Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owgan güýçleri ABŞ-yň kömegi bolmazdan, "Talybany" saklap bilermi?


Owganystanyň Milli armiýasynyň (AHA) soldatlary Kabulyň etegindäki barlag-gözegçilik geçelgesini goraýarlar. Owganystan, 2021-nji ýylyň 17-nji apreli.

ABŞ hem NATO öz güýçlerini yza çekenden soň, Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň ýagdaýyna syn

Soňky birnäçe onýyllyklaryň dowamynda uruş sebäpli heläkçilige uçran Owganystandan, ABŞ-nyň soňky galan 2500 amerikan soldatyny çykarmak karary Amerikanyň aňtaw gullugynyň ýolbaşçylaryny hem syýasy geňeşçilerini aladalandyrýar. Olar owgan goşuny özbaşdak ýagdaýda, “Talybanyň” ekstremist güýçlerini saklap bilmejekdigine ynanýarlar, sebäbi ýurtdan diňe bir Amerikanyň goşunlary çykarylmaz.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 14-nji aprelde amerikan goşunlarynyň yza çekiljekdigini yglan edeninden soň, NATO Waşingtonyň hereketine eýerjekdigini hem-de 11-nji sentýabrdan gijä galman, 7000 esgeri Owganystandan çykarjakdygyny tassyklady.

Aslynda, owgan hökümet güýçleri 2014-nji ýyldan bäri öz ýurdunda howpsuzlyk üçin jogapkärçilik çekýärler. Ýöne olar maddy-tehniki üpjünçilik meselesinde, aýratyn-da harby-howa güýçleri babatynda hem ýarag-enjamlary üpjün etmekde, ABŞ-yň harby güýçlerine we potratçylaryna örän bagly bolup geldiler.

Owganystanyň Hyratdaky ýörite güýçleri Badgis welaýatyna ugramaga taýýarlanýarlar. Owganystan, 2021-nji ýylyň 26-njy fewraly.
Owganystanyň Hyratdaky ýörite güýçleri Badgis welaýatyna ugramaga taýýarlanýarlar. Owganystan, 2021-nji ýylyň 26-njy fewraly.

«TALYBAN» HARBY ÝEŇIŞ GAZANJAKDYGYNA YNANÝAR

ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň ýakynda beren hasabatynda, ýagny abanýan howp barada Senata hödürlenýän her ýyllyk dokladda, Kabul bilen “Talybanyň” arasyndaky parahatçylyk şertnamasynyň geljeginiň "indiki ýylda örän pes boljakdygyny" duýdurdy.

«Kabul söweş meýdanynda şowsuzlyga uçramagyny we muňa kaýyllygyny dowam etdirýär, “Talyban” bolsa harby ýeňiş gazanyp biljekdigine ynanýar. Owganystanyň ýaragly güýçleri iri şäherler we beýleki hökümet berkitmeler üçin howpsuzlygy üpjün etmegi dowam etdirýär, emma olaryň hereketi goranyş missiýalary ýa-da 2020-nji ýylda ýitirilen sebitlere gözegçiligi gaýtadan dikeltmek synanyşyklary bilen çäklenýär» diýip, ABŞ-nyň razwedka gullugy duýdurýar.

Bu aralykda, ABŞ-nyň Parahatçylyk instituty tarapyndan taýýarlanan Owganystany öwrenmek toparynyň hasabatynda, "döwletiň batmagy we täze konflikt töwekgelçiliginiň aşa ýokarydygy" duýduryş berilýär.

Owganystany öwrenmek topary «Goşunlaryň yza çekilmegi Amerikany diňe bir terrorçylyk howplaryna öňküdenem beter sezewar etmekden daşary, bu Owganystan we sebit üçin agyr heläkçilik getirer, ol esasy oýunçylaryň hiç biriniň bähbidine bolmaz» diýen karara gelýär.

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani Baýdeniň goşuny yza çekýändigi baradaky habaryna hiç hili närazylyk görkezmedi. Ol Twitter’de "Owganystanyň buýsançly howpsuzlyk we goranmak güýçleri şu wagta çenli bolşy ýaly, öz halkyny hem ýurduny goramaga doly ukyply" diýip ýazdy.

Baýden Waşingtonyň Owganystanyň ABŞ-a ýa-da onuň bähbitlerine garşy terrorçylykly hüjüm merkezine öwrülmeginiň öňüni almak üçin, uzak aralykdan terrorçylyga garşy tagallalary goldamagyny dowam etdirmekçi.

Baýden Owgan hökümetiniň hatarynda 300 müňden gowrak howpsuzlyk işgäriniň bardygyny we olaryň köpüsiniň soňky iki onýyllykda ABŞ we NATO harby güýçlerinden tälim alandygyny hem belleýär.

ABŞ-daky Owganystany dikeltmek boýunça ýörite baş inspektorynyň (SIGAR) maglumatyna görä, Owganystanyň Goranmak ministrliginiň 187 müň töweregi goşuny hem-de Içeri işler ministrliginiň garamagynda 118 müň töweregi meýdan polisiýa harbylary bar.

Owganystanyň öňki prezidenti Hamid Karzaý (çepden ikinji) 2021-nji ýylyň 18-nji martynda Moskwada geçýän halkara parahatçylyk konferensiýasyna gatnaşyjy “Talyban” delegasiýasynyň gelşine syn edýär.
Owganystanyň öňki prezidenti Hamid Karzaý (çepden ikinji) 2021-nji ýylyň 18-nji martynda Moskwada geçýän halkara parahatçylyk konferensiýasyna gatnaşyjy “Talyban” delegasiýasynyň gelşine syn edýär.

Hökümet güýçleriniň söweş kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin, ABŞ ençeme ýyl bäri Owganystany harby enjamlar bilen üpjün edip gelýär.

Owganystanyň Goranmak ministriniň orunbasary Şah Mahmud Miahil 2020-nji ýylyň ahyryna çenli owgan hökümetiň Waşingtondan jemi 1383 Humvees awtoulagyny, 55 sany Mobile Strike Force ulagyny, 10 sany “Black Hawk” kysymly dikuçary we ýakyn töwerekdäki söweşlere niýetlenen, dört sany A-29 howa goldaw uçaryny alandygyny aýtdy.

— Owganystanyň howpsuzlyk güýçlerine goldaw bermek ýurduň uzak möhletli durnuklylygy we howpsuzlygy üçin iňňän möhümdir – diýip, ABŞ-nyň Owganystandaky geçiş howpsuzlyk güýçleriniň Birleşen ýolbaşçysy, ABŞ-nyň general-leýtenanty Jon Didrik aýtdy.

GOWULYK DIŇE KAGYZ ÝÜZÜNDE

Howpsuzlyk meseleleri boýunça analitik, Owganystanyň demirgazygyndaky ABŞ-nyň ýörite harby güýçleriniň öňki geňeşçisi Ted Kallahan: "Kagyz ýüzünde bar bolan hem-de hakykatda bolup geçýän zatlar köplenç başgaçarak" diýýär.

— Möhüm zat, öňe çykýan goşuna köp zat elýeterli. Haçan-da, owgan howpsuzlyk güýçleri bir zat hakda ýazsa, adatça örän oňyn zatlary aýdýarlar. Göräýmäge hemme zat gowy görünýär. Bu geçýärem. Bar zat bolmaly ýerinde. Soňra gidip barlasaň, ol ýerde hiç zat ýok. Boşluk. Ol döwlen. Ol diýilýäni bölek-bölek edilen – diýip, Kallahan Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, hakykat şeýle; “bu gurallaryň ählisi belli bir wagtda [gerek ýerine] gowşurylyp bilnerdi, ýöne indi nirede?” “Gurallaryň häzirki ýagdaýy nähili? Ony nädip dolandyrmalydygyny kim bilýär? Ýygşyrylyp goýlan ammaryň açary kimde? Onuň beýleki tarapa, hatda 'Talybana" satylan bolmagy mümkin, kim satypdyr?”

Prezident Afşar Gani parlamentiň täze kanun çykaryjylarynyň ilkinji sessiýasynyň açylyş dabarasynda çykyş edýär. Owganystan, 2021-nji ýylyň 6-njy marty.
Prezident Afşar Gani parlamentiň täze kanun çykaryjylarynyň ilkinji sessiýasynyň açylyş dabarasynda çykyş edýär. Owganystan, 2021-nji ýylyň 6-njy marty.

Kallahanyň aýtmagyna görä, Owganystanyň söweşiji güýçleriniň gerimi geljekde “Talyban” hüjümleriniň öňüni alyp bilmeli, ýöne tejribe olaryň muňa hötde gelip bilmejekdigini görkezýär. Kallahan her niçigem bolsa, owgan güýçleriniň "söweş ukybynyň" awiasiýa, ot atyjy ýaraglar we ýeňil ýaraglar, artilleriýa we adam güýji boýunça "Talybandan" köpdügini aýdýar.

Şeýle-de bolsa, “Taryh bize [hökümet güýçlerinde] “Talybanda” bolan erk-islegiň, ygrarlylygyň we tertip-düzgüniň ýokdugyny görkezdi. Bular maddy faktorlar bolmasa-da, "Talybana" owgan howpsuzlyk güýçlerinden artykmaçlyk berýär" diýip, ol aýdýar.

Harby güýçleriň sanynyň azalmagy hem ýiti mesele bolup durýar. SIGAR-yň soňky çärýekler baradaky hasabatynda, Goranmak ministrliginde aýlyk hakynyň ýokarlanmagyna garamazdan, harby gullukçylaryň işden gitmegi aýda takmynan iki göterim, bu "adaty dereje" hasaplanýar.

Alada döredýän zat, ABŞ-nyň yza çekilmegi bilen ýüze çykýan ruhy çökgünlik. Şonuň bilen birlikde owgan goşunlaryna tölenmeli aýlyk haklarynda kynçylyklar emele gelse, goşunyň hasam azalmagyna sebäp bolar.

Owgan hökümetiniň ozalky geňeşçisi Torek Farhadi goşunlaryň aýlyk we üpjünçilik meselesinde, Kabul ABŞ-nyň maliýe goldawyna doly bagly bolandygyny aýdýar.

— Birleşen Ştatlar az möçberde bolsa-da, owgan howpsuzlyk güýçlerine [maddy taýdan] goldaw bermegini dowam etdirdi, ýöne bu belli bir wagt aralygynda boldy. Hususan-da, Owganystanyň Harby-howa güýçleri olaryň goldawyna has bagly bolup durýar, aýratynam uçarlara tehniki gözegçilik meselesinde. ABŞ-yň şeýle goldawy geljekde hem zerur bolar – diýip, Farhadi Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Owganystanyň Milli armiýasynyň “Ýerli güýçleri” diýlip atlandyrylýan hemişelik goşuny, 2019-njy ýylyň 17-nji noýabry.
Owganystanyň Milli armiýasynyň “Ýerli güýçleri” diýlip atlandyrylýan hemişelik goşuny, 2019-njy ýylyň 17-nji noýabry.

DURNUKLYLYK HEM HEREKET KYNÇYLYKLARY

Kallahanyň pikirine görä, Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň iň gowşak tarapy "Talyban" bilen Kabul arasynda parahatçylyk ylalaşygy gazanylýança, olar özlerini goldamaga ukypsyz bolýarlar.

«Owganystanyň uçarlar ammarynda gaty az sanly uçar bar, üstesine olaryň [gowy iş tertibinde] saklanyş ukyby ýok diýen ýaly, aýratynam ABŞ sowet önümi bolan Mi-17 dikuçarlaryň ornuny tutmak üçin “Black Hawk” dikuçarlaryny üpjün edensoň, ýagdaý şeýle» diýip, bilermen aýdýar.

«Aslynda ABŞ dikuçar üçin tehniki hyzmat, okuw we beýleki ähli ugurlar boýunça ýardam bermegini ýatyrsa, Owganystanyň uçarlarynyň ählisi uçmagyny bes eder. Ol ýerde gaty uly problemalar bar» diýip, Kallahan belleýär.

Material-tehniki üpjünçiligiň ýaramaz bolmagy hem-de korrupsiýa örän möhüm bolan enjamlary gerekli ýerine aşyrmaga mümkinçilik bermeýär diýip, ol sözüne goşdy.

Kallahan sözüniň üstüni ýetirip, ýene şeýle diýdi: “Ilki bilen söweş ukybyndaky gowşak taraplar ýüze çykar. Emma owgan güýçleri üçin iň agyr mesele ol ýere ok-ýaragy aşyrmak, adamlary şol ýere ýetirmek bolar».

Kabuldaky harby bazada A-29 Super Tucano kysymly uçaryň Resolute Support (RS) tarapyndan, Owganystan Milli armiýasyna gowşurylýan wagty. 2020-nji ýylyň 17-nji sentýabry.
Kabuldaky harby bazada A-29 Super Tucano kysymly uçaryň Resolute Support (RS) tarapyndan, Owganystan Milli armiýasyna gowşurylýan wagty. 2020-nji ýylyň 17-nji sentýabry.

HEREKETI UTGAŞDYRMAK MESELESINDE KYNÇYLYK

Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň arasynda hereketi taktiki utgaşdyrmak aýratyn kynçylyk döredýär.

Soňky bir ýylda Içeri işler ministrliginiň hataryndaky harby polisiýanyň sany 118 müňe ýetdi. Maksatnamanyň çäginde ýerli owgan polisiýa bölümleri ministrligiň ýolbaşçylygy astyna geçirilip dargadyldy. Goranmak ministrliginiň güýçlerine bolsa Owganystanyň ýörite maksatly güýçleri, territorial owgan milli goşuny hem-de owgan harby-howa güýçleri girýär.

Owganystanyň Harby-howa güýçleri häzirki wagtda ABŞ-nyň howa aragatnaşyk platformalaryna we ABŞ-nyň howa hereketini dolandyryjylaryna daýanmak bilen "Talybana" garşy söweşýän owgan gury ýer güýçlerine ýakyn howa goldawyny utgaşdyrýar.

Munuň özi soňky ABŞ we NATO harby güýçleriniň yza çekilmegi bilen gury ýer we howa güýçleriniň geljekde utgaşdyrylmagy baradaky aladalary döretdi.

Owgan güýçleriniň aýry-aýry bölümleriniň takyk goşun sany Kabul hökümeti tarapyndan gizlin saklanýar. Şeýle-de bolsa, Owganystanyň saýlama ýörite güýçleri takmynan 20-30 müň esgerden ybaratdygy çaklanýar, olar ýörite missiýaly aýratyn güýçleriň Baş komandowaniýesiniň ganaty bolup, beýleki bölümleriň bir bölegi hasaplanýar.

«Ýörite maksatly birnäçe harby bölümler bar, olara ýolbaşçylyk edilişi, gözegçiligi hem dolandyryş gurluşlary dürli. Olaryň ählisi [Goranmak] ministrliginiň ygtyýarynda däl. Olardan käbirleri [Içeri işler ministrligine] tabyn. Iň uly birikme aýratyn maksatly güýçler bölümi. Bu bölüm diňe bir söweşe taýyn güýçli topar bolman, eýsem “Talyban” tarapyndan basylyp alnan ýerleri, şäher ýa-da oba ýerlerini yzyna almak meselesinde iň köp talap edilýän harbylar. Olar häli-şindi ulanylýar» diýip, Kallahan düşündirýär.

Kallahan aýratyn maksatly ýörite güýçleriň "[bir ýerde] saklanýan bölüm ýa-da ýeňil pyýada goşun" bolmaly däldigini aýdýar. “Olar birnäçe hepdeläp yzygiderli meýdan şertinde ýa-da gorag-gözegçilik nokatlaryny garawullap durmaly däldir. Şeýle-de bolsa, olar köplenç şeýle maksatlar üçin ulanylýar".

Aslynda, SIGAR bir ýyldan gowrak wagt bäri Owganystanyň ýörite güýçleriniň “Talybanyň” Kabula we welaýat merkezlerine girmeginiň öňüni almak üçin, esasan, goranyş pozisiýalary bilen çäklendirilendigini belleýär.

Şol wagtyň özünde, "Talyban" söweşijileri gözegçilik edýän ýerlerini – daşy gabalan obalary, gorag-gözegçilik nokatlaryny ele geçirip, öz çägini giňeldýärler, käbir halatlarda "Talybana" welaýat merkezlerini gabamaga-da mümkinçilik döreýär.

Owganystanyň sebit güýçleri ýörite maksatly goşundan has uly. Territorial-sebit güýçleri az gan dökülýän howpsuzlyk zolaklaryň parahatçylygyny üpjün etmegi hem umumy maksatly goşunyň borçlaryny öz üstüne alýar.

«Meseläniň kyn tarapy, adaty şertde Owganystanyň milli goşunynyň uly garnizonlarda saklanmak meýlidir. Olaryň goranmak maksatlary bar, şoňa görä-de, esasy meýilleri goranmakda. Munuň özi bolsa giň çäkde “Talybana” garşy hüjümiň amala aşyrylmazlygyna getirýär» diýip, Kallahan aýdýar.

«Eger serkerdeler Gunduz ýaly bir şähere girip, ony “Talybandan” arassalasa, goşunyň dynç almagy, täzeden esger sanynyň doldurylmagy hem täzeden ýaraglanmagy, soňra başga bir söweşe gitmegi üçin, kimdir birleriniň gelip, olary çalyşmagy zerur... Düzgün boýunça olar yzyna gaýtarylyp alnan Gunduz şäherinden hiç ýere çykman, "Talybanyň" yzyna gaýdyp gelmezligi, şäheri gaýtadan basyp almazlygy üçin, gözegçilik nokatlaryny saklaýarlar, şäheriň töwereklerinde kiçi çäkdäki operasiýalary geçirip, birnäçe hepdeläp şol ýerde bolýarlar... Munuň özi aslynda howpsuzlyk güýçleriniň hemme zady etmeli bölüminiň hakykat ýüzünde hereketsiz galmagyny, netijesiz saklanmagyny emele getirýär. Muny biz tas 10 ýyl bäri görüp gelýäris.

Bu ýagdaý örän güýçli tozgunçylyga eltip biler hem olaryň mümkinçiligini pese gaçyrar» diýip, Kallahan aýdýar.

Makala taýýarlananda Azatlyk Radiosynyň Owgan redaksiýasynyň işgäri Mustafa Sarwar gatnaşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG