Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lebapda iri şahly mallar gyrylýar, mal lukmanlary sebäbini anyklap bilmeýär  


Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Lebap welaýatynda mallaryň köpçülikleýin gyrylmagy döwam edýär. Habarçylar iri we kiçi mallaryň ýylyň başyndan bäri keseçilik we açlyk sebäpli ölýändigini habar beripdi, emma häzirki ýagdaýa soňky günlerde Lebapda mallara ýokýan keselçiligiň sebäp bolýandygy aýdylýar.

Dänew, Saýat, Farap, Kerki we Darganata etraplarynda mallaryň ölýändigini ýerli habarçylarymyz 14-nji maýda habar berdiler we bu ýagdaýyň soňky on güne golaý wagt bäri dowam edýändigini aýtdylar.

Keselçiligiň esasy alamatlary ýokary gyzgyn, mallaryň sandyramagy we iki gün geçip-geçmän ölmegi bilen tapawutlanýar. Mallaryň haýsy keselden ölýändigini ýerli mal lukmanlary anyklap bilmeýärler. Lebapda häkimiýetleriň mallaryň köpçülikleýin ölýän etraplarynda karantin çärelerini amala aşyrmak işleri göze ilmeýär.

Habarçymyz bilen gürleşen weterinarlar mallara ýokýan keseliň alamatlarynyň koronawirusa çalym edýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanda mallaryň arasynda döreýän keselçiligiň nämedigini we nähili çäreleriň görülýändigini resmi çeşmelerden anyklap bolmady.

Dünýädäki tejribelere görä, COVID-19-yň haýwanlarda döremegine degişli ýagdaýar, hususan-da geçen ýyl Daniýada norka -süýrenjiklerde ýüze çykarylypdy. Ýurduň häkimiýetleri haýwanlarda mutasiýa bolan koronawirusyň tapylan fermalaryndaky ähli haýwanlary ýok etmek kararyna gelipdi. Netijede millionlarça haýwan ýok edilipdi.

Orsýetde haýwanlarda COVID-19 keseliniň tapylmalyna degişli iki hadysa resmi taýdan hasaba alyndy. Moskwada we Týumende koronawirus pişiklerde tapylypdy.

Bütindünýä saglyk guramasy täze koronawirus ýokançlygynyň haýwanlardan adamlara ýokaşýandygy barada hiç hili ylmy subutnamanyň ýokdugyny birnäçe gezek nygtapdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda ýokanç keselleriň ýaýramagy, şol mallaryň arasynda wagtal-wagtal döreýän epidemiýalar barada resmi habar bermeýärler.

Şu ýylyň başyndan bäri habarçylarymyz sygyrlaryň, goýun-geçileriň, düýeleriň kesellemegi barada birnäçe gezek habar beripdi. Käbir halatlarda mallarda gotur açmak we beýleki mal keselleri dörän bolsa, köp halatlarda mallaryň gyrylmagyna açlyk sebäp bolupdy. Şol sanda mart aýynda srüleriň köpelýän möwsüminde owlak-guzularyň 80%-niň ölendigi habar berildi.

Maldarlar sowuk howanyň maldarçylyga, ekerançylyga zarba urandygyny, gurak gelen ýylyň mallyryň açlygyna sebäp bolandygyny aýdýarlar. Şeýle-de, olar döwletiň mally adamlara salýan mal salgydy barada habar berýärler we çölde iýim tampadyk mallaryň adamlaryň işiklerinde hem iým bolmansoň, aç ölýändigini habar berýärler.

Gurak gelen ýyl bilen goşulyşan maliýe kynçylyklary türkmen maldarlaryny barha agyr ýagdaýa salýar, olar çölde bakylýan mallary eýelerine getirip, tabşyrmaga mejbur bolýar. Habarçylarymyz Maryda ýüze çykan şeýle ýagdaý barada ýaňy-ýakynda habar beripdi.

Bu aralykda, Lebapda mallaryň näbelli keselden ölýän wagtynda ýerli bazarlarda etiň bahasy arzanlady. Sygyr etiniň bir kilogramynyň bahasy 75 manatdan 68 manada düşdi diýip, Lebapdaky habarçymyz 14-nji maýda habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG