Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ezýet bermek – erki syndyrmagyň serişdesi. Eýran türmelerinde aýallaryň ýagdaýy


Aýal-garawullar ýowuzlykda tanalýan Tähranyň Ewin türmesinde.

Eýranda aýallar başgaça pikir edýändikleri üçin tussag edilýär, türme ýolbaşçylary bolsa olaryň erkini syndyrmak maksady bilen yzygiderli jynsy zorluklary hem ýanamalary – dürli ezýetleri ulanýarlar. Ynsan hukuklaryny goraýjy Nargis Mohammadi Clubhouse sosial ulgamynda bu barada gürrüň berip, şeýle sütemiň pidasy bolandygyny boýun aldy.

Eýrandaky türme sakçylarynyň "iş usullarynyň" ýüzüni açmaga, jenaýatçylary jogapkärçilige çekmäge gorky we utanç päsgel berýär. Emma Nargis Mohammadi hem beýleki öňki aýal tussaglar 27-nji maýda Clubhouse programmasynyň onlaýn ýygnagyndaky toparlaýyn gürrüňdeşlikde, başdan geçirenlerini paýlaşmak kararyna geldiler, muňa Eýrandan sürgün edilen, Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Şirin Ebadi hem goşuldy.

— Özümi maşyna taşlanan goýun ýaly duýdum – diýip, Nargis 2019-njy ýylda Tähran türmesinden, ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Zenjan şäherine mejbury geçirilişini gürrüň berýär.

Aýtmagyna görä, türmäniň başlygy ony bedeniniň aşaky böleginden tutup, maşyna itekläpdir hem onuň aýagynyň üstünde oturypdyr, soň bolsa oňa çilim otlap bermegini sorapdyr.

— Men muny fiziki taýdan kemsitmek hasaplap bilemok. Olar tussaglary jynsy alamatlary boýunça nyşana alýarlar – diýip, Mohammedi topara gürrüň berýär.

DINDARA GARŞY ÇYKANY ÜÇIN, 30 AÝLAP TÜRMEDE, 80 GAMÇY URGUSY

Ynsan hukuklaryny goraýjy zenan tussaglykda oturan döwründe, türmedäki beýleki aýallaryň dürli ýanamalara we jynsy zorluklara duçar edilişini görendigini aýdýar. Bir aýal bolsa sülçi tarapyndan berlen azarlara çydaman, psihiki näsazlyga sezewar bolupdyr.

Mohammadi topara şeýle gürrüň berdi: «Men [Ýokary Kazyýetiň baş kazysy Ebrahim] başlykdan türmäniň ýolbaşçysy üçin çilim otlamaga borçlumy, "Siziň türmäňiziň ýolbaşçysy bilen çilim çekmek hökmanmy?" diýip soramaly».

Nargis Mohammadi — Eýranda gadagan edilen Ynsan hukuklaryny goramak merkeziniň metbugat-sekretary.
Nargis Mohammadi — Eýranda gadagan edilen Ynsan hukuklaryny goramak merkeziniň metbugat-sekretary.

Nargis Mohammadi Şirin Ebadi tarapyndan bilelikde döredilen we häzir Eýranda gadagan edilen adam hukuklaryny goramak merkeziniň metbugat sekretary.

Mohammadi adam hukuklary bilen baglanyşykly alyp barýan işlerindäki aýyplamalar üçin, on ýyl azatlykdan mahrum edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň we halkara adam hukuklary toparlarynyň çagyryşlary hem-de saglyk ýagdaýy sebäpli Nargis 2020-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda, möhletinden öň türmeden boşadyldy.

Şeýle-de bolsa, bir ýyl geçmänkä, Eýranyň ruhany gurluşyna garşy "propaganda ýaýradandygy", "türme ýolbaşçylaryna garşy gozgalaň" we "töhmet" atandygy baradaky aýyplamalar bilen ony 30 aý azatlykdan mahrum etmek we 80 gamçy urmak hökümi çykaryldy.

Onuň sözüne görä, bu jeza oňa boýun egmezligi we ynsan hukuklarynyň bozulmagy barada sesini çykarmazlygy üçin berlipdir. Şeýle hem 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Eýran häkimiýetleriniň garşydaş demonstrantlary rehimsiz basyşyna garşy oturmak arkaly demonstrasiýa geçirendigi sebäpli berlipdir.

«TÜRME ÝOLBAŞÇYLARY ÝAŞ AÝAL MAŞGALALARY GYZLYK SYNAGYNDAN GEÇMÄGE MEJBUR EDÝÄR»

Mohammadi özi ýaly tanalýan meşhur adama beýle akylsyzlyk bilen zulum edilse, sosial statusy bolmadyk aýal tussaglaryň ýagdaýy barada nähili alada galýandygyny aýdýar.

— Men 48 ýaşly aýal, adamlar meni tanaýarlar. Olaryň maňa çemeleşýändiklerini görenimde, ýeke kamerada galýan ýaş [aýallara] nähili seredýändikleri hakda oýlandym – diýip, ol aýdýar.

Nargisiň aýtmagyna görä, türme ýolbaşçylary köplenç ýaş aýal tussaglary gyzlyk synagyndan geçmäge mejbur edýärler.

Tussaglykda bolan beýleki aýallar derňewçileri jynsy zorlukda we psihologiki zorlukda aýyplaýarlar.

Türmede oturyp çykan ekolog Nilufar Baýani 1200 sagada çeken soragyň dowamynda, özüniň nähili gynamalara sezewar edilendigi barada, häkimiýetlere hat ýazdy.

Derňewçileriň oňa zorlamak we ölüm bilen haýbat atandyklaryny, ýabany haýwanlaryň seslerine öýkünmäge mejbur edendiklerini we jynsy oýunlaryna gatnaşmaga tabyn edilendigini aýdýar.

«DYMMAKLYK DÜZGÜNIŇ ÜÝTGEMEGINE GETIRMEZ»

Clubhouse programmasy eýranly aýallara dürli meseleler boýunça aragatnaşyk saklamaga we ony ara alyp maslahatlaşmaga, käte takyk resmi şahslary tankytlamaga real mümkinçilik döredýär.

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Şirin Ebadi ýurtdan çykmaga mejbur bolmanka, Eýranda adam hukuklary meselesinde, ençeme ýyllap aklawçy boldy. 27-nji maýda geçen klub ýygnagynda ol aýallary öz jenaýatçylarynyň atlaryny aýan etmäge çagyrdy.

— Köp aýal abraýyny ýitirmejek bolup ýa-da adalata umyt ýoklugy sebäpli bu hakda açyk gürleşmäge taýyn däl... Nargis [Mohammadi] pikirini köpçülige aýan edenligi we beýlekileri gürlemäge höweslendirendigi üçin, öwgä mynasyp iş etdi. Dymmak hiç zady üýtgetmez – diýip, onlaýn-duşuşykda Ebadi aýdýar.

Öňki tussaglaryň birnäçesi türme garawullary tarapyndan kemsidilendigi we azar berlendigi barada gürrüň berdiler.

Eýranly aýallaryň köpüsi ýurduň türmelerinde jynsy ýanamalara hem zorluga duçar bolandyklaryny aýtdylar.
Eýranly aýallaryň köpüsi ýurduň türmelerinde jynsy ýanamalara hem zorluga duçar bolandyklaryny aýtdylar.

JYNSY ZORLUK ARKALY GORKUZMAK USULY

Ynsan hukuklaryny goraýjy Marýam Şafipur jynsy zorlukdan elmydama gorkandygyny aýdýar. Derňewçileriň biri oňa: "Men seni şu ýerde isledigimçe saklap bilerin, islän zadymy-da ederin" diýipdir.

— Ol bedeniniň aşaky bölegini meniň oturgyjymyň üstüne itekläp, masgara ses çykardy – diýip, ynsan hukuklary ugrundaky hereketleri üçin, 2014-nji ýylda türmä basylan Şafipur gürrüň berýär.

Mugallym hem şahyr Mahwaş Sabeti Eýranda Bahaýy jemgyýetini dolandyrmak bilen baglanyşykly aýyplamalarda günäli tapylyp, Tähranyň Ewin türmesinde on ýyla golaý ömrüni geçirdi. Bahaýylar Yslam Respublikasynda ykrar edilmedik azlykdaky din bolup, olar yzarlanýarlar.

2017-nji ýylda türmeden boşadylan Sabeti ol ýerde yzygiderli jynsy kemsidilmelere sezewar edilendigini aýtdy.

«Soraglaryň ähli derejesinde biziň aýal bolmagymyza aýratyn ähmiýet berdiler. Olar menden hyzmatdaşlygy teklip edenlerinde, men boýun towladym. Olar maňa: "Sen aýal, saňa batyrlyk ýetenok" diýdiler».

KÖNE ÝARALAR, ÝYLLARYŇ TEGMILI

Iň gynandyryjy ýagdaýlar 1979-njy ýylda Eýran rewolýusiýasyndan gysga wagt soň tussag edilen aýallaryň dilinden eşidilýär.

Banu Saberi 1982-nji ýylda Eýranyň merkezi şäherlerinden biri Isfahanyň golaýyndaky çölde üç adam tarapyndan zorlanandygyny aýdýar. Olar özlerine "yslam kanunynyň berjaý edilişini üpjün etmegiň" tabşyrylandygyny aýdypdyrlar.

1986-njy ýylda tussag edilenden soň, derňewçileriň ony zorlamak arkaly özüne we maşgalasyna, şol sanda 1988-nji ýylda tussag astyna alnan adamsyna basyş etmek üçin ulanandygyny aýtdy.

Saberiniň aýtmagyna görä, türmeden boşadylandan soň hem Eýranyň häkimiýetleri ony sorag etmek üçin, yzygiderli çagyryp durupdyrlar hem jynsy häsiýetli kemsidiji sözleri aýdypdyrlar.

Saberi häzir ABŞ-da ýaşaýar. Üç onýyllyk geçse-de, Eýranyň türmesinde başdan geçiren ruhy sütemlerden halas bolmandygyny düşündirýär.

— Ýaňy-ýakyna çenli, her gezek jaý kireýine alanymda, gijelerine uklamaga şertiň ýeterlikdigini bilmek üçin, şkafy gözden geçirip, gije oňa girip ýatsam, özümiň sygyp biljekdigimi ýa-da däldigimi barlaýardym, şol ýere girip ýatanymda, özümi arkaýyn duýýardym – diýip, Clubhouse programmasyna gatnaşyjylara gürrüň berýär.

GYNAMALARDA JYNSY DEŇLIK

Öňki syýasy tussag Monire Baradaran 1981-nji ýyldan, 1991-nji ýyla çenli türmede bolan döwri barada ýatlamalar kitabyny neşir etdi.

Baradaran türmede oturan ýyllarynda, gynamalara gezek gelende, aýallaryň erkekler bilen deňdigini, ýagny erkekler derejesinde jezalandyrylýandygyny aýdýar. Ýöne aýal tussaglaryň jynsy aýratynlygy sebäpli "goşmaça basyş" bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny-da düşündirýär.

Käbir tussaglar 1980-nji ýyllarda Eýranyň türmelerinde zorlanandygyny aýtdy.

Şeýle hem, 2009-njy ýylda saýlawlaryň jedelli netijelerine garşy geçirilen köpçülikleýin köçe ýörişleri basylyp ýatyrylanda, döwlet tarapyndan tussag edilen aýallardan, zorlanandygy barada aýyplamalar bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG