Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen we gazak baş diplomatlary Tokaýewiň Türkmenistana saparyny maslahatlaşdylar


Gazagystanyň prezidentiniň Türkmenistana etjek saparynyň anyk senesi aýdyňlaşdyrylmaýar.
Gazagystanyň prezidentiniň Türkmenistana etjek saparynyň anyk senesi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow özüniň gazak kärdeşi Muhtar Tleuberdi bilen telefon söhbetdeşligini geçirip, beýleki meseleler bilen birlikde, gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň şu ýylyň dowamynda Türkmenistana etjek sapary bilen baglylykda görülýän taýýarlyklary hem maslahat etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi maglumat berýär.

Gazagystanyň Daşary işler ministrligi telefon söhbetdeşliginiň türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda amal edilendigini belleýär.

3-nji maýdaky söhbetdeşligiň dowamynda Tokaýewiň saparynyň öňüsyrasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklar babatynda hem pikir alyşylypdyr.

Taraplar şu ýyl Türkmenistanda VI Hazar Sammitiniň geçirilmegi bilen bagly meselelere hem seredip geçdiler diýip, türkmen DIM-niň beýanatynda aýdylýar.

Gazagystanyň prezidentiniň Türkmenistana etjek saparynyň anyk senesi aýdyňlaşdyrylmaýar.

XS
SM
MD
LG