Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aýlyklary ýene kemeldilen lukmanlar 'ýurdy terk etmäge taýýarlanýar'


Türkmenistanda COVID-19 aladalarynyň fonunda lukmanlaryň arasynda keselçilik artdy we ölüm ýagdaýlary boldy.

Türkmenistanda koronawirus aladalarynyň arasynda saglyk işgärleriniň zähmet haklary gaýtadan kemeldildi. Şol bir wagtda, häkimiýetleriň COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almaga gatnaşýan medisina işgärleriniň aýlyklaryna goşmaça hak tölemek baradaky geçen ýylky wadalary heniz hem berjaý edilmedi. Munuň we ýiti ykdysady çökgünligiň netijesinde, käbir lukmanlar gün-güzeran üçin esasy işiniň gapdalyndan bazarlarda söwda etmäge mejbur bolýandyklaryny, şeýle-de serhetler açylandan soňra ýurdy terk etmäge taýýarlyk görýändiklerini aýdýarlar.

Lebapda saglyk işgärleriniň aprel aýynyň zähmet haklary gaýtadan 20% kem berildi. Ýatlatsak, ýurduň gündogar welaýatyndaky saglyk pudagynyň işgärleriniň aýlyklary ilkinji gezek ýanwar we fewral aýlarynda adatdakysyndan has az berlipdi.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan medisina işgärleri, şonda aýlyklarynyň kemeldilmeginiň belli bir derejede olara goşmaça sagatlar, gijeki smenalar we agyr iş şertler üçin berilýän 12% goşmaçalaryň kesilmegi bilen baglydygyny aýdypdylar.

Munuň netijesinde, saglygy saklaýyş pudagynda işleýänleriň ortaça aýlygy geçen ýylyň başynda 1 müň 800 manat bolan bolsa, 2021-nji ýylyň ýanwarynda, aýlyklaryň 10% göterilmeginden hem soň, bu ortaça 1 müň 440 manat boldy.

Azatlygyň bu baradaky yzygiderli maglumatlaryndan soňra, aprelde saglyk işgärleriniň mart aýynyň zähmet haklary, ozalky kesilen ähli goşmaçalar hem göz öňünde tutulyp, adatdaky mukdarda berlipdi.

Emma indi häkimiýetler medisina işgärleriniň, şol sanda koronawirus alamatly hassalara garaýan lukmanlaryň hem aýlygyny gaýtadan 20% kemeltdiler. Mundan başga-da, türkmen hökümetiniň saglyk işgärleri üçin kesgitli aýlyk mukdaryny belländigi barada hem maglumatlar gowuşýar.

“Indi lukmanlara 1 müň 900 manat, şepagat uýalaryna 1 müň 420 manat, arassaçylyk işgärlerine hem 1 müň 260 manat möçberinde aýlyk berler. Indi medisina işgäriniň hassahananyň reanimasiýa, laboratoriýa ýa-da beýleki bir bölüminde işleýändigine garalmaz, ähli kişä deň, kesgitli aýlyk berler” diýip, lebaply lukmanlaryň ençemesi 13-nji maýda habarçymyza gürrüň berdi.

Lukmanlar ýiti ykdysady çökgünligiň arasynda gün-güzeran aýlamagyň onsuz hem agyrdygyny, aýlyklaryň kemeldilmegi we hemmeler üçin kesgitli bir zähmet hakynyň kesgitlenmegi bilen, gün-güzeran aýlamagyň, maşgala eklemegiň has hem kynlaşjakdygyny aýdyp, degişli ýolbaşçylaryna şikaýat etdiler.

“Derdimize gulak gabartjak hem bolmadylar. Gaýtam, martdaky kanuny ýagdaýda almaly aýlygymyzyň bize ‘ýagşylyk hökmünde’ doly belendigini aýdyp, minnetli gürlediler. Mundan beýläk, göz öňünde tutulan goşmaçalaryň hasaba alynmajakdygyny, şeýle-de aýlyklaryň ähli kişä kesgitli mukdarda tölenjekdigini belli etdiler” diýip, onlarça ýyl iş tejribesi bolan türkmenabatly lukman habarçymyza gürrüň berdi.

Galyberse-de, saglyk işgärleri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almagyň çäginde “raýatlaryň saglygyny berkitmäge we goramaga” gatnaşýan medisina işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna 1-nji ýanwardan başlap goşmaça 15% hak tölemek wadasynyň häzirki güne çenli hem berjaý edilmändigini aýdýarlar.

Bu ýagdaýlaryň netijesinde, barha köp lukmanyň özüniň esasy işiniň gapdalyndan, goşmaça gazanç çeşmelerini gözlemäge mejbur bolýandygy bellenilýär.

“Biziň kanuny almaly aýlyklarymyzy kemeldýän döwlet, söz beren goşmaça töleglerini berermi?! Meniň ýaly başga-da onlarça lukman kärdeşim indi maşgala eklejek bolup goşmaça iş gözläp başlady. Meniň özüm, ellimiň içinde, işden soň bazarda söwda edýärin. Hökümetiň beýle namart oýun edip biljekdigini çaklamandym. Lukmançylyk kärini saýlanyma puşman etdirdi. Serhetler açylan wagty, maşgalam bilen ýurdan çykjak gitjek” diýip, onlarça ýyl iş tejribeli lukman 13-nji maýda habarçymyza nägileligini bildirdi.

Azatlygyň dowamly synanyşyklaryna garamazdan, ýokarky meseleler boýunça Türkmenistanyň degişli edaralaryndan, şol sanda Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden resmi kommentariýa almak başartmaýar.

Türkmen mediasy we häkimiýetleri, şol sanda käri boýunça diş lukmany prezident Berdimuhamedow hem türkmen saglyk işgärleriniň, hususanda pandemiýa döwri ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri barada dil ýarmaýarlar.

Soňky bir ýylda Türkmenistanda häkimiýetler tarapyndan resmi derejede boýun alynmaýan COVID-19 keseliniň alamatlary bilen geçýän hassalyk saglyk işgärlerine uly agram saldy. Keselhanalar hassalaryň akymyna döz gelip bilmedi, köp hassalary kabul edip bilmedi, lukmanlar agyr şertlerde işledi, munuň üstesine-de karantin zolaglarynda goşmaça işlemäge mejbur boldy. Lukmanlaryň arasynda keselçilik artdy we ölüm ýagdaýlary boldy. Şol bir wagtda, medisina işgärleri ýörite geýimlerini, maskalary, ellikleri öz hasabyna satyn almaga mejbur edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG