Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ene-atalar gullukdaky hassa ogullarynyň ‘dadyna özleri ýetişmeli’


Ogluny harby gullukdan garşy alýan bir ene. (arhiw suraty)
Ogluny harby gullukdan garşy alýan bir ene. (arhiw suraty)

Türkmenistanda hökmany harby gulluga çagyrylan esgerleriň horluklary, şol sanda azyk, derman ýetmezçilikleri saklanyp galýar, goşundaky kemsitmeler, esgerleriň we olaryň komandirleriniň arasyndaky 'eziş ýa agalyk medeniýeti' hem dowam edýär. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ene-atalar harby bölümlerde nähoşlan, şol sanda operasiýalary başdan geçiren esgerlere hem gerekli hemaýatyň berilmeýändigini, şol sebäpli ogullarynyň “dadyna özleriniň ýetişmeli bolýandyklaryny” aýdýarlar.

Ilki bilen, Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleriniň howpsuzlygy jähtinden olaryň atlarynyň üýtgedilip berilýändigini, şeýle-de gürrüň ediljek harby bölümiň belgisiniň, anyk seneleriň we çeşmelerimiziň şahsyýetini äşgär edip biljek beýleki maglumatlaryň bu ýerde aýan edilmeýändigini belleýäris.

Lebabyň Farap etrabynyň ýaşaýjysy 50 ýaşlaryndaky Zafar aga bu günler karz-kowala düşüp, Balkanyň Serdar etrabynda harby gullugy geçýän oglunyň köriçegesindäki operasiýasyndan soň, onuň sagaldyş proseduralary, gerekli däri-dermanlary üçin pul toplaýar.

“Oglumyň gullukdaşlary onuň operasiýa bolandygyny, hassahanada gerekli däri-dermanlaryň düýbünden ýokdugyny, lukmanlaryň hatda rezin ellikleri hem özleriniň satyn amaly bolýandyklaryny aýdyp, ogrynça jaň etdiler. Häzir welaýatara hereket çäklendirmeleri bar. Onda-da oglumyň dadyna ýetişjek bolup, prosentine karz alyp, gumdan gatnaýan taksiler bilen Balkanda gitdim” diýip, Zafar aga Azatlygyň ýerli habarçysyna gürrüň berdi.

Ol hassahanada oglundan başga-da köriçegesinde operasiýa bolan onlarça esgeri görendigini aýtdy.

“Lukmanlar muny gullukdaky iýmitiň hiliniň pesligi bilen düşündirdiler. Olar esgerleriň harby bölümlerde yza çekip başlanda, öz wagtynda keselhana iberilmeýändigini, şu sebäpli-de esgerleriň ölýän halatlarynyň hem bolýandygyny gürrüň berdiler. Lukmanlar kähalatlarda gullukda ýogalan esgerleriň garyn boşlugynda urgularyň yzlarynyň hem bolýandygyny aýtdylar” diýip, faraply Zafar aga lukmanlar bilen ikiçäk söhbetdeşlikde bolan gürrüňleri habarçymyza ýetirdi.

Şol bir wagtda, Zafar aga bilen söhbetdeş bolan beýleki esgerler, soňky döwür gullukçylaryň, şol sanda ofiserleriň süteminiň hem artandygyny belläp geçdiler.

“Ofiserler bizden pul tamakin bolup, ene-atalarymyza jaň etdirdýärler. Eger-de soralýan puly telefonlaryna geçirdip bilmesek, onda bize azar berýärler, hatda el hem gatýarlar” diýip, esgerleriň biri gürrüň berdi.

“Ofiserler esgerleriň arasyndaky dedowşina (agalyk – red.) hem göz ýumýarlar. Ekin meýdanlaryna şugundyr ýygmaga äkidilende, ozaldan gulluk edýän esgerler zulum edip, diňe bize ýygdyrýarlar. Olaryň ýaş esgerleri piliň demir tarapy bilen urup, olaryň gapyrgasyny döwýän, kelle çanagyny ýarýan ýagdaýlaryny hem gördük” diýip, Serdar etrabynyň hassahanasyndaky esgerleriň biri belledi.

“Esgeriň ölümi halatynda, harby ýolbaşçylar her edip, hesip edip işi suda geçirtmejek bolýarlar. Esgeriň, hamana, janyna özi kast edendigi barada ölüm netijesini üýtgedýärler” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran esgerleriň biri sözüne goşdy.

Bu ýagdaýlar dogrusynda, Serdaryň degişli harby bölüminden we gürrüňi gidýän hassahanadan resmi kommentariýa almak başartmady. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi hem Azatlyk Radiosynyň soraglaryna jogap bermekden ýüz öwürdi.

Azatlyk Radiosy türkmen goşunyndaky dowam edýän açlyk, korrupsiýa we zorluk, şol sanda ölüm hadysalary barada yzygiderli habar berip gelýär. Türkmen häkimiýetleri syzyp çykan maglumatlara açyk reaksiýa ýa-da düşündiriş bermän, adatça, ýagdaýy ýuwmarlamak üçin, prezidentiň ol ýa-da beýleki harby bölüme eden sapary, ol ýerde gurlan döwrebap aşhana we esgerleriň ýyly çörek iýmek mümkinçilikleri barada habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG