Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Tiz kömekde" tizlik azalýar. Näsaglar ölmelimi?


Sebitlerde "Tiz kömegi" ätiýaçlyk şaýlarynyň ýetmezligi bökdese, paýtagtda çäreler, dabarlar ýa-da dowamly gurluşyk, bejeriş işleri sebäpli baglanan ýollar hem gijä goýup bilýär.
Sebitlerde "Tiz kömegi" ätiýaçlyk şaýlarynyň ýetmezligi bökdese, paýtagtda çäreler, dabarlar ýa-da dowamly gurluşyk, bejeriş işleri sebäpli baglanan ýollar hem gijä goýup bilýär.

"Hassahana barsaň, barlaglar üçin pul tölejekmi ýa dermana pul tapjak, ikarada janserek bolýarsyň. Üstesine, hassahana ýeri üçin hem pul tölemeli, saglyk ätiýaçlandyrmasy işlemeýär" diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy öz hassahana kösençligini gürrüň berdi.

Saglyk hyzmatlarynyň tasdan doly tölegli ýagdaýa geçmegi, näsaglaryň dermansyz hassahanalarada bejergi almakdan barha kän ýüz öwürmegi netijesinde, Türkmenistanyň gaýragoýulmasyz tiz kömek gullugy pandemiýa döwründe juda agyr şertlerde işleýär, onuň işi hususan-da Lebapda kyn diýip, Azatlygyň ýerli habarçylary habar berýär.

28-nji aprelde Orsýetde we beýleki GDA ýurtlarynda bellenilýän "Tiz kömek" gününde radio bilen söhbetdeş bolan lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, döwlet bu gullugy zerur bolan dermanlar bilen doly derejede üpjün edip bilmeýär we, çakylyk kän bolansoň, gaýragoýulmasyz tiz kömek 40 minut aralygynda, käte bolsa has giç gelýär.

Türkmen mediasy ýurtda gurulýan saglyk desgalary, şol sanda paýtagtda 2014-nji ýylyň tomsunda ulanylmaga berlen "Tiz kömek" merkezi, döwletiň satyn alýan "tiz kömek" awtoulaglary we dikuçarlary barada gaýta-gaýta habar berýär, emma sebitlerdäki agyr ýagdaýlary agzamaýar.

"Welaýatlardaky tiz kömek gullugyna hiç hili kömek ýok; lukmanlar öz hasaplaryna, aýlyklaryndan iş eşiklerini satyn almaly bolsa, sürüjiler öz hasabyna ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almaly bolýar" diýip, Azatlygyň iki habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen lukmanlar, "Tiz kömek" awtoulaglarynyň sürüjileri gürrüň berdiler.

Olaryň sözlerine görä, soňky döwürde "tiz kömek" çagyrýan näsag ençeme esse köpeldi, sebäbi dermanlar gymmatlady, köp adamyň derman satyn almaga puly ýok.

Şeýle-de, näsaglar hassahana barsa, dürli barlaglardan geçmeli we soňra lukmanlaryň ýazan dermanlaryny özleri tapmaly bolýar.

"Hassahana barsaň, barlaglar üçin pul tölejekmi ýa dermana pul tapjak, ikarada janserek bolýarsyň. Üstesine, hassahana ýeri üçin hem pul tölemeli, saglyk ätiýaçlandyrmasy işlemeýär" diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy öz hassahana kösençligini gürrüň berdi.

Hassahana baryp, bir topar tölege galsaňam, ol ýerde "tiz kömek" lukmanlarynyň öýe gelip edýän sanjymyndan başga bejergi ýok, oňa derek lukmanyň diýen dermanlaryny alyp, öýde ýatanyň gowy diýip, bu ýagdaýy ikinji näsag hem tassyk etdi.

Bu mümkinçilik köp näsagy häzirlikçe mugt saglyk hyzmaty bolup galýan "Tiz kömege" ýüz tutup, sanjym etdirip, öýünde mydar etjek bomaga itekleýär diýip, lukmanlar aýdýar.

Ýöne munuň üçin doly üpjünçilikde işleýän "tiz kömek" merkezleri gerek, emma biziň "Tiz kömek" awtoulaglarymyz köne, ýollar bolsa erbet, onsoň olaryň hassalaryň öýlerine ýetmän, ýolda galýan wagty hem seýrek bolmaýar diýip, ýerli lukman pandemiýa döwründe öz geýjek gorag eşiklerini hem, bir gezeklik maskalary hem öz pullaryna almaly bolýandyklary gürrüň berdi.

Farap, Dänew, Darganata etraplarynda bolsa, ätiýaçlyk şaýlary, çalşar ýaly tekerleri bolmansoň, ilata hyzmat etmeli "Tiz kömek" awtoulaglary köplenç garažlarda kepderilere we beýleki guşlara ketek bolup hyzmat edýär.

"Döwlet bu etraplarda döwlen "Tiz kömek" ulaglaryna bir köpük hem bermeýär, Saparmyrat Nyýazow döwründe her daýhan birleşigi üçin bir "Tiz kömek" awtoulagy saklanardy, indi 10 daýhan birleşigi üçin 1 "Tiz kömek" nobatçylyk çekýär, 03-e telefon etseň, hemişe 'bagyşlaň, "Tiz kömek" çakylyga gitdi, garaşmaň" diýip, operator jogap berýär. Adamlar ölmelimi? Aşgabatda "Tiz kömek" dikuçaryny almaga pul bar-da, bärik bir awtoulaga serişde ýokmuka?" diýip, ýerli ýaşaýjy radio bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Şeýle-de, radio bilen söhbetdeş bolan lukmanlaryň biri "tiz kömek" meselesiniň paýtagtda biraz başgaça 'çözülýändigini' gürrüň berdi.

"Bir aýlap Aşgabatda iş saparynda boldum. Ol ýerdäki "Tiz kömek" gullugynyň şertleri kän gowy. Çakylyga gidýän lukmanlaryň sumkalarynda ilkinji kömek üçin zerur bolan dermanlar bar, olar ýörite goragly saglyk eşikleri bilen döwlet tarapyndan üpjün edilýär, üstesinde Aşgabatdaky "Tiz kömek" awtoulaglarynyň ählisi diýen ýaly täze we gurat, o taýda diňe höwes bilen işläýmek galýar" diýip, lebaply lukman aýtdy.

Emma muňa garamazdan, Aşgabatda hem saglyk hyzmatlarynyň öwerlik däldigi, şertleriň agyrlaşýandygy habar berilýär.

Türkmen resmileri, şol sanda saglyk emeldarlary Azatlygyň habarçylarynyň soraglaryna düşündiriş bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG