Soňky ilat ýazuwy ýurduň ilatynyň çalt garraýandygyny görkezensoň, Hytaýyň Kommunistik partiýasy maşgala jübütleriň üç çaga edinmäge resmi taýdan rugsat berdi. Mundan ozal etniki han maşgalalary iki çaga bilen çäklenmäge mejbur edilipdi. Pekiniň täze syýasaty meseläni çözüp bilermi? Bu barada açyk çeşmeler näme diýýär?
ILAT ÝAZUWYNYŇ NETIJELERI NÄHILI?
Hytaý ilat ýazuwyny her on ýylda bir geçirýär. 2020-nji ýyldaky ilat ýazuwynyň netijeleri 11-nji maýda yglan edildi. Ilat ýazuwynyň netijesine görä, Hytaýda çaga dogluşyň köpelişi 1,3 bolup, ol durnukly ilaty saklamak üçin zerur derejeden az. Hytaýyň demografik görkezijisi, garrylygyň ýokary derejesini başdan geçirýän Ýaponiýa we Italiýa ýaly ýurtlar bilen deňeşdirildi.
Soňky on ýylda Hytaýyň ilaty ýylda 0,53 göterim artyp, 1,41 milliard adama ýetipdir. 2000-nji we 2010-njy ýyllar aralygynda bu görkeziji 0,57 göterim boldy.
2020-nji ýylda Hytaýda 12 million çaga dünýä inipdir. Bu görkeziji 2019-njy ýyldakydan 20% pes. Işe ukyply adamlar (16 ýaşdan 59 ýaş aralygy) ilatyň umumy sanynyň 63,3% düzýär. Mundan 10 ýyl ozal bu görkeziji 70,1% bolupdy. 65 ýaşdan uly adamlaryň paýy on ýyl mundan ozal 8,9% bolsa, indi 13,5%-e ýetipdir.
GARRY ILATYŇ ARTMAGY NÄME ÜÇIN HOWPLY?
Jemgyýetiň garramagy ösen ýurtlaryň köpüsine mahsus hadysadyr. Beýle ýagdaýa demografiki krizis diýilýär, şonda hökümet ýolbaşçylary ýaş ilatyň paýyny ýokarlandyrmagyň dürli usullaryna seredýärler. Ýöne Hytaý adam başyna düşýän girdeji taýdan ösen ýurtlaryň derejesinden entek aşakda. Ýurduň ykdysady üstünlikleriniň köpüsi arzan işçi güýji bilen baglanyşykly bolansoň, ösen ýurtlarda syn edilýän ýagdaý Hytaýda hem gaýtalansa, agyr netijeleriň has giň ýaýramagy ähtimal. Şeýle töwekgelçilik bar: bir döwürde garrylary mynasyp derejede goldamak üçin, ýeterlik ýaş we işe ukyply adamlaryň ýeterlik bolmazlygy mümkin.
HYTAÝ BU ÝAGDAÝA NÄDIP DÜŞDI?
Hytaýyň hökümeti 1979-njy ýylda ilatyň birden köpelmeginden howatyrlanyp, "bir maşgala – bir çaga" kursuny yglan etdi. Ol syýasaty doly durmuşa geçirmek üçin, häkimiýetler göwreliligiň öňüni alyş çärelerini ulanmagy talap etdiler, kä hatda bolsa mejbury sterilizasiýa geçirdiler. Oglan çagalara artykmaçlyk goýýan Gündogar jemgyýetinde abortlaryň sany köpelip başlady hem aýallar gyz çagalardan halas boldular. Bu faktorlaryň täsiri netijesinde, dogluş derejesi yzygiderli azaldy.
Garrylaryň paýynyň ýokarlanmagy eýýäm 2010-njy ýyldan görnüp başlandy. 2015-nji ýylyň ahyrynda Hytaý hökümeti maşgalalara iki çaga edinmäge rugsat berdi. Pekin dogluş derejesiniň 1,8 ösüp, ilatyň 1,42 milliard adama ýetmegine garaşypdy. Emma häkimiýetleriň meýilnamalary amala aşmady. "Iki çaga" syýasatynyň durmuşa geçirilişi birinji ýylda dogluş derejesini ýokarlandyran bolsa-da, soň ýene aşaklady. 2016-njy ýylda Hytaýda 18 million çaga dünýä indi, 2019-njy ýylda - 14,65 million, 2020-nji ýylda - 12 million çaga dünýä indi.
TÄZE SYÝASAT ÇAGA DOGLUŞYNY ARTDYRARMY?
Köpler "üç çaga" syýasatynyň öz miwesini berjekdigine şübhelenýärler. Çagany dünýä indermek, oňa bilim bermek – bular giden çykdajy. Bilim kulty bolan Hytaýda ene-atalara çaga terbiýelemek aňsat däl. Ýurtda orta bilim mugt bolsa-da, bäsdeşlik derejesiniň aşa ýokary bolmagy sebäpli mekdep okuwçylarynyň köpüsi goşmaça tölegli kurslara gatnaýarlar.
Mundan başga-da, hytaýly aýallar köp çagaly bolmak öz iş karýerasyna ýaramaz täsir eder diýip gorkýarlar. Şäher ilatynyň arasynda ýaşaýyş jaý meselesi ýiti bolmagynda galýar. Çaga näçe köp bolsa, jaýyň hem şonçarak giň bolmaly.
Hytaý habar gullugy Sinhua agentligi tarapyndan neşir edilen anketa görä, soraga gatnaşan 31 müň adamdan 29 müňden gowragy birden artyk çaga dogurmagy meýilleşdirmeýär. Reuters habar gullugy bu pikir soralyşygyň netijeleriniň öçürilendigini habar berdi.
Hytaýyň gündogaryndaky Sziangsu welaýatyndan adam hukuklaryny goraýjy Çžan Jianping adamlaryň şahsy durmuşyna goşulyşmagyň hiç haçan gowy ideýa däldigini aýdýar.
«Geçmişde çagalaryň sanyny çäklendirmek, bu günki günde bolsa çaga dogluşyny höweslendirmek – ýalňyşlykdyr. Ykdysadyýet belli bir derejä ýeteninde, ilatyň ösüşi tebigy ýagdaýda azalýar» diýip, Azat Aziýa Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.
«Taýwanda hem Kanadada dogluş derejesi azalýar, ýöne ol ýurtlarda muňa hiç kim päsgel bermeýär. Ösen ýurtlarda çaga dogrulyşyny ýokarlandyrmak üçin, adamlaryň şahsy durmuşyna goşulyşmagyň zerurlygy ýok, sebäbi olar medisinany hem bilimi mugt edýärler» diýip, Jianping aýdýar.
Guardian gazetinde çap edilen makalada, 31 ýaşly hytaýly aýal Jia Şitsong adamsy bilen bir ýarym ýaşly gyzyny terbiýeleýändigini mälim etdi.
«Hytaý maşgalalary, aýratynam aýallar indi köp çaga edinmek islemeýärler. Sebäbi häzirki döwürde jemgyýetiň basyşy örän ýokary. Çaga dogran aýalyň iş ornuna gaýdyp gelmegi gaty ähtimal. Näçe köp çagaly bolsaňyz, etjek planlaryňyzy – öz karýeraňyzy şonça-da ýitirersiňiz. Ene-ata bolanyňyzda, çaganyň geljekdäki okuwy hakda pikir edýärsiňiz. Ene-atalar çagalaryna bilimiň iň gowusyny bermek isleýärler, ýöne häzirki wagtda Hytaýda bäsdeşlik ýokary» diýip, Jia Şitsong aýdýar.
Makala taýýarlananda Reuters, Associated Press, Guardian, BBC hem-de Azat Aziýa Radiosynyň materiallaryndan peýdalanyldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.