Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tatarystanda mekdebe edilen hüjümde sekiz adam öldürildi


11-nji maýda Kazanyň 175-nji belgili mekdebine edilen hüjümde bir mugallym we ýedi okuwçy öldürildi.

Russiýanyň Tatarystan respublikasynyň paýtagty Kazandaky mekdepleriň birinde ýaragdan ot açylmagy we partladyjynyň ýarylmagy netijesinde sekiz adam öldi.

Respublikanyň prezidenti Rustam Minnihanowyň metbugat edarasynyň beren maglumatyna görä, 11-nji maýda 175-nji belgili mekdebe edilen hüjümde bir mugallym we ýedi okuwçy öldürilipdir.

Içeri işler ministrligi hüjümde 21 adamyň ýaralanandygyny, şeýle-de sekiz çaganyň agyr ýagdaýda keselhananyň intensiw bejergi bölüminde saklanýandygyny mälim etdi.

Mugallymlaryň we okuwçylaryň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, ok sesleri eşidilip başlanmazyndan ozal, mekdepde güýçli partladyjy ýarylypdyr. Käbir okuwçylar howatyr edip, mekdebiň üçünji gatyndan böküpdirler.

Kanun goraýjy edaralar wakanyň ýüze çykan ýeriniň daşyny gabady.

Regionyň içeri işler ministri hüjümi 19 ýaşly biriniň amal edendigini we onuň ele salnandygyny habar berdi. Mundan ozalky habarlarda azyndan iki hüjümçiniň bolandygy aýdylypdy.

Media serişdeleri güman edilýäniň Ilnaz Galýawiýew bolandygyny aýdýarlar.

Russiýanyň Derňew komiteti hüjüm bilen ilteşikli jenaýat işiniň açylandygyny aýtdy.

Tatarystanyň hökümeti 12-nji maýy matam güni yglan etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG