Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda çeh kompozitory Antonin Dworžagyň 180 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi


Çeh kompozitory Antonin Dworžagyň dünýä inmeginiň 180 ýyllygyna bagyşlanan konsert Aşgabatda geçirildi, 2021-nji ýylyň 28-nji apreli.
Çeh kompozitory Antonin Dworžagyň dünýä inmeginiň 180 ýyllygyna bagyşlanan konsert Aşgabatda geçirildi, 2021-nji ýylyň 28-nji apreli.

Türkmenistanyň paýtagtynyň medeni durmuşynda ýene bir waka çehiýaly klassyk Antonin Dworžagyň 180 ýyllygyna bagyşlanan konsert boldy. Azatlygyň habarçysy Aşgabatda geçirilen konserte gatnaşdy.

Konsertiň öňüsyrasynda Dworžagyň döredijiligi barada leksiýa iki dilde boldy we ol türkmen dilinde Agajan Açylow tarapyndan terjime edildi. Konsertiň dowamynda Dworžágyň we onuň töwereginde bolan adamlaryň suratlary monitorda görkezildi.

Bahar Durdyýewa
Bahar Durdyýewa

Azatlygyň habarçysy "Tomaşaçylar diňe bir kompozitoryň meşhur eserlerini däl, eýsem giň halk köpçüligine mälim bolmadyk eserleri-de eşitdiler. Bu aýdym-saz açyşlary täzelik boldy" diýip gürrüň berdi.

28-nji aprelde Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly konsert zalyndaky konsertde birnäçe ussat Wladimir Mkrutumowyň (fortepýano), Maýa Gullyýewanyň (mezzo-soprano), Bahar Durdyýewanyň (soprano) we Tahyr Ataýewiň (alt) çykyşlary boldy.

Maýa Gullyýewa
Maýa Gullyýewa

Konsert hem ýaşlar, hem-de tanymal, milli we halkara baýraklara eve bolan Jemal Agajanowa (gyjak), Aýbölek Mukyýewa (gyjak), Bahram Dolliýew (gyjak) we beýlekiler gatnaşdy. Tomaşaçylar Begenç Moşyýewiň (tenor) we Emir Baýramgeldiýewiň (fleýta) çykyşlaryna ýokary baha berdiler.

Konsertiň jemleýji böleginde fortepýano we gyjakly çykyş boldy.

Azatlygyň habarçysynyň habar berşi ýaly, çeh kompozitory Antonin Dworžagyň 180 ýyllygyna bagyşlanan konsertiň öňüsyrasynda, Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Döwlet simfoniki orkestriniň aýdym-saz möwsüminiň açylmagy möhüm waka boldy. Konsert Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrutumowyň 50 ýyllygyna bagyşlandy. 21-22-nji aprelde bolan konserte sazandanyň özi hem gatnaşdy.

"Back to the 80' s party" atly retro konsertiň öňünde
"Back to the 80' s party" atly retro konsertiň öňünde

Ýene bir konsert Aşgabadyň "Türkmenistan" zalynda geçirildi.

Habarçynyň sözlerine görä, Tahyr Ataýewiň sazly orkestriniň 80-nji ýyllaryň meşhur aýdym-sazlarynyň retro konsertiniň geçen ýeri hemmäni ýerleşdirip bilmedi. Konsertiň guramaçylygy örän döredijilikli üpjün edildi. Biletler ses ýazgy kassetalaryň görnüşinde çap edildi, girelgeleriň bezegleri, sazandalaryň eşigi retro döwrüni ýada saldy. Sazandalaryň köpüsi sazy dik durup ýerine ýetirdi.

"Çal saçly erkekleriň, aýal-gyzlarynyň, öz çagalary we agtyklary bilen bilelikde gelen ulularyň ýaş wagtyndaky ýaly saza goşulyp, gygyryp, aýdym aýdýandyklaryny görmek we eşitmek diýseň täsir galdyrdy. Tahyr Ataýewiň Back to the 80' s party" atly retro aýdym-sazy hemmäni bütewi emosional hyjuwda birleşdirdi" diýip, Azatlygyň habarçysy öz täsirlerini suratlandyrdy.

Türkmenistanda teatr we konsert möwsümi koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda geçen tomus girizilen çäklendirmeleriň aprel aýynyň başynda aradan aýrylmagyndan soň açyldy.

1-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň at gazanan sungat wekili Aleksandr Anatolýewiç Starikowyň hatyrasyna konsert geçirildi. Sazanda 18-nji fewralda Gazanda biwagt aradan çykdy. Konsert Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly konsert zalynda geçirildi. Ussadyň okuwçylaryndan biri, Türkmenistanyň görnükli artisti Wladimir Mkrutumow konsert çykyşyny öz mugallymyna bagyşlady. Konsert maksatnamasynda Iogan Sebastian Bahyň we Sergeý Prokofýewiň eserleri ýerine ýetirildi.

Aşgabadaky habarçylaryň habar berşi ýaly, sekiz aýlyk arakesmeden soň başlanan täze teatr möwsümi hem gyzgalaňly geçýär. Paýtagt teatrlarynyň köp sanly spektakllaryna biletler öňünden satylyp gutarýar. Dowam edýän global koronawirus pandemiýasynyň dowamynda bu keseliň öz çäginde ýokdugyny aýdýan Türkmenistanyň häkimiýetleri öňüni alyş çäreleri we dezinfeksiýany geçirýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG