Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Talyban” Eid al-Fitr baýramyna gabat ok atyşyklaryň wagtlaýyn togtadyljakdygyny aýtdy


Owgan hökümeti “Talybany” 8-nji maýda Kabuldaky gyzlaryň mekdebinde amala aşyrylan bomba hüjüminde hem aýyplady.

Owganystanda “Talyban” jeňçileri musulmanlaryň mukaddes Remezan aýynyň soňlanmagy mynasybetli bellenilýän Eid al-Fitr baýramy mynasybetli ok atyşyklary üç günlük bes etjekdigini mälim etdi. Bu ýurtda gazaplylygyň geriminiň artan döwrüne gabat geldi.

“Talybanyň” ýaýradan beýanatyna görä, adamlaryň baýramy “asuda we howpsuz ýagdaýda” belläp bilmekleri üçin, jeňçi topary Eid al-Fitriň birinji üç gününiň dowamynda “ýurt boýunça duşmanlara garşy alnyp barylýan” diýip häsiýetlendiren hereketlerini togtadýandygyny aýtdy.

Şol bir wagtda, “emma bu günleriň dowamynda duşman size garşy hüjüme geçse, onda özüňizi we sebitiňizi goramaga taýýar boluň” diýip hem beýanatda bellenilýär.

Eid al-Fitr täze dogjak aýa laýyklykda maý aýynyň 12-ne ýa-da 13-ne başlanar.

Owgan hökümeti “Talybanyň” ok atyşyklary bes etmek baradaky beýanatyna bada-bat reaksiýa görkezmedi.

Içeri işler ministrligiň ok atyşyklaryň bes ediljekdigi baradaky beýanatdan birnäçe sagat soň beren maglumatyna görä, öten gije ýolagçy bir awtobusyň köçe-ýaka bombasyna uçramagy netijesinde, parahat ilatyň arasyndan azyndan 11 adam heläk bolupdyr we 28-si ýaralanypdyr.

10-njy maýda irden Parwan welaýatynda mini-awtobusyň partladylmagy netijesinde iki adam öldi, başga-da 9-sy ýaralandy.

Bu aralykda, owgan hökümeti “Talybany” 8-nji maýda Kabuldaky gyzlaryň mekdebinde amala aşyrylan bomba hüjüminde hem aýyplady. Partlamada azyndan 50 adam öldi, başga-da 100-e golaýy ýaralandy.

Jeňçi topary Kabuldaky soňky aýlaryň dowamyndaky iň ganly hüjüme ilteşiginiň ýokdugyny aýtdy, şeýle-de ony ýazgardy.

Owgan hökümeti “Talybany” öz hüjümlerini ýaşyrmak maksady bilen, has kiçi ekstremistiki toparlarynyň olaryň jogapkärçiligini öz üstüne almagyna ygtyýar berýändigini aýdýarlar.

Owganystanda gazaplylygyň geriminiň artmagy halkara güýçleriniň 11-nji sentýabra çenli doly çykarmak tagallalarynyň arasynda bolup geçýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG