlar bilen bir wagtda goňur we akdan başga reňkli awtoulaglaryň ulanylmagyna çäklendirmeler gowşady.

Bir ýyldan gowrak wagtdan soň maý aýynyň başynda Aşgabadyň köçelerinde dürli reňkli awtoulaglar peýda bolup başlady.

Ýatlatsak, 2017-nji ýylyň dekabr aýyndan başlap Aşgabatda ak we açyk reňkli bolmadyk awtoulaglar saklanyp başlandy we jerimä sezewar edildi, polisiýa şonda öz ýolbaşçylarynyň dilden eden tabşyrygyna salgylandy. Paýtagt ýaşaýjylarynyň ençemesi dürli reňkli awtoulaglaryny ak reňke boýamaga ýa-da ony ulanmakdan saklanmaga mejbur boldy.

Bu gadagançylyklaryň girizilmegi, şeýle-de ýatyrylmagy barada Aşgabadyň ýaşaýjylaryna resmi taýdan duýduryş we düşündiriş berilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Rus dilinde hem okaň

XS
SM
MD
LG