Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen aktiwistleri Erdogany Berdimuhamedow bilen gepleşiklerinde öz meselelerini gozgamaga çagyrýarlar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan. Ankara. Mart, 2015 ý.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan. Ankara. Mart, 2015 ý.

Azatlyk Radiosynyň mundan öň beren maglumatlaryna görä, daşary ýurtlardaky türkmenistanly zähmet migrantlaryň we studentleriň pasport problemalarynyň çözgüdi üçin türkmen aktiwistleri, oppozisiýasy alada etmäge başladylar. Olar türkmenistanlylaryň gür ýaşaýan daşary ýurtlaryň häkimiýetlerinden öz watandaşlarynyň pasport problemasynyň çözgüdi üçin kömek soraýarlar.

Golaýda dokuz sany türkmen oppozisioneri we aktiwisti Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogana ýüzlenip, onuň Türkmenistana garaşylýan saparynda şu meseläni hem maslahatlaşmagy barada hat ýolladylar.

Bu barasynda Türkmenistanyň daşynda hereket edýän "Türkmenistanyň demokratik saýlawy" (DWT-niň) lideri Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

“Onuň esasy maksady üç meseläni aýdyp geçmekdi. Birinjiden, Erdoganyň Türkmenistana etmekçi resmi saparynda Türkmenistanyň prezidenti bilen resmi duşuşygy. Şonda biziň Türkiýedäki watandaşlarymyzyň pasportynyň möhleti geçip, pasportlaryny çalyşmagyň zerurdygy baradaky meseläni gozgamagyny hatymyzda aýtdyk. Üçünji mesele bolsa, biziň Türkiýedäki watandaşlarymyza, ylaýtada, aktiwistlere basyş edilýär. Ylaýtada, migrasiýa işgärleriniň üsti bilen aktiwistlerimize basyş edilýär. Olar Türkmenistana garşy hiç zat aýtmaň, oppozisiýa hereketlerini, mitinglerini etmäň diýýärler. Hut şonuň üçinde, biz bu meseleleri Rejep Erdoganyň prezident Berdimimuhamedow bilen duşuşygynda gürleşer ýaly hat iberdik” diýip, ol aýdýar.

Gurbanow türkmen raýatlarynyň pasport problemasynyň çözülmegi üçin Türkiýäniň ministrliklerine we ýörite edaralaryna hat ýollamaga başlandyklaryny sözüne goşdy.

“Biz DIM-ne, Migrasiýa gullugyna hat iberdik. Şeýle-de Türkmenistan bilen baglanşykly ýörite komitetler bar. Olara hem ugradyp otyrys. Bu ugurda käbir hatlar gitdi we ýenede dowam edýär” diýip, Gurbanow habar berdi.

Myrat Gurbanow Türkiýedäki türkmen raýatlarynyň pasport problemasynyň çözülmeginde prezident Rejep Taýyp Erdoganyň kömek etjekdigine umyt baglaýandyklaryny Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde belledi.

Türkiýede ýaşaýan zähmet migrantlarynyň we studentleriniň Azatlyk Radiosyna habar bermeklerine görä, olaryň pasport problemasy häzirki döwrüň iň wajyp meselesi bolup durýar. Çünki, pandemiýa wagtynda owalam işsiz galan raýatlaryň ne saglyk ätiýaçlary, ne-de sosial goragy bar.

Olar Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasyndan we konsulhanasyndan hem kömek ýokdugyny belleýärler.

Ýöne Türkiýedäki türkmen resmilerinden şu mesele babatda kommentariýa alyp bolmady.

Käbir synçylaryň pikiriçe, prezident Erdoganyň şu tomus Türkmenistana garaşylýan saparynda hususan, ykdysady-söwda gatnaşyklar barada maslahatlaşyljakdygy üçin onuň Türkiýedäki türkmen raýatlarynyň pasport we beýleki problemasyna kömek etjekdigi gümana.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Merhat Şaripžan hem prezident Erdoganyň saparynyň Türkiýedäki türkmen raýatlarynyň meselelerine känbir peýdaly boljakdygyna garaşmaýar.

“Mençe Erdogan Türkmenistana baranda esasan, ykdysady meseleler, gatnaşyklar barada maslahat eder. Şoňa göräde, ykdysady meseleleriň bar ýerinde ynsan hukuklary we beýleki meseleler ikinji derejä düşýär. Şonuň üçin, köp umyt ýok” diýip Merhat Şaripžan türkmenistanly aktiwistleriň we oppozisiýanyň prezident Rejep Taýyp Erdogana ýüzlenmeginiň möhümdigini sözüne goşýar.

“Aktiwistleriň we oppozisiýanyň bu meseleleri gozgamagy örän möhüm we manyly. Sebäbi, olar prezident Erdogana bu meseleler barada ýüzlenseler-de, ol halkara derejede başga guramalarda we mediada berler” diýip, Merkezi Aziýa boýunça bilermen Merhat Şaripžan Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

“Meteožurnal” internet neşiriniň ýazmagyna görä, 2019-njy ýylda 110 müň sany raýat ýa-da ýurdyň ilatynyň 2,2 göterimi Türkmenistany terk etdi. Olaryň 78 göterimi Türkiýä gitdi.

Türk häkimiýetleriniň maglumatlaryna laýyklykda, 2020-nji ýylyň dowamynda 87 müň 200 türkmenistanly Türkiýeden ýaşaýyş rugsadyny aldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG