Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pragada müňlerçe adam Çehiýanyň prezidenti Zemana garşy ýörişe çykdy


Protestçiler
Protestçiler

Müňlerçe çeh Pragada prezident Milos Zemana garşy ýygnanyşyp, onuň wezipesinden boşadylmagyna we, garşydaşlarynyň aýtmaklaryna görä, Russiýa tarapdar garaýyşlary üçin ýazgarylmagyna çagyrdy.

29-njy aprelde Wenslas meýdanynda bolan ýygnanyşyk Çeh hökümetiniň Russiýanyň döwlet harby aňtaw gullugyny 2014-nji ýylda ok-ýarag ammarynda bolan ganly partlamanyň arkasynda durmakda aýyplandan soň guraldy.

Bu aýyplama bilen baglylykda hökümet içaly hasaplanýan rus diplomatlarynyň ýurtdan çykarylandygyny yglan etdi we iki tarapdan görlen jogap çäreleri Praga bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklary erbet bir ýagdaýa getirdi.

Prezident Zeman 25-nji aprelde telewideniýede berlen ýüzlenmesinde 2014-nji ýylda Çehiýanyň gündogaryndaky Wrbetise şäheriniň golaýynda ýerleşýän ok-ýarag ammarynyň partlamagyna nämäniň sebäp bolandygy barada iki teoriýa bar diýmek bilen, hökümete garşy çykýan ýaly göründi.

Ol bir tarapdan, ganly partlamada rus aňtaw gullugynyň eliniň bardygyny aýtsa, ikinji tarapdan, partlamanyň ok-däriniň nädogry ulanylmagy sebäpli ýüze çykan bolmagy ahmal diýen pikiri öňe sürdi.

Zeman "Russiýanyň dezinformasiýa sahypalaryndaky we rus propagandasyndaky ýaly ertekileri” ýaýradýar diýip, Demokratiýa üçin bir million pursat toparynyň başlygy Benýamin Roll aýtdy.

Polisiýanyň hasaplamalaryna görä, onuň gurnan demonstrasiýasyna 10,000 töweregi adam gatnaşdy.

Demonstrantlar Senatdan Zeman garşy dönüklik aýyplamalaryny talap edýärler.

XS
SM
MD
LG