Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atasy ‘ussat halypa seýis’ boldy, ogly onuň ornuny aldy


G.Berdimuhamedow S.Berdimuhamedowyň täze wezipesine biragyzdan saýlanandygyny yglan etdi. Türkmen TW-sinden alnan surat.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti wezipesinden boşamak karary onuň ‘döwlet işleriniň köpdügi’ bilen düşündirilse, kiçi Berdimuhamedowyň ýene bir pudaga başlyk 'saýlanmagy' onuň ‘köpýyllyk tejribesi, ýokary guramaçylyk ukyby' bilen düşündirilýär.

Türkmen prezidentiniň ogly ýurtda ýene bir jogapkärçilikli hasaplanýan wezipä saýlandy, TDH bu gezek onuň ozal kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanylan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti bolandygyny habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow 9-njy aprelde ozal wise-premýer, daşary işler ministri Reşit Meredowa ynanylan iki topara, türkmen-rus we türkmen-ýapon hökümetara düzümleriniň türkmen böleginiň başlyklygyna bellendi.

16-njy aprelde ynanylan wezipe onuň golaýda eýelän wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy ýaly uly wezipeleriniň üstüni ýetirýär.

Ataly-ogluň arasyndaky nobatdaky wezipe göçümi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisiniň dowamynda edildi. Şeýle mejlisler 2011-nji ýylyň 22-nji aprelinden bäri dowamly geçirilýär.

Assosiasiýanyň wise-prezidenti wezipesine Annageldi Ýazmyradow tassyklanyldy. Ol Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygynyň hem orunbasary bolup durýar.

Şeýle-de, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň täze dolandyryş müdiriýetiniň hem-de derňew toparynyň agzalary saýlanyldy.

Bu mejlis adatça Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýär we bu gezek ol at baýramynyň Türkmen alabaýynyň baýramy bilen ilkinji gezek utgaşdyrylmagynyň öň ýanynda guraldy.

Wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewinň aýtmagyna görä, bu dabaralar 19-25-nji aprel aralygynda geçiriler.

Döwlet baştutany öz çykyşynda Aşgabatda, Ahal we Mary welaýatlarynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine "hemmeleri işjeň gatnaşmaga" çagyrdy.

G.Berdimuhamedow Assosiasiýanyň prezidenti wezipesinden çekilmek kararyna gelendigini aýtdy.
G.Berdimuhamedow Assosiasiýanyň prezidenti wezipesinden çekilmek kararyna gelendigini aýtdy.

Bu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Mary welaýatynda hem baýramçylyk at çapyşyklary geçiriler. Mary atçylyk sport toplumynyň durky döwrebaplaşdyrylyp, döwlet derejesinde baýramçylyk çärelerini geçirmäge taýýar edildi.

Baýramçylyk maksatnamasy “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XIII halkara ylmy maslahaty hem öz içine alýar.

Şeýle-de, “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” we “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşikleriň jemleýji tapgyrlary geçiriler.

Geçen ýyl Bedew baýramy Lebap we Mary sebitlerinde bolan güýçli harasadyň öň ýanynda bellendi, emma şondan biraz öň Britaniýanyň “Andrew Bowen Limited” kompaniýasyndan çapuw ýodalary üçin bahasy £1 milliona barabar 10,000 müň tonna çäge we örtük serişdelerini satyn alan hökümet gaý-tupandan ejir çekenlere kömek bermän, türkmen aktiwistleriniň berk tankdyna sezewar boldy.

Mejlisiň dowamynda “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň garamagyndaky “Goýumly oýunlar, hyzmatlar we üpjünçilik” döwlet kärhanasyny “Altyn bedew” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky kararyň taslamasy prezidente hödürlendi.

Türkmenistanda sowet ýyllarynda ete tabşyrylan ahal-teke atlarynyň waspy öňräkden gelýän bolsa, it waspy prezidentiň oglunyň wezipe basgançaklarynda barha kän ‘tejribe’ toplaýan wagtyna gabat geldi.

Urlup, zäherlenip öldürilýän eýesiz itler, pişikler barada çykan habarlardan soň, Türkmenistan 2019-njy ýylyň fewral aýynda ýurduň ilkinji weterinariýa klinikasyny, öýsüz haýwanlar üçin penahana döretmek planlaryny yglan etdi.

S.Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň awgustynda döredilen Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň prezidenti boldy.

Nobatdaky at baýramçylygy G.Berdimuhamedowyň ýerli kanunçylygy bozup, Halk maslahatynyň başlyklygyna saýlanmagynyň we Mejlis tarapyndan “Türkmenistanyň ussat halypa seýsi” diýen hormatly at bilen sylaglanmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Ol 2015-nji ýylda hem, türkmen Mejlisiniň ýörite karary bilen, “Türkmenistanyň Halk atşynasy” diýen at bilen ilkinji bolup sylaglandy.

Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti wezipesinden çekilmek karary “bu işlere ýaşlary işjeň çekmek maksady” we onuň özüniň “döwlet işleriniň köpdügi” bilen düşündirilýär.

Bu wezipäniň ýurduň ýaş kadrlaryndan hut kiçi Berdimuhamedowa ynanylmagy bolsa, mejlisde çykyş edenleriň sözlerine görä, onuň “köpýyllyk tejribesi, ýokary guramaçylyk ukyby” bilen düşündirilýär.

Emma muňa garamazdan, hökümet tankytçylary ataly-ogluň “ýokary guramaçylyk ukyby” diýilýäni sorag astyna alyp, Türkmenistanyň soňky onýyllykda uly ykdysady çökgünlige düşendigini, hökümetiň bu ýagdaýdan çykmak başarnygynyň ýokdugyny öňe sürýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG