Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda ýollanma satyn almaýan býujet işgärleri pul tabşyrmaga mejbur edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda gyş möwsümi dowam edýän mahalynda, Marynyň edara-kärhanalarynyň işgärlerine Hazar deňziniň kenaryndaky Awaza syýahatçylyk zolagynda dynç almak üçin ýollanma satyn almak teklip edilýär.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän habarçysynyň aýtmagyna görä, bu ýollanmalary satyn almaga hiç kimiň islegi bolmasa, onda onuň bahasy möçberdäki pul serişdesi býujet işgärlerinden ýygnalýar.

“Geçen hepde edara başlyklary işgärleriň ýanyna aýlanyp, ‘gyş möwsümi üçin 5 günlük Awaza dynç almaga gitjek barmy?’ diýip soradylar. Eger bar bolsa, onda ertesi irden sagat 08:00-da Awazada bolmaly diýdiler. Bu barada bir gün öňünden, iş güni gutarmazdan öň, giçlik sagat 5-6 töwereginde aýtdylar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 13-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, edara ýolbaşçylary ýollanmany satyn aljak işgärleriň öz atlaryny we familiýalaryny, şeýle-de beýleki şahsy maglumatlaryny 1 sagadyň dowamynda sanawa ýazdyrmalydygyny aýdypdyrlar.

“Ýöne edaralaryň aglabasynda işgärler şeýle gysga wagtyň dowamynda Awaza gitmäge taýýar däl. Şeýle-de, muňa edaralaryň özleri hem taýýar däl” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Habarçy şondan soň edara başlyklarynyň satyn alynmadyk ýollanmalaryň puluny işgärlerden ýygnamaly edendigini, ýöne bahasy tölenen ýollanmalardan kimiň peýdalanandygy barada hiç hili maglumatyň ýokdugyny hem sözüniň üstüne goşdy.

“Bu ýygnalan pul serişdesiniň möçberi her edarada üýtgeýär. Mysal üçin, bir edarada ýollanmalaryň bahasyny çykarmak üçin işgärleriň her birinden 40 manatdan ýygnadylar. Edara başlyklary bu pul serişdesiniň edaranyň düýbüne, ýagny hassahanalaryň welaýatyň saglygy saklaýyş müdirligine, mekdepleriň welaýat Baş bilim müdirligine tabşyrýandygyny aýtdylar” diýip, habarçy puly tabşyrmadyk işgärlere işden çykarylmak howpunyň abanýandygyny hem belledi.

Azatlyk Radiosynda bu pul serişdesiniň Marynyň haýsy edara-kärhanalarynda ýygnalýandygy barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Galyberse-de, habarçy soňky hepdelerde býujet işgärlerinden islendik maksat üçin pul ýygnalanda, olara “ýygnalan puly öz razylygy bilen berýändigi” hakynda dil haty ýazdyrylýandygyny hem habar berýär.

Mundan ozal Azatlyk Radiosy býujet işgärlerinden dürli, şol sanda welosipedleri satyn almak, tebigaty goramak, Täze ýyl arçalaryny dikmek we binalary bezemek, ýüpek gurçugyny ýetişdirmek, pagta ýygymyny amal etmek we şuňa meňzeler üçin yzygiderli pul ýygnalýandygyny habar beripdi.

Azatlyk Radiosyna ýokarda aýdylanlar barada Mary welaýat häkimliginden, şeýle-de saglygy saklaýyş we Baş bilim müdirliklerinden kommentariý almak häzirlikçe başartmady.

Ýöne Türkmenistanda býujet işgärleriniň Awazada dynç almak üçin ýollanma satyn almaga ýa-da onuň üçin pul tabşyrmaga mejbur bolýandygy barada Azatlyk Radiosy mundan ozal hem habar beripdi.

Şeýle maglumatlar soňky gezek geçen ýylyň iýul aýynda Daşoguz welaýatyndan gelip gowşup, şonda Azatlygyň habarçysy ýollanmany satyn almak islemeýän işgärlere işden çykaryljakdygy barada haýbat atylýandygyny aýdypdy.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň ençemesi 5-10 gün aralygyndaky dynç alyş üçin ortaça 2500 manat çykdajy etmeli bolýandyklaryny aýdyp, ykdysady kynçylyklaryň ýiti duýulýan döwründe aýlyklaryny aýdan-aýa zordan ýetirýändigini aýdýar.

Soňky ýyllarda türkmen hökümeti Awaza milli syýahatçylyk zolagynda myhmanhanalary, akwaparklary we beýleki desgalary gurmak üçin millionlarça amerikan dollary möçberinde serişde harçlady.

Türkmen mediasy bu ýerde ýurt raýatlarynyň we daşary döwletlerden gelen syýahatçylaryň dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilendigini aýdýar, ýöne býujet işgärleriniň ýollanmalar bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny agzamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG