Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Mary Serdar Berdimuhamedowyň gelmegine taýýarlanýar, işçiler mejbury zähmete garşy çykýar


Maryda tam süpüriji prezidentiň portretini ýuwýar. (arhiw suraty)

Prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna gelmegine garaşylýar.

Azatlygyň Marydaky habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda, edil prezidentiň saparlarynyň öňýanynda bolşy ýaly, güýçli depginde, şol sanda agyr tehnikanyň hem gatnaşmagynda mejbury arassaçylyk işleri geçirilýär.

Aýdylmagyna görä, täzelikde birden üç wezipä bellenen, wise-premýer, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy, ýurduň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Baýramalydaky atçylyk toplumyna hem baryp görmegine garaşylýar.

“Eýýäm iki günden bäri atçylyk toplumynyň golaýyndaky potrat ýerlerini yzly-yzyna sürýärler, soňundan traktor bilen hem geçýärler. Uly ýoluň ugrundaky göze ilmeýän ýerleriň bolsa, geçen ýyldan gurap galan çöpleri hem aýrylmaýar. Toplumyň daş töweregini diňe syryp-süpürmek däl, ony esgiler bilen ýuwýarlar” diýip, mejbury arassaçylyk işlerine çekilen býujetçileriň biri 25-nji martda giçlik habarçymyza gürrüň berdi.

Mundan başga-da, ýerli häkimiýetleriň komunal hojalyk gullugynyň işçilerini, işlerinden kowmak haýbaty bilen, uzakly günüň dowamynda arassaçylyk işlerini geçirmäge mejbur edýändikleri bellenilýär.

“Düýn şemal turup, ozal arassalanan ýerleriň üstüni sähel çaň basdy. Ýel öwüsmegini bes etmese-de, syran ýerimiziň üstüne dessine çala tozan düşse-de, resmiler durman süpürmegimizi talap etdiler. Iki işgär ‘şemal dynyp, tozan aşak düşensoň syrsak bolmaýarmy? Biz gaýtjak, ýel gutaransoň çagyraýyň’ diýmeginden soňra, häkimligiň wekilleri olara ertir işden çykýandygy barada arzalaryny ýazmagy tabşyrdylar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran býujetçi belledi.

Onuň sözlerine görä, häkimligiň wekilleriniň bu hereketine jogap edip, komunal hojalyk gullugynyň başga-da ýedi işgäri “[işden] çykarsaňyz çykaraýyň” diýip, atçylyk toplumyny terk edipdir.

Açyk Söhbet: Täze wise-premýer Serdar Berdimuhamedow kim?
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:14 0:00

Şol bir wagtda, prezidentiň oglunyň öňünde çykyş eder ýaly falklor tansçy toparlarynyň hem taýýarlyk görýändigi bellenilýär.

Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan marylylar ýurtdaky barha ýitileşýän maliýe krizisi bilen birlikde, prezidentiň, onuň oglunyň saparlarynyň öňýanynda uzakly gün “gul hökmünde” işledilmegine barha nägile bolýarlar.

Gepiň gerdişine ýatlatsak, 22-nji martda Serdar Berdimuhamedow, şondan üç gün öň turan adam pidaly heläkçilikli tupandan soň, Lebap welaýatyna hem sapar edipdi. Emma görnüşinden prezidentiň oglunyň diňe ýakynda açylmagy göz öňünde tutulýan iri gurluşyk obýektleriniň ýagdaýlary bilen tanyşyp, adaty ilatyň hal-ahwaly bilen gyzyklanmandygyna çalym edýär.

Bu aralykda, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguza hem sapar etmegine garaşylýandygyny, munuň bilen baglylykda güýçli depginde arassaçylyk işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, Serdar Berdimuhamedow Gurbansoltan eje etrabynyň golaýyndaky itleriň penahanasynyň gurluşygy bilen tanyşmagy planlaşdyrýar. Neşir 19-njy martdan bäri sebitde giň gerimli arassaçylyk işleriniň geçirilýändigini, şeýle-de Serdar Berdimuhamedowyň geçjek ýolunyň ugrundaky melleklerde ýeralmasyny ekmek barada tabşyryk berlendigini nygtaýar.

Serdar Berdimuhamedowyň Mara we Daşoguza etjek saparlarynyň anyk senelerini häzirlikçe anyklamak başartmady. Bu barada döwlet habar serişdelerinde hem maglumat berilmeýär.

Türkmenistanyň syýasy durmuşyny ýakyndan yzarlaýan ekspertler Berdimuhamedowyň ogly Serdaryň syýasy karýerasynyň birden götergilenmegi bilen, onuň kakasynyň ornuna mirasdüşer hökmünde taýýarlanýandygy baradaky garaýyşlaryny beýan edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG