Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mallar çölde-de, işikde hem aç ölýär, adamlar gaty aljyraýar


Türkmenistanda mekdep partasynda bolmaly ýaş oglanlara mal bakdyrmak 'adaty' zat bolup galýar.
Türkmenistanda mekdep partasynda bolmaly ýaş oglanlara mal bakdyrmak 'adaty' zat bolup galýar.

Mundan öň owlak-guzy möwsüminde bolan sowuk howanyň maldarçylyga, güllän miweli agaçlara, ekilen ýeralmalara uran zarbasy, gurak gelen ýylyň getiren 'sygyr açlygy', döwletiň mally adamlara salýan bikanun mal salgydy barada habar berildi. Indi çölden getirilen mallar, iým bolmansoň, işikde ölýär.

Gurak gelen ýyl bilen goşulyşan maliýe kynçylyklary türkmen maldarlaryny barha agyr ýagdaýa salýar, çölde mal bakýan adamlar şu wagta çenli mallaryny ýygnamadyk adamlaryň mallaryny işiklerine getirip, eýelerine elin tabşyrmaga başlady diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy habar berýär.

Çekene çopanlary mal eýelerine bu ýyl meýdandaky ot gytçylygyny bir aý mundan öň habar berip, mallaryny haýal etmän alyp gitmeklerini haýyş etdiler. Ýöne bu haýyşy hemme mal eýesi bitirip bilmedi. Sebäbi köp adamyň işiginde meýdanda bakdyran mallaryny saklap boljak ýatak ýa ýer ýokdy.

Mallaryny çölden ýygnap ýetişmedik adamlaryň mallary şu gün uly ýük maşynlarynda getirilip, eýeleriniň gapylarynda düşürilip başlandy, ýoluň uzaklygyna görä, her getirilen mal üçin mal eýesinden pul soralýar diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, her getirilen mal üçin eýelerinden, ýol gaty uzak bolmasa, 200 manat, eger ýol uzak bolsa, 400 manat tölemek talap edildi.

Ozal mallaryny ýygnan adamlar, öz ýataklary bolmasa, sygyrlaryny başga birleriniň ýataklarynda ýerleşdiripdi. Häzir mallary getirilen adamlar bolsa, esasan ne işiginde ýatagy, ne-de mal saklamaga ýagdaýy bar adamlar bolup çykdy. Olaryň köpüsi getirilen mallar üçin tölenmeli puly hem töläp bilmedi, indiki aýda bereris diýip, sygyrlaryny alyp galdy.

Şaýatlaryň gürrüň bermeklerine görä, çölden getirilen mallary görüp, adamlar haýran galdylar.

"Mallar durşuna süňk bilen ham bolup galypdyr, wagtynda eýelerine gowşurulmadyk bolsa, uzak galman öljek ekeni" diýip, radio bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylar aýtdy.

Olaryň sözlerine görä, meýdanda açlykdan ölen mallar hem köp bolupdyr.

"Diňe meýdanda däl, eýesiniň işiginde hem mallar açlykdan ölüp başlady, sebäbi hojalyklarda mala bermäge iým ýok, iým almaga pul ýok" diýip, işini ýitiren çopan adamlaryň ne gurak gelen ýyla, ne-de ykdysady kynçylyklara taýýarlykly bolandygyny aýtdy.

Mal eýeleri gaty aljyraýar, çölden getirilen sygyrlara bermäge ne ot, ne-de iýmleri bar, käbiri aýak üstünde zordan duran sygyrlary öldürip, her kim 5 kilogramdan nesýe alsa-da, oba içinde ýerlemek pikirini edýär.

Emma kömege çagyrylan gassaplar maly görüp, bu malda süňk bilen ham bar diýmeseň, et ýok, soýanymyz bilen kime sataly diýýärler we, işikde ot-suwuna seredip, biraz semretmegi maslahat berýärler.

Ot-iým kynçylygyny bilýän adamlaryň mallaryny ýarpy bahasyna-da bolsa satmak synanyşygy hem başa barmaýar, sebäbi görmäge gelen adamlar bu söwdany peýdasyz hasaplaýar diýip, habarçy aýtdy.

Şu aralykda ot-iým nyrhlary hem kesgin ýokarlanmaga başlady.

"Edil häzir ot satýan ýok, eger ot satýan tapsaň, bir teleşge üwelmedik samana 2200 manat soraýarlar, bir goşym aldy. Ol ýene gözleýär, emma tapanok" diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri habarçy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häzir kepegiň 1 kilogramy 7 manat, sarun, künjara 10 manat bahalanýar.

Adamlar iýme derek, eger tapsalar, samana garyp bermek üçin, iň pes sortly uny hem satyn alýarlar. Iň pes sortly unuň haltasy 300 manatdan satylýar, ol iýmden biraz arzan düşýär diýip, mal eýeleri gürrüň berýär.

Azatlygyň türkmen resmileri bilen kyn ýagdaýda galan maldarlar we olaryň häzirki agyr ýagdaýda döwletden alyp biljek kömegi barada geçirmekçi bolan söhbetdeşligi başa barmady.

Azatlyk mundan öň owlak-guzy möwsüminde bolan sowuk howanyň güllän miweli agaçlara, ekilen ýeralmalara ýetiren zyýany, gurak gelen ýyl başynda açlykdan gotur açýan mallar, bularyň üstesine döwletiň mally adamlara salýan bikanun mal salgydy barada habar berdi. Emma häkimiýetler bu habarlary ne tassyklaýar, ne ret edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG