Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy wezipesine kanadaly diplomat Jon MakGregor bellendi


Jon MakGregor
Jon MakGregor

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezine 2016-njy ýyldan bäri asly belarusly diplomat Natalýa Drozd ýolbaşçylyk edýärdi, ol 4-nji maýda özüniň bu ýurtdaky missiýasyny tamamlady.

Kanadaly diplomat, ozalky deňizçi ofiser, 33 ýyllap harby lybas geýen Jon MakGregor (John MacGregor) Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkeziniň başlygy wezipesine bellendi diýip, guramanyň web sahypasy habar berýär.

Wankuwerde doglan MakGregor bu wezipä bellenmezinden öň, 2016-njy ýyldan 2021-ni ýyla çenli Daşkentde ÝHHG-nyň Özbegistandaky merkezine ýolbaşçylyk etdi.

Mundan öň, 2013-nji ýyldan başlap ol Gyrgyzystanda, ÝHHG-nyň Bişkekdäki merkeziniň başlygynyň orunbasary, Azerbaýjanda, ÝHHG-nyň Bakuwdaky merkeziniň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini iki ýyl ýerine ýetirip, jemi alty ýyl işledi.

MakGregor maşgalaly, iki çagasy we iki agtygy bar. Ol iňlis dilinden başga fransuz dilinde hem gepleýär, azeri, gyrgyz we özbek dillerinde gürlemegi başarýar.

Üç ýyldan gowrak hyzmat edip, MakGregor ÝHHG-nyň taryhynda meýdan operasiýasynyň başlygy bolup iň uzak işlän kanadaly boldy we 2020-nji ýylyň marynda, gender deňligini ilerletmek ugrundaky tagallalary, liderlik sypatlary üçin ÝHHG-nyň baýragyny aldy.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirzoýoýew 2019-njy ýylda MakGregory "Dustluk" ordeni bilen sylaglady.

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezine 2016-njy ýyldan bäri asly belarusly diplomat Natalýa Drozd ýolbaşçylyk edýärdi, ol 4-nji maýda özüniň bu ýurtdaky missiýasyny tamamlady.

N.Drozd geçen ýylyň dekabrynda, Türkmenistanyň oňyn bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, ýurduň “Bitaraplyk” ordeni bilen sylaglandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG