Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda we Aşgabatda gara ulaglara garşy çäklendirme gaýtadan güýçlendi


Türkmenabat şäheriniň polisiýa departamentiniň duralgasynda saklanýan gara reňkdäki awtoulaglar.
Türkmenabat şäheriniň polisiýa departamentiniň duralgasynda saklanýan gara reňkdäki awtoulaglar.

Lebap welaýatynda we Aşgabat şäherinde hususy eýeçilikdäki gara reňkli awtoulaglaryň garşysyna ulanylýan bikanun çäklendirme gaýtadan güýçlendi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki biri-birinden garaşsyz habarçylary habar berýärler.

“Türkmenabat şäherinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri gara reňkdäki awtomobilleri saklaýarlar. Ulagy dessine PÝGG-niň şäher bölümine alyp gidýärler. Bu eden-etdilik indi üç hepde gowrak wagt bäri dowam edýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylarynyň biri anonim şertde 30-njy maýda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, saklanan awtoulag eýelerinden öz ulaglaryny ak reňke boýatmak talap edilýär. Ýöne “ulag eýeleri polisiýa işgärlerine para beren halatynda, olar diňe duýduryş bilen gutulýarlar”.

Habarçy gara reňkdäki ulag eýeleriniň köçä çykmakdan saklanýandygyna ünsi çekip, häzirki wagt Türkmenabatda gara reňkde ýekeje-de awtoulaga duş gelip bolmaýandygyny belledi.

“Sürüjiler PÝGG-niň işgärleriniň eline düşmekden gorkýarlar. Şeýle-de, polisiýa işgärleriniň gara reňkdäki awtoulaglaryň guratlyk hatynyň möhletini uzaltmaýandygyny hem aýdýarlar” diýip, habarçy gara reňkdäki awtoulag eýeleriniň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, habarçy gürrüňiň gara reňkdäki awtoulaglar barada gidýändigini belläp, häzirlikçe şäherde garamtyl reňkdäki awtoulaglara duş gelse bolýandygyny hem nygtady.

Beýleki tarapdan, häzirki wagt gara reňkde awtoulagy bolan raýatlaryň öz ulaglaryny satmaga synanyşýandygy, ýöne olaryň bu synanyşygynyň başa barmaýandygy hem aýdylýar.

“Gara reňkde awtoulagy bolan raýatlar öz ulagyny ak reňke ýa-da garamtyl reňke boýadýança satyp bilmeýärler. Türkmenabatda orta ululykdaky sedany boýatmak üçin ulag eýelerinden 8000 manatdan 12000 manada çenli pul serişdesi talap edilýär” diýip, habarçy belledi.

Aýdylmagyna görä, polisiýa işgärleri gara ulaglaryň saklanmagy, olary agymtyl ýa-da açyk reňklere boýatmak baradaky talaplar hakda hiç hili resmi düşündiriş bermeýärler.

Ýöne polisiýa resmileri özleriniň dil üsti bilen beren düşündirişlerinde, bu çäräniň güýçlenmeginiň sebäpleriniň türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 5-nji iýunda Lebap welaýatyna etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar. Azatlyk Radiosyna bu maglumaty häzirlikçe resmi çeşmelere tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri bu çäklendirmäniň paýtagtda hem gaýtadan güýçlenendigini tassyklady.

Maý aýynyň başynda Aşgabadyň polisiýasynyň reňki ak bolmadyk awtoulaglary saklamagyny we ulag eýelerine jerime salmagyny bes edendigini, gadagançylygyň ýatyrylandygyny Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky birnäçe çeşmesi habar berdi.

Türkmenistanda gara ýa-da garamtyl reňkli awtoulaglaryň eýeleriniň köpçülikleýin jerimä sezewar edilýändigi barada ilkinji gezek 2017-nji ýylyň dekabr aýynda mälim boldy. Şonda Aşgabadyň köçelerinden gara reňkdäki awtoulaglar köpçülikleýin ýygnalyp, jerime duralgasyna alnyp baryldy.

Şu ýylyň fewral aýynda Aşgabatda häkimiýetleriň aýal sürüjileriň ulag hereketini çäklendirmek çäreleri hem ýüze çykyp başlady. Dürli bahanalar bilen aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamasynyň elinden alynýandygy, aýallaryň eýeçiligindäki ulaglaryň guratlyk hatynyň möhletiniň uzaldylmaýandygy barada habarlar peýda boldy.

30-njy maýda gizlinlik şertde maglumat beren aşgabatly habarçy aýal-gyzlaryň ulag sürmegine garşy gadagançylygyň hem öz güýjünde saklanyp galýandygyny, hatda PÝGG-niň işgärleriniň daşary ýurtlardaky türkmenistanly aýal-gyzlaryň hem sürüjilik şahadatnamasyny yzyna almaga synanyşýandygyny belledi.

“Goňşymyň gyzy durmuşa çykyp, adamsy bilen bilelikde Türkiýä işlemäge gitdi. Onuň Aşgabatda galan kakasyna PÝGG-den jaň edip, gyzynyň sürüjilik şahadatnamasyny özlerine tabşyrmagy sorapdyrlar. Goňşymyz gaharlanyp, “gyzym Stambulda, baryň, ony şol ýerden alyň. Meni öz günüme goýuň” diýipdir” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Türkmenistanyň resmi media serişdeleri gara reňkdäki awtoulaglara girizilen çäklendirmeler we zenan sürüjileriň ulag hereketine girizilen gadagançylyklar barada gürrüň gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň
XS
SM
MD
LG