Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alabaýlara ‘pasport’ we ‘paýok’ beriler


Illýustrasiýa surat. Alabaý itini idip barýan bir adam. Aşgabat.
Illýustrasiýa surat. Alabaý itini idip barýan bir adam. Aşgabat.

Lebapda it eýeleri özleriniň alabaý itleri üçin ýerli weterinariýa bölüminden pasport almaga howlugýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy resminama alýan alabaýlaryň aýda 10 kilogram towuk budy, 30 kilogram arassa tüwi we her gün bäş sany buhanka çöregi bilen üpjün ediljekdigini habar berýär.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosy 15-nji aprelde alabaý itleri üçin“paýok” girizilmegine garaşylýandygyny habar berdi.

Itler üçin paýok girizilmek ähtimallygy baradaky habarlar ýurt raýatlarynyň subsidirlenen azyk önümleriniň üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklary başdan geçirýän wagtyna gabat gelýär.

Türkmenistanda mundan ozal 2015-njy ýylda kabul edilen “Atçylyk” kanuny türkmen bedewleriniň döwlet tarapyndan hasaba alynmagyny, olaryň pasportlaşdyrylmagyny talap edýär. Ýöne alabaý itleriniň, bedewlerde bolşy ýaly, ýörite pasportlar bilen üpjün edilmegi barada ýörite kanunçylyk ýurtda heniz kabul edilmedi. Ýöne döwlet syýasaty ýurduň gündelik durmuşynda alabaý itlerine möhüm orun berýär. Ýurtda türkmen alabaý itleri halkara birleşigi döredildi. Her welaýatda alabaý itleri üçin ýörite merkezler işe girizildi.

Weterinariýa gulluklarynyň öý haýwanlaryny hasaba almagy, olary resminamalar bilen üpjün etmegi halkara tejribede bar, şeýle-de Türkmenistanyň “Weterinariýa işi” haklyndaky kanuny hem haýwanlaryň hasaba alynmagyny düzgünleşdirýär. Ýöne Türkmenistanda hökümet derejesinde alabaý itlerine gönükdirilýän tükeniksiz yhlas, hem-de ýurt raýatlary subsidirlenen azyk önümleriniň üpjünçiligi bilen bagly agyr kynçylyklary başdan geçirýän mahaly, alabaý itleriniň ýeňillikli azyk önümleri bilen üpjün edilmegi köplerde sorag döredýär.

Itler adamzadyň iň irki döwürlerde eldekileşdiren öý haýwanlarydyr. It adamyň dosty. Olaryň aladasyny etmek adam oglunyň borjudyr. Ýöne şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň baş kanuny döwlet ýolbaşçylaryny öz raýatlarynyň hem aladasyny etmek bilen borçlandyrýar.

Türkmenistan garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, sosial döwlet ýörelgeleriniň çäginde, ilatyň sosial goraglylygyny kepillendirmek, galyberse-de, olaryň mugt elektrik energiýasy, gaz we suw hem-de subsidirlenen azyk önümleri bilen üpjün edilmegini ýola goýmak ýaly birnäçe ugurlar boýunça döwlet syýasatyny alyp bardy. Uzak ýyllaryň dowamynda her hojalyk ýeňillikli un we ösümlik ýagy ýaly önümler bilen ýeňillikli bahalar boýunça üpjün edildi. Ýöne soňky birnäçe ýyl bäri, has takygy 2016-njy ýyldan bäri, ýurtda ykdysady şertler barha erbetleşip, soňky ýyllarda ykdysady kynçylyklar, synçylara görä, ykdysady çökgünlige öwrüldi. Mugt hyzmatlar ýatyryldy. Manadyň daşary ýurt walýutasynyň garşysynda ep-esli hümmetini ýitirmegi bilen hususy söwda nokatlarynda bahalar ep-esli ýokarlandy, ilatyň satyn alyş ukyby düýpgöter peseldi we döwlet dükanlarynda kesgitli bahadan satylýan azyk önümleri öz-özünden subsidirlenen önümlere öwrüldi.

Galyberse-de, türkmen häkimiýetleri döwlet dükanlarynda arzan bahadan satylýan önümleriň ilata paýlanylyşyny düzgünleşdirmek üçin ýurduň käbir künjeklerinde kartoçka sistemasyny hem gaýtadan ulanyp gördi, şeker, towuk budy we ýumurtga ýaly önümleri subsidirlenen azyk önümleriniň hataryna girizdi.

Synçylar döwlet dükanlarynda arzan bahadan satylýan iýmit önümlerini “de fakto paýok” atlandyrýarlar. Ilatyň “paýok” kynçylyklary dowam edýän wagty, häkimiýetler alabaý itlerini aýlyk “paýok” bilen üpjün edýärler.

Türkmenistanda halkara alabaý itleri birleşigine Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly, wise-premýer Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylyk edýär.

“Adamlar açlyk derejesinde ýaşaýan wagty itleriň dok ýaşamagy düşnüksiz” diýip, bir lebaply ýaşaýjy itleriň subsidirlenen azyk önümleri bilen üpjün edilmegine soragly garaýar.

Galyberse-de, habarçynyň maglumatlaryna görä, alabaý itleri üçin pasport almak hem aňsat däl.

“Pasport üçin döwlet tölegi 11 manat 50 teňňe. Emma 200 manat bermeseň itlere resminama bermeýärler. Itiň alabaý tohumyna degişlidigini baş weterinara tassyklatmaly. Soňra 55 manada itiň tumşugyna daňylýan tor satyn almaly” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Bu aralykda, onuň maglumatlaryna görä, 300 manat para beren adamlara olaryň alabaý itleri ýok hem bolsa, “paýok” üçin kartoçka oňaryp berýärler.

Galyberse-de, Türkmenistanda alabaý itleriniň we türkmen bedewleriniň pasportlaşdyrylmagy ýüzlerçe müň türkmenistanlynyň daşary ýurtlarda pasportsyzlykdan kösenýän wagtyna, we häkimiýetleriň bu mesele boýunça çäre görmeýän wagtyna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG