Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Migrant maşgalalary 'gidenleriň getirilmegini ýa özleriniň goýberilmegini' soraýar


Çörek nobatyna duran aýallar. Bezeg suraty
Çörek nobatyna duran aýallar. Bezeg suraty

“Iň erbet ýagdaý erkekler Türkiýede işläp, maşgalasyny eklejek bolýan wagtynda, olaryň yzynda galan aýallaryň ahlak taýdan bozulmagy bilen bagly. Beýle bolanda köplenç maşgalalar dargaýar we çagalar ata-eneli halyna ýetim galýar” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Agyr işsizlik zerarly daşary ýurtlara çykan türkmenistanly erkekleriň yzynda galan maşgala agzalary ýollaryň açylmazlygyndan, uzaga çeken aýralykdan we soňy görünmeýän kynçylyklardan barha kän lapykeç bolýarlar diýip, ýurt içinden gelýän habarlarda aýdylýar.

Bu lapykeçligiň fonunda düýn, 24-nji aprelde ýüzlerçe aýal we az sanly erkek adam, pandemiýa çäklendirmeleri zerarly Türkiýede galan zähmet migrantlarynyň yzlaryna gelmegine, maşgalalaryna gowuşmagyna kömek bermeklerini sorap, häkimiýetlere ýüz tutdy.

Türkmenistandaky kynçylyklar köplenç aýallara has kän agram salýar we bu olaryň käte arz-şikaýat edip, häkimiýetlere ýüz tutmagyna sebäp bolýar. Azatlyk geçen ýylyň dekabrynda maryly zenanlaryň hem üýşüp, welaýat hakimligine arza barandygyny habar berdi.

Faraply, çärjewli we türkmenabatly aýallaryň onlarçasy Türkiýede galan ýanýoldaşlarynyň ýurda gelmegine kömek bermeklerini sorap, Lebap häkimliginiň aýallar geňeşine arza, şikaýat bilen ýüz tutdy diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär.

Özüni Gülbahar diýip tanadan faraply zenanyň sözlerine görä, häkimlige şikaýata baran aýallaryň sany 200 töweregi bolup, olar azyndan üç ýyl bäri ýanýoldaşlary bilen aýralykda, agyr şertlerde ýaşaýarlar.

“Aýallar esasan ärleriniň ýurda dolanmagyna kömek berilmegini, munuň üçin şert, mümkinçilik döredilmegini soradylar” diýip, Gülbahar radionyň habarçysyna aýtdy.

Şeýle-de aýallar, eger bir sebäp bilen ýanýoldaşlarynyň ýurda dolanmagyna şert döredip bolmaýan bolsa, bu ýagdaýda özleriniň Türkiýä gitmegine mümkinçilik döredilmegini soradylar diýip, radionyň söhbetdeşi gürrüň berdi.

“Meniň adamym Türkiýä karantinden iki ýyl öň, eklenç etmek maksady bilen gitdi. Görüşmänimize üç ýyl boldy, bu gaty kyn ýagdaý” diýip, habarçy bilen gürleşen zenanlar has kän wagt bäri görüşmedik jübütleriň hem bardygyny, çagalaryň ataly ýetim bolup ösýändigini gürrüň berdiler.

Emma arza baran aýallary Lebap sebitiniň aýallar geňeşiniň başlygy däl-de, özüni Güljemal diýip tanadan kätip zenan kabul edip, olaryň meselelerini başlygyna ýetirmek wadasyny berdi diýip, habarçy aýtdy.

Ozal habar berlişi ýaly, pandemiýa aladalarynyň arasynda Türkiýede türkmenistanly zähmet migrantlarynyň onlarçasy ýasama arakdan zäherlenip öldi. Emma Aşgabat ne aýralykda ölenlere, ne-de ýurt içinde tebigy hadysalardan ejir çeken maşgalalara kömek berdi.

“Türkiýä gidenleriň yzynda jesetsiz ýas çäreleri geçirilýär... Türkiýede galan ýaşlarymyz ol ýerde öz aralarynda nika gyýdyryp, durmuş gurýarlar, olaryň ata-eneleri Lebapda ogul-gyzlary üçin guda bolup, öňden gelýän däp-dessurlary berjaý etjek bolýar. Türkiýeden Lebapdaky gyzyň hossarlaryna galyň geçirip, şol ýerde kiçiräk toý edip, ene-atalaryna toý wideolaryny iberip, teselli berjek bolýanlar hem bar” diýip, lebaply synçylaryň biri bu ýerde ýasdan, aýralykda tutulýan toýlardan başga has agyr bir ýagdaýyň hem bardygyny aýtdy.

“Iň erbet ýagdaý erkekler Türkiýede işläp, maşgalasyny eklejek bolýan wagtynda, olaryň yzynda galan aýallaryň ahlak taýdan bozulmagy bilen bagly. Beýle bolanda köplenç maşgalalar dargaýar we çagalar ata-eneli halyna ýetim galýar” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Türkmen aktiwistleriniň sosial ulgamlardaky çykyşlaryndan çen tutulsa, Türkiýede işleýän türkmenleriň arasynda bikanun ýagdaýa düşen, pasport möhletleri geçen, ýa-da yzlaryna barsalar soň çykyp bilmerin öýdüp gorkýan we netijede 7-8, käte on ýyl bäri maşgalasyny görmän ýören adamlar hem bar. Şol bir wagtda-da olar Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan gelen migrantlaryň her alty aýdan yzlaryna gaýdyp, birki aý öýlerinde bolup gelýändiklerini gürrüň berýärler.

Türkmenistanly migrantlaryň uzak wagtlap aýralykda ýaşamagy soňky ýyllarda maşgalalaryň bozulmagynyň hem esasy sebäpleriniň birine öwrüldi diýip, synçylar aýdýar.

Golaýda aýaly bilen aýrylyşan ahally migrant başda Türkiýä gelende, "wah, öýlenmedik bolsam, yzyma hiç wagt dolanmazdym" diýendigini, emma indi alyp bilse, yzynda galan oguljygyny getirmegi gaýgy edýändigini gürrüň berdi.

Onuň pikiriçe, türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlardaky zähmet migrantlaryny yzyna getirmek islemeýär. Munuň bir sebäbi ýurtdaky uly işsizlik, daşardakylaryň iberýän pullary bilen bagly bolsa, ýene bir sebäbi hökümetiň 'gözi açylan' adamlardan gorkmagy diýip, 30 ýaşly migrant aýtdy.

"Türkmen häkimiýetleri öz raýatlarynyň ýagdaýyny kynlaşdyryp, göwnüme bolmasa, olary mydama agyr, aljyraňňy, aladaly ýagdaýda saklamak isleýän ýaly. Maşgalalaryň bozulmagy, çagalaryň ýetim galmagy, ýene bisowat, hünärsiz we garyp adamlaryň köpelmegi olaryň azaryna hem däl" diýip, anonimlik şertinde gürleşen migrant işçi telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

Türkmenistanda maşgalalaryň bozulmagynyň esasy sebäplerini görkezýän maglumatlar çap edilmeýär.

Lebaply zenanlaryň aýralyk arzy baradaky habar Türkmenistanyň BMG-Zenanlar edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2022-2024-nji ýyllardaky agzalygyna saýlanan wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmen DIM-niň çap eden habarynda bellenmegine görä, “bu çözgüt türkmen hökümetiniň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, sosial we medeni durmuşyna aýallary çekmek babatda edýän tagallalaryna gabat gelýär”.

Şeýle-de habarda, türkmenistanly aýallaryň ýagdaýyny gowulandyrmakdaky derwaýys milli resminamalaryň biri hökmünde, Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllarda edilmeli işleriň milli plany ýatlanýar.

Emma synçylar we hökümet tankytçylary bu hili planlaryň köplenç kagyz ýüzünde galýandygyny, Türkmenistanyň gender deňligi boýunça öz üstüne alan halkara borçlaryny-da, ýerli kanunlary hem diňe ‘gülala-güllük perdesi’ hökmünde ulanýandygyny aýdýarlar.

Azatlygyň Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen habarlaşyp, bu mesele barada düşündiriş almak synanyşygy häzirlikçe netije bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG