Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda täze teatr möwsümi açyldy. Gorag hökmünde maska we üzärlik ulanylýar


Aşgabat. Üzärlik tütetmek çäresi Türkmenistanda koronawirusa garşy iň meşhur serişdeleriniň biri bolmagynda galýar.

Aşgabatda täze teatr möwsümi açyldy. Paýtagtyň Puşkin adyndaky drama teatrynyň spektakllaryna biletler öňünden satylyp gutardy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy türkm paýtagtyndaky medeni wakalar we täze teatr möwsüminiň aýratynlyklary barada Aşgabatdan habar berýär.

Türkmenistanyň täze teatr möwsümi dowam edýän global koronawirus pandemiýasyna mahsus öňüni alyş çäreler, ýagny sosial aralygy saklamak we dezinfeksiýa düzgünleri bilen tapawutlandy. Ýogsa, ýurt öz çäginde keseliň bardygyny inkär edýär.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet teatry, Aşgabat, 2021-nji ýylyň aprel aýy
A.S.Puşkin adyndaky döwlet teatry, Aşgabat, 2021-nji ýylyň aprel aýy

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, spektakllary görmäge isleg uly bolup, biletler öňünden satylyp, gutarypdyr.

Sekiz aýlyk arakesmeden soň işini dowam etdiren paýtagtyň teatrlarynda dezinfeksiýa we sosial aralygy saklamak düzgüni berjaý edilip, tomaşaçylar biri-birinden iki oturgyç aralyk daşda oturdylypdyr, maskalar talap edilipdir, tomaşaçylar ellerini dezinfeksiýa etmeli bolupdyr, şeýle-de töwerek-daşda üzärlik tütedilipdir.

16-njy aprelde Azatlygyň habarçysy Puşkin teatrynda görkezilen F. Weberiň “Täsin adamlar” pýesasynyň premýerasyna tomaşa etdi.

Onuň sözlerine görä, tomaşaçylar artistleri uly joşgun bilen garşy aldylar, şeýle-de teatryň ähli işgärleri tomaşaçylaryň mähirli garşylamagyna we minnetdarlygyna eýe boldular.

"Tomaşaçylar gülki we alkyşlar bilen reaksiýa görkezdi, esasanam çagalaryň gülküsi aýratyn begendirdi" -diýip habarçymyz özünde galan täsirleri häsiýetlendirdi.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet teatrynyň spektakly, Aşgabat, 2021-nji ýylyň aprel aýy
A.S.Puşkin adyndaky döwlet teatrynyň spektakly, Aşgabat, 2021-nji ýylyň aprel aýy

Habarçy ýakyn wagtda häzirki binany ýykmak we teatry Aşgabat şäheriniň etegine Büzmeýine göçürmek baradaky planlaryň mälim edilmeginiň teatr işgärleriniň keýpiniň bozandygyny aýdýar.

"Köpler sungata bolan söýgüsine garamazdan, Büzmeýine agşamky sahnalary görmek üçin barmajagyny çak edip, howatyrlanýarlar" -diýip habarçymyz belleýär.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet teatry, Aşgabat, 2021-nji ýylyň aprel aýy
A.S.Puşkin adyndaky döwlet teatry, Aşgabat, 2021-nji ýylyň aprel aýy

Häzirki wagtda Puşkin adyndaky teatr binasy Magtymguly şaýolundaky ýüpek egriji zawodyň medeni öýüniň öňki binasynda ýerleşýär we kiçijik zalda spektakllar görkezilýär. 2004-nji ýylyň fewral aýynda teatr 50 ýyla golaý wagtlap işlän öňki binasyndan çykaryldy. Häkimiýetler "adatdan daşary ýagdaý sebäpli" binanyň ýykylýandygyny öňe sürdi. Öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň buýrugy bilen teatr üçin Aşgabadyň ýüpek egriji zawodynyň medeniýet köşgüniň häzirki jaýy bölünip berildi.

Azatlyk Radiosy Puşkin adyndaky drama teatrynyň wekillerinden teatryň göçürilmegine degişli planlar barada resmi maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanda teatr möwsümi koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeleri ýeňilleşdirmegiň çäginde aprel aýynyň başynda açyldy.

Teatrlar iýul aýynyň ahyrynda söwda merkezleriniň, bazarlaryň, seýilgähleriň we hyzmat pudagyna degişli kärhanalaryň ýapylmagy bilen bir wagtda işini togtadypdy. Şonda häkimiýetler görülýän çäreleriň sebäbini ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak bilen düşündiripdi, emma koronawirusy agzamandy.

Bu aralykda, aprel aýynyň başynda ýurtda hereket etmek düzgünleri ýeňilleşdirilip, söwda, hyzmat we medeni edaralaryň işine degişli çäklendirmeler ýatyrylyp başlandy, bir ýyllyk arakesmeden soň sebitleriň arasyndaky ulag aragatnaşygy bölekleýin dikeldildi, metjitler we teatrlar açyldy. Türkmenistanyň ýolbaşçylary COVID-19 keseliniň ýokaşmagy bilen bagly hadysalaryň bardygyny henizem resmi taýdan ykrar etmedi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG