Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Serdar Berdimuhamedow Lebapda ‘ile peýdasy degmeýän’ desgalara aýlandy


Serdar Berdimuhamedow prezident-kakasy tarapyndan yzly-yzyna ýokary derejeli wezipelere bellendi. (arhiw suraty)

Türkmenistanyň wise-premýeri Serdar Berdimuhamedow 26-njy maýda günüň birinji ýarymynda Lebabyň administratiw merkezi Türkmenabada geldi. Golaýda prezident-kakasy tarapyndan yzly-yzyna ýokary derejeli, şol sanda ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy we döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy wezipelerine bellenen Serdar Berdimuhamedow garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna gabatlanyp açylmagy planlaşdyrylýan desgalaryň ýagdaýy bilen tanyşdy. Türkmen mediasynda beýleki ýokary derejeli emeldarlaryň hem gatnaşmagynda amal edilen bu sapar barada maglumat berilmedi.

Azatlygyň ýerli habarçylary Serdar Berdimuhamedow gelende, edil prezident-kakasynyň saparlarynyň dowamynda bolşy ýaly, ýokary derejede howpsuzlyk çäreleriniň görlendigini habar berdiler.

“Aeroportdan uzaýan ‘Arkadag’ şaýoly, şeýle-de Serdar Berdimuhamedowyň geçen şäheriň beýleki köçeleri, şol sanda ‘Bitarap Türkmenistan’ hem doly petiklendi. Onuň ugrunyň boýundaky dükanlaryň ählisini ýapmak, ulaglary ýoluň gyralaryndan aýyrmak tabşyryldy. Adamlar hem bu köçelere goýberilmedi” diýip, şäheriň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň biri 26-njy maý güni giçlik ýerli habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçylary kiçi Berdimuhamedowyň sebitde prezident-kakasynyň gatnaşmagynda açylmagy planlaşdyrylýan desgalaryň ýagdaýy bilen tanyşandygyny anyklamagy başardylar.

“Ol garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna gabatlanyp açylmagyna garaşylýan Türkmenabatdaky “Ak Öýüň” gurluşygy, Kerkidäki howa menziliniň we Çärjew etrabyndaky gazturbinaly elektrik stansiýasynyň ýagdaýlary bilen tanyşdy” diýip, ýerli resmileriň biri 27-nji maýda habarçymyza gürrüň berdi.

Ol Kerkidäki aeroportuň we Çärjewdäki elektrik stansiýanyň açylyşa taýýardygyny, şol bir wagtda Türkmenabatdaky “Ak Öýüň” gurluşygynyň heniz hem dowam etdirilýändigini aýdyp, iýunuň birinji hepdesinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň olaryň açylyş dabarasyna gatnaşmagyna garaşylýandygyny hem sözüne goşdy.

Bu aralykda, ýerli ýaşaýjylar ýiti ykdysady çökgünligiň, barha çuňlaşýan azyk krizisiniň arasynda “ilata peýdasy degmeýän” desgalara millionlarça dollar serişde harçlanmagyň ýerlikliligini sorag astyna alýarlar.

“Türkmenabatdaky 3 müň orunlyk ‘Ak Öýi’ resmiler ýygnak ýa-da çäre diýip, ýylda birnäçe gezek ulanaýmasalar, galan wagty onuň gapylary adaty adamlar üçin ýapyk bolar. Şäherdäki şular ýaly ozalky binalary hem tozaň basyp ýatyr” diýip, türkmenabatly hünärmenleriň biri aýtdy.

Şol bir wagtda, ýerli ilatyň elektrik üpjünçiligindäki kösençlikleriniň fonunda gurulýan Çärjewdäki 432 megawat kuwwatly elektrik stansiýasynyň içerki talaplary kanagatlandyrmak üçin däl-de, eýse goňşy Owganystana we Özbegistana togy eksport etmek üçin ulanyljakdygy bellenilýär.

“Çärjew etrabyndaky transformatorlara 30 ýyldan hem aşa wagt boldy. Gerekli enjamlaryň ýoklugy sebäpli, saklaýjylara derek adaty sim ulanylýar. Howanyň temperaturasy sähel ýokary galsa, olar sandan çykýar, kähalatlarda ençeme günläp hem elektrik togy bolmaýar. Täze gurulýan elektrik stansiýasynyň hözirini görüp bilmeris, ol ýerde öndüriljek tok daşary ýurda eksport ediler” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran çärjewli elektrik hünärmenleriň biri belledi.

Serdar Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna amala aşyrýan saparyny tamamlap-tamamlamandygyny häzirlikçe anyklamak başartmady.

Galyberse-de, synçylar ýurduň içerki we daşarky syýasatynda barha köp roly oýnaýan Serdar Berdimuhamedowyň kakasynyň ornuna mirasdüşer hökmünde taýýarlanýandygyny belleýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG