Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Maldarlar sygyrlaryny, goýun we guzularyny satmakda kösençlikleri başdan geçirýärler


Mal bazar

Türkmen hökümeti ýurduň oba hojalyk pudagynyň, şol sanda maldarçylygyň ösdürilýändigini aýdýar. Ýöne maryly maldarlar ot-iým ýetmezçiligi we beýleki problemalar sebäpli dürli kösençlikleri başdan geçirýärler. Bir tarapdan öri meýdanlarda ýaz otunyň bitmezligi, beýleki tarapdan bazarlarda mal söwdasynyň durgunlygy maryly maldarlary alada goýýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatynyň Ýolöten we Murgap etraplaryndaky mal bazarlarynda bolup, maldarlaryň we mal söwdagärleriniň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, etraplaryň mal bazarlarynda adamlar mallaryny satmak üçin ençeme günläp bazarda galmaly bolýandyklaryny aýdýarlar.

“Biz indi 10 gün bäri şu bazarda. Aramyzda 20 gün bäri bazarda ýatyp-turup ýören adamlar hem bar” diýip, bazardaky bir mal söwdagäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, adamlar çöl ýerlerinde ýaz otunyň ýetmezçiligi sebäpli, mallaryny bazarda satmaly bolýandyklaryny aýdýarlar.

Üç-dört mally adamlar mallaryny golaý-goltumdaky mal bazarlaryna eltip, geçse satýar, geçmese mallaryny yzyna alyp gaýdýar. Ýöne, görnüşinden, Murgap we Ýolöteniň mal bazarlaryndaky adamlar mallaryny uzak ýerlerden getiripdirler we satlyk mallar san taýdan az däl.

“Biz sygyrlarymyzy, goýun we guzularymyzy ýol kireý töläp, her hepde äkidip-getirip bilmeýäris. Äkitsek hem nirä äkideli!? Gury otsuz meýdana äkidip, aç goýup, ýene yzyna alyp gaýtmaly. Olary äkidip-getirmek üçin ummasyz ýol kireý tölemeli” diýip, mal söwdagäri gürrüň berdi.

Şonuň üçin hem olar birnäçe gün bäri mal bazarda galýandyklaryny aýdýarlar.

Mal bazarda bahalar nähili?

Bir maldaryň sözlerine görä, ýaňy bir otlamagy öwrenen toklular ilkibaşda, öri meýdandan bazara getirilen günleri 500-600 manatdan satyldy. Ýöne ençeme gün bäri bazarda galýan mallar horlanýar. Häzirki gün olar, maldaryň sözlerine görä, 300-400 manatdan bahalanýar.

“Mal alanlarynda saýlap, gowularyny alýarlar. Indi horlanan mallar galdy. Bu mallar hem biraz baksaň dirjener. Şularyň bahasy göni 300 manat diýip aýdýaryn. Biraz ylalaşýaryn” diýip, mal söwdagäri gürrüň berdi.

Mal söwdagärleri bahalaryň arzandygyny aýdýar. Beýleki bir maldar uly goýunlary 800 manatdan satypdyr.

Olar bazarlarda ot-suw satyn alyp mallaryny iýmleýärler. “Bazarda ot-iým berýäris, suwa ýakýarys. Başga çykalga ýok” diýip, maldar aýdýar.

Ol ýaňy-ýakynda üwelen ýorunja satyn alypdyr. Satyn alan ýorunjasy eýýäm gutaryp barýar diýýär.

Mal söwdagärleri bazar administrasiýasynyň özlerinden ýer üçin soraýan tölegleriniň azaldylmagyny soraýar. Habarçynyň maglumatlaryna görä, mal bazarda söwdagärlere hepdede iki gün galmaga rugsat berilýär, ýöne uzak ýoldan baran maldarlar bary-ýogy iki günüň özlerini kanagatlandyrmaýandygyny aýdýarlar.

“Biz bazarda petek töläp oturýarys. Häzir ýagdaýymyza düşünýän bolsalar, petek puluny azaldardylar” diýip, bir söwdagär gürrüň berdi.

Türkmenistanda Gurban baýramynyň öň ýany mal söwdasy, hususan-da goýun-geçi söwdasy gyzyşýar. Käbir hojalyklar öňünden owlak-guzy satyn alyp, gurbanlyk gününe çenli olary ösdürip ýetişdirýär. Bu ýyl Gurban baýramy iýul aýyna gabat gelýär.

Azatlyk Radiosy mundan ozal, türkmenistanly maldarlaryň aladalary, olaryň ot-iým ýetmezçiligi, mallaryň arasynda ýaýraýan keselçilik, weterinariýa hyzmatlarynyň pes derejesi ýaly problemalar barada habar berdi. Türkmen oba hojalyk resmileri maldarlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada düşündiriş bilen döwlet mediasynda çykyş etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG