Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Bu gün hiç haçan gelmez diýip gorkýardym". Gazaklary Türkmenistandan göçürmek hem ýerleşdirmek


Türkmenistandan gelen etniki gazaklaryň hossarlary bilen duşuşygy. Mangystau oblasty, 2021-nji ýylyň 13-nji maýy.

Türkmenistandan 250-den gowrak etniki gazak taryhy watanyna gaýdyp geldi. Ýörite gurnalan demirýol gatnawy olary Merkezi Aziýadaky ýapyk ýurtlaryň birinden, Gazagystanyň serhedinde ýerleşen Mangystau sebitine getirdi. Ýolagçylaryň köpüsi bu ýere gaýtmaga ençeme aýlap garaşdylar: Türkmenistanda hasapda durmakdan çykanlaryndan soň, ýollar açylýança goşlaryny ýygnap oturdylar. Koronawirus çäklendirmeleri sebäpli çykyp bilmediler, kömek sorap Gazagystanyň diplomatlaryna ýüz tutdular. Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň habarçysy gaýdyp gelenleriň Žanaözen demirýol duralgasynda garşy alnyşyny synlady, olaryň käbirleri bilen Türkmenistandaky ýagdaý hem Gazagystandan garaşýan zatlary barada gürrüňdeş boldy.

Pandemiýa başlaly bäri Türkmenistandan Gazagystana hemişelik ýaşamaga göçüp gelen etniki gazaklaryň ilkinji toplumy ýörite otly gatnawy bilen fewral aýynda gelipdi, üç aýdan soň ikinji ýörite gatnaw guraldy. Otlynyň geljek güni hem duralga ýeri soňky güne çenli belli bolmady. Otlynyň haýsy duralgada durjakdygyny ne garyndaşlary, ne-de ýolbaşçy işgärler bildiler. Iki wariant barada gürrüň gitdi: sebitiň merkezinden 15 km. uzaklykda ýerleşýän Mangyşlaga ýa-da Aktaudan 150 km. uzaklykda ýerleşýän Žanaözene gelmeli diýdiler. 13-nji maýda otlynyň Žanaözene geljekdigi belli boldy.

Türkmenistandan geljekleri garşy almaly Žanaözen demirýol menzili uzakly gün boşlukdy. 2021-nji ýylyň 13-nji maýy.
Türkmenistandan geljekleri garşy almaly Žanaözen demirýol menzili uzakly gün boşlukdy. 2021-nji ýylyň 13-nji maýy.

GARAŞMAK

Sagat 17 çemesinde duralgada adamlar peýda bolup başlady. Bular göçüp gelýänleriň garyndaşlary hem ýakynlarydy. Myrat Aktaudan ejesi, uýasy, gyzy we dogany bilen duşuşmak üçin gelipdir, ol hossarlaryna geçen gyşdan bäri garaşýardy. Aýtmagyna görä, onuň özi 2008-nji ýylda gelip, şu ýerde mesgen tutupdyr.

— Ol ýerde “tutjak” zadymyň ýokdugy eýýäm şol döwürde bellidi. Iş ýok. Ýaşamak üçin rugsatnama we graždanlyk almak has kyn, soň gaýry meseleler başlanýar. Bu çäre eşidişime görä, alty aýyň dowamynda başa barypdyr. Ilkinji gelenler tötänleýin iş gözläp gelipdiler. Meselem, men agaç ussasydym. Indi [gözegçilik] kameralaryny oturdýan, kwartira satyn aldym.

Duralganyň golaýynda köne ýolagçy awtobuslary getirip goýupdyrlar, garşy aljaklary bolmadyk adamlary – Aktau şäherine, wagtlaýyn umumy ýaşaýyş jaýy taýýarlanan ýere awtobuslar bilen alyp gitmekçi.

Žanaözen demirýol duralgasynyň golaýynda duran ýolagçy awtobuslary.
Žanaözen demirýol duralgasynyň golaýynda duran ýolagçy awtobuslary.

Kadyr (ady üýtgedildi) aýalyna garaşýar. Bu garry Türkmenistanda resminama almalydygyny, ýöne ol ýere baryp bilmeýändigini aýdýar. Bu ýerde garyndaşlary bilen ýaşaýan eken. Indi maşgalasy bilen Gazagystanda hemişelik ýaşamak isleýär, ýöne munuň üçin goňşy döwletiň resminamasy gerek, ol näme etjegini bilenok.

— Oglum şu ýerde okaýar. Gowy stipendiýa alýar. Ol şu ýerde galmak isleýär. Okuwyny gutaranlaryň köpüsi bu ýerde galýarlar, soň ene-atalary olaryň yzyndan göçüp gelýär. Öz çagalaryňy görmän, garrylykda nädip ýaşap boljak? – diýip, Kadyr düşündirýär.

Ol gazaklaryň Türkmenistandan taryhy watanyna göçmeginiň başga-da sebäpleriniň bardygyny aýdýar.

— [Gazagystanda] öz işiňizi açyp bilersiňiz, bu ýerde hususy biznes bar. Ol ýerde-de bar, ýöne bar adama iş açmaga rugsat berilmeýär. Bir zat etseň, hatda jaý guran bolsaňyz, olar barlaga gelip, hasap sorap başlaýarlar; ‘muny nireden satyn aldyň, ony nireden satyn aldyň’, mysal üçin, sowadyjy – kondisioner, onuň resminamasy barmy? Eger haty bolmasa, eliňden alyp bilýärler – diýip, Kadyr gürrüň berýär.

Žanaözen demirýol duralgasyndaky Türkmenistandan geljekleriň takyk wagtyny görkezýän bildiriş.
Žanaözen demirýol duralgasyndaky Türkmenistandan geljekleriň takyk wagtyny görkezýän bildiriş.

Sagat 19-da ýaşy gaýdyşan adamlar platforma çykyp başladylar. Çagalar beýik köpriniň üstünden ylgaýarlar. Otly gelmeli wagtyndan gijä galýar. Otlynyň resmi taýdan sagat 22-de geljekdigi baradaky ýazgyly kagyz wokzalyň gapysyna ýelmendi.

—Iki doganyma, ýene bir kiçi doganyma garaşýan – diýip, Žanaözen şäheriniň ýaşaýjysy Izbiba aýdýar. – Jemi dört, uly we kiçi çaga gelmeli. Ejemiz bu ýere geljekdi, ýetişmedi, ol bende ýogaldy. Ýoluň ýapykdygy sebäpli hoşlaşmaga-da baryp bilmedik. Bir ýyl geçse-de, mazaryna zyýarata gidip bilmedik. Bu ýerde sadaka berdik. Garaşmakda, näbellilikde geçen bir ýyl agyr düşdi.

ŞATLYK

Sagat 22. Güýçli çyralar töwerek-daşy ýagtyltdy. Poliseýler platformanyň ugruna düzülip, demirýoldan bir ýarym metr uzaklykda hatara durdular. Adamlardan ýola has ýakynlaşmazlygyny haýyş edýärler.

(Surat) Agşamlyk adamlar Türkmenistandan gelmeli ildeşlerine garaşýarlar, Mangystau oblasty, 2021-nji ýylyň 13-nji maýy.

Otly guguldap, ýetip geldi. Mähelläni uly tolgunma gurşady. Garaşýanlar polisiýanyň duýduryşyny unudyp, wagonlaryň alkymyna dykylyp bardylar. Olimpiada gahrymanlaryny garşylaýan ýaly – şatlyk hem sykylyk güwleýär.

Agşamlyk adamlar Türkmenistandan gelmeli ildeşlerine garaşýarlar, Mangystau oblasty, 2021-nji ýylyň 13-nji maýy.
Agşamlyk adamlar Türkmenistandan gelmeli ildeşlerine garaşýarlar, Mangystau oblasty, 2021-nji ýylyň 13-nji maýy.

Käbir ýolagçy aşak düşmänkä, ýakyn garyndaşy ony tutup, özüne çekýär. Gelenleriň gözleri ýaşlydy. Gujaklaşýardylar.

Ýolagçy otlusy Türkmenistandan göçen 250-den gowrak adamy Gazagystana getirdi.
Ýolagçy otlusy Türkmenistandan göçen 250-den gowrak adamy Gazagystana getirdi.

Käbirleri adamlaryň üstünden süýji sepýärdi – bu gazaklaryň şaşu – seçmek däbi. Şatlyk pursady geçip, adamlar goş-golamlaryny ýada saldylar hem ýüklerini ýuwaş-ýuwaşdan platformadan süýräp alýardylar.

— Ajaýyp duýgular! Watanymyza gaýdyp, çagalar bilen duşuşanyma begenýärin. Soňky gezek bu ýerde iki ýyl ozal boldum. Men gaty tolgunýan. 10-njy maýda [gitmek barada] gowy habar eşitdim. Garyndaşlarymyz jemlendiler, görşüp, ýolumyzyň açyk bolmagyny arzuw etdiler – diýip, özüni Zeýneş diýip tanadan, eli gül-çemenli ýaşy gaýdyşan aýal ýylgyrýar.

Başga bir ýolagçy Ažargül özüniň garyşyk duýgulary başdan geçirýänini boýun alýar.

—Tutuş ýyllap bu güne garaşdyk. Ýöne gaýdyp bilmedik ýene näçe garyndaşymyz galdy, olar sebäpli bizem gaýtmak islemändik. Aglaýardyk. Özümizi bäri gaýtmaly diýip ynandyrdyk. Garyndaşlarymyz öň bu ýere göçüpdiler. Biz indi Özende galarys – diýip, Ažargül beýleki garyndaşlarynyň hem Türkmenistandan göçüp gelmegine umyt baglaýandygyny aýdýar.

"Şatlykdan bogazym doldy". Türkmenistandan gelen gazaklar öz topraklaryna aýak basdylar
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:25 0:00

Gözüniň ýaşyny süpürýän aýal “ahyrsoňy gelendigimize henizem ynanyp bilemok” diýýär.

— Otludan düşen badyma ýeri ogşadym. Bu gün hiç haçan gelmez diýip gorkýardym. Ýanymda duran adamyma seredip: “Meni çümmükle” diýýän. Megerem, özümi uklaýandyryn öýdýän. Soňky gezek bu ýerde 2019-njy ýylda, gyzymy bu ýere getirenimde bolupdym. Ol şu ýerde okaýar, durmuşa çykdy. Ol maňa garaşýan eken. Çagalarym maňa garaşýarlar. Men örän bagtly! – diýip, Karşyga Demetowa tolgunmasyny mälim edýär.

GELMEKDEN SOŇ

Garşy alnan günüň ertesi kandaslara, ýagny göçüp gelen etniki gazaklara bermeli wagtlaýyn umumy ýaşaýyş jaýynyň ýagdaýy bilen gyzyklandym.

Türkmenistandan göçüp gelen gazaklaryň köprägi Mangystau sebitinde ýerleşýärler. Gelen migrantlary tapmaga maňa Raýhan Daribaýewa kömek etdi. Ol 2000-nji ýyllaryň başynda maşgalasy bilen Türkmenistandan çykypdyr. 2009-njy ýyldan bäri diňe bir Türkmenistandan däl, eýsem beýleki ýurtlardan gaýdyp gelenleriň hukuklary ugrunda göreşýär. "Munaý etrabynyň graždan inisiatiwasy" jemgyýetçilik birleşigini esaslandyrdy. Eger daşary ýurtlardan öz ýakynlarynyň ýanyna gelmek isleýän gazagystanlylar bolsa, olar maslahat üçin, Raýhan Daribaýewadan kömek soraýarlar. Şeýle hem göçüp gelenler Gazagystandan nädip pensiýa almalydygy barada onuň ýardamyna mätäç bolýarlar.

«Munaý etrabynyň graždan inisiatiwasy» jemgyýetçilik birleşiginiň başlygy Raýhan Daribaýewa. Mangystau oblasty, 2021-nji ýylyň 13-nji maýy.
«Munaý etrabynyň graždan inisiatiwasy» jemgyýetçilik birleşiginiň başlygy Raýhan Daribaýewa. Mangystau oblasty, 2021-nji ýylyň 13-nji maýy.

Biz Munaý etrabyna gidip, ol ýerde fewral aýynda göçüp gelen maşgalalaryň birine baryp gördük. Kandaslar diktofonda gürleşmekden ýüz öwürdiler. Olar Gazagystana gelmezden ozal Türkmenistanyň ýörite gulluklary tarapyndan sorag edilmek üçin ýörite çagyrylandygyny düşündirdiler. Adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň iň ýapyk we repressiw hasaplaýan goňşy ýurdunda, öz ýakyn hossarlarynyň bardygyny nazarda tutup, olara ýaramazlyk islemeýändiklerini aýdýarlar.

Mangystau oblastynyň Munaý mekanyna girelge, 2021-nji ýylyň 14-nji maýy.
Mangystau oblastynyň Munaý mekanyna girelge, 2021-nji ýylyň 14-nji maýy.

Göçüp gelenlerden käbiri bilen gürrüňdeş bolanymyzda, Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň ýaşaýjylary gorkuzýandyklaryny, artykmaç bir zat aýtmakdan gorkýandyklaryny aýtdylar. Olar hatda wirtual VPN torlaryny ulanmakdan gorkýandyklaryny, şol sebäpden WhatsApp toruna girip bolmajakdygyny mälim etdiler.

— Eger telefonyňdan VPN tapsalar, nireden göçürip alandygyňy soraýarlar, haçandan bäri ulanýandygyňy, haýsy saýtlara girendigiňi soraýarlar – diýip, Türkmenistandan gelen aýdýar.

Batyr obasynda Türkmenistandan göçüp gelenler köp. Ýakynlary tarapyndan düýnki garşy alnan maşgala baryp, Karlyga Sarsenbaewa bilen gürleşýäris. Ol ýeke özi gelipdir. Türkmenistanda uly ogly hem adamsy galypdyr.

— Men 2020-nji ýylyň fewral aýynda ol ýerde hasapdan çykdym. Beýlekiler ýaly bir ýyldan gowrak wagt bäri bu ýere gaýdyp bilmedim. Golaýda bize wiza berildi. Men ýeke boldum. Oglum, gelnim hem adamym şol ýerde galdy. Men eýýäm olary küýsäp daşladym – diýip, ol boýun alýar.

Türkmenistandan gelen gazak aýaly Karlyga Sarsenbaýewanyň şatlygy. Mangystau oblasty, 2021-nji ýylyň 13-nji maýy.
Türkmenistandan gelen gazak aýaly Karlyga Sarsenbaýewanyň şatlygy. Mangystau oblasty, 2021-nji ýylyň 13-nji maýy.

Batyr obasynyň başga bir ýaşaýjysy, pandemiýa sebäpli ejir çeken agasynyň ýagdaýynyň näbelliliginden alada galýandygyny aýdýar.

— Agam Daşoguz welaýatynda ýaşaýar. Bu ýerde gyzymyň toýundan soň, [Türkmenistana] gaýdyp bilmedim. Onuň beýleki gyzy bolsa agtygy bilen şol ýerde galdy. Ol yzyna gaýdyp bilmeýär – ýol ýapyk. Ol jaýyny satyp, şu ýere göçüp gelmeli. Jaý onuň adynda, onsuz jaýy satmak mümkin bolmady. Migrasiýa gullugyna ýüz tutduk. Olar bize garaşmaly diýdiler. Ýöne näçe wagt garaşyp bileris? Ol tiz wagtdan pensiýa çykmaly. Ahyrynda, ol nirede ýaşamaly, nireden pensiýa almaly – muny anyklaşdyrmaly ahyryn – diýip, Berdibaý Sarsenbaýew öz aladasyny paýlaşýar.

ÝERLEŞMEK. BAR UMYTÝAKYN GARYNDAŞLARDA

Şähere gaýdyp gelýärkäk, ýolda Raýhan Daribaýewadan Türkmenistandan göçüp gelenleriň nähili ýerleşýändigi barada soraýaryn.

— Olara döwletden kömek ýok. Gelen badyna olar hasaba ýazylmaly. Ýazylmak bolsa düzgün bolşy ýaly, ýaşaýan ýeri – garyndaşlaryndan hasaba alynýar. Öň biziň geläýen wagtymyzda kwota bardy, indi [Mangystau oblastynda] kwota ýok. Olar diňe garyndaşlarynyň iberen çakylygy bilen Türkmenistandan gelýärler. Gelenlerinden soň şol garyndaşlary hem olara eýe çykýar: ýaşamak üçin rugsatnama bellige alýarlar, pensiýa almaga, medisina kömegine we işe ýerleşmäge ýardam edýärler – diýip, Raýhan Daribaýewa düşündirýär.

Köp adam göçüp gelmek bilen girdejisini ýitirýär. Olar Türkmenistandan ýazgydan hem hasapdan çykanlaryndan soň, pensiýadan hem ýeňilliklerden mahrum bolýarlar. Beýleki tarapdan, Gazagystan öz çäginde resminamalar bellige alnandan soň, sosial ýeňillikleri berip başlaýar. Birnäçe aýlap hiç hili pul almaýan adamlar bar, resmi taýdan işe ýerleşmek bolsa diňe hasaba alnandan soň mümkin. Işsizlik derejesi ýokary bolan Mangystau oblastynda bu örän kyn. Işe ýerleşmek aladasy alty aý ýa-da bir ýyllap dowam edýär, eger migrant başarnygyny subut etse, onda-da garaşmaly, beýlekiler bilen deň şertlerde.

Dalaşgärler zähmet ýetmezçiligi diýlip atlandyrylýan demirgazyk sebitlere göçmek we ýaşaýyş jaýy almak kararyna gelseler, onuň kwotalary hem ýeňillikleri bar.

— Emma olar demirgazyga gidip bilmeýärler, sebäbi görşüňiz ýaly, olaryň ähli garyndaşy şu ýerde. Öň bu ýere gelen garyndaşlary ýa-da çagalary olar üçin ýer satyn alyp, jaý gurupdyrlar. Mundan başga-da, olar demirgazygyň howa şertlerine çydap bilmezler – diýip, Daribaýewa gürrüňini dowam etdirýär.

13-nji maýda göçüp gelenlerden ýene biri bilen gürrüňdeş bolduk. Ol howpsuzlyk sebäpli adynyň tutulmazlygy haýyş edýär. Gazagystanda (adam hukuklaryny goraýjylaryň aýdyşy ýaly, adam hukuklaryny bozýan ýurtdan tapawutlylykda) dem almak aňsat bolar diýip umyt edýär.

— Türkmen serhedinde serhetçiler hemmämizi bir kompýuterden geçirdi. Bir kompýuteriň üsti bilen 260 adam barlandy. Gazak serhedinde bolsa bar zat çalt, iki sagadyň içinde bar iş tamam boldy: serhetçiler maglumatlary planşetden alýarlar. [Türkmenistanda] adamlaryň "ruhy öçürilýär". Baýlara aldaw salýarlar. Iş ýok. Ýaşamak üçin mümkinçilik ýok. Aýlyk 20 dollar. Işe ýerleşmek üçin [para] bermeli. Adamlar islendik iş ornuny ýitirmekden gorkýarlar. Men ol ýerde hasapdan çykanymda, serhedi ýapdylar, bar toplanjam ýaşamagyma ýetmedi, karz bilen ýaşadym – diýip, ol aýal gürrüň berýär.

Biz ol aýal bilen Aktau kenarynda durup gürleşýäris. Ol Hazar deňzine seredýär. Säginip, uzaklara nazar salyp dur.

— Şeýle gözellik! Meniň joralarymyň muny görüp bilmeýänine gynanýan. Indi olary haçanam bolsa bir wagt bu ýere getirmegi arzuw edýärin. Bilýärsiňizmi, ol ýurtdan diňe bir gazaklylar däl, başgalaram gaçýarlar. Iň başarjaň bolanlar Türkiýä gidýärler. Şeýle hem Russiýa, Gazagystana gaýdýanlar bar. Käbir gyzlaryň Gazagystanda durmuşa çykmagy, soň bu ýerde galmagy arzuw edýändigi hiç kim üçin syr däl. Talyplar okuwdan soň bu ýerde galmak isleýändiklerini aç-açan aýdýarlar – diýip, gürrüňdeşimiz hoşlaşmazdan öňinçä gürrüň berdi.

Soňky ýyllarda halkara habar beriş serişdeleri gazyň bahasynyň (ýurduň esasy eksporty) peselmegi sebäpli Türkmenistanda ykdysady krizisiň dowam edýändigini, munuň giň çäkdäki ýetmezçilige getirendigini, azyk nobatlarynyň ulalýandygyny, ilatyň garyplaşmagyny ýazýarlar. Aşgabat beýle neşirlere üns bermän gelýär.

Gazagystan 1991-nji ýyldan bäri daşary ýurtlardan etnik gazaklary kabul edýär. Bu döwürde bir milliondan gowrak bosgun ýurda göçüp geldi. Ýöne soňky ýyllarda gelýänleriň akymy ep-esli azaldy: geçen ýyl takmynan 12 müň gazak taryhy ýurduna göçüp geldi, bu garaşsyzlykdan soňky iň pes görkezijidir (90-njy ýyllarda her ýylda 40 müňden gowrak gazak göçüp gelýärdi). Göçüp gelýänleriň sanynyň azalmagy diňe bir pandemiýa sebäpli serhetleriň ýapylmagy bilen bagly däl, eýsem Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky iň uly gazak jemagatynyň ýaşaýan Sinjiang sebitindäki ýagdaý agyrlaşýar. 2017-nji ýyldan bäri ol sebitde ýerli türki dilli etnik toparlaryň hukuklarynyň bozulýandygy, esassyz aýyplamalar bilen adamlaryň "gaýtadan tälim beriş lagerlerinde" we türmelerde saklanmagy, olaryň pasportlarynyň konfiskasiýa edilmegi we Hytaýdan çykmagyň gadagan edilýändigi barada habarlar gelip gowuşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG