Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Mirziýoýew ÝYB ýurtlaryny uçuşlary dikeltmäge çagyrýar


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň ýurtlaryna (ÝYBÝ) ýolagçylar üçin dowamly howa we demir ýol hyzmatlaryny dikeltmegi teklip etdi.

"Epidemiologiki ýagdaýyň durnuklaşmagyny, biziň ýurtlarymyzda ilata edilýän sanjymlary göz öňünde tutup, dowamly howa we demirýol ýolagçy gatnawlarynyň gaýtadan ýola goýulmaly wagty geldi diýip pikir edýäris" diýip, ol Ýokary ýewraziýa ykdysady geňeşiniň bäşinji gün geçiren wideoşekilli mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň ýurtlary bilen arada saklanyp galýan söwda päsgelçiliklerini azaltmak üçin Özbegistan işjeň hyzmatdaşlyga taýýar diýip, respublikanyň prezidenti sözüniň üstüni ýetirdi.

"Biz Ýewraziýa ykdysady komissiýasy (ÝYK) we agza döwletler bilen päsgelçilikleri aradan aýyrmak hem-de tarif däl söwda düzgünleşdirmelerini mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmak boýunça işjeň hyzmatdaşlyga taýýar" diýip, Şawkat Mirziýoýew belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG