Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda zähmet migrantlaryny goramak üçin «birža» döredildi. Ol meseleleri çözüp bilermi?


Täjigistanyň Zähmet we migrasiýa ministrliginiň maglumatyna görä, geçen ýylda Täjigistandan zähmet migrasiýasyna 130 000 çemesi adam gidipdir.
Täjigistanyň Zähmet we migrasiýa ministrliginiň maglumatyna görä, geçen ýylda Täjigistandan zähmet migrasiýasyna 130 000 çemesi adam gidipdir.

Täjigistanyň Garaşsyz kärdeşler arkalaşyklary federasiýasynyň çäginde döredilen zähmet biržasy Russiýada işçi migrantlaryň guramaçylykly işe alynmagy bilen meşgullanar. Garaşsyz kärdeşler arkalaşygynyň tassyklamagyna görä, bu firma migrantlar rus iş berijileri tarapyndan aldanmagynyň öňüni almagy hem-de baglaşylýan şertnamanyň şertleriniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek meselesini özüne borç edinýär.

Gelnen karara laýyklykda, her 50 zähmet migrantyny “Zähmet migrantlaryň biržasynyň” wekili ugradar. Ol bu işçilere işlemäge hem ýaşamaga şert döreder. Sebäbi täjik zähmet migrantlary Russiýada öz hukuklarynyň äsgerilmeýändigi barada yzygiderli arza-şikaýat edýärler.

Zähmet migrantlaryň biržasynyň başlygy Ýuldoş Eşow Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolanda, bu guramanyň baş maksadynyň Täjigistanyň graždanlaryna, aýratyn-da ýaşlara ýurduň içinde hem-de daşynda iş orunlaryny tapyp bermekden ybarat bolar.

“Guramany döredelimiz bäri köp wagt geçmedigem bolsa, biz eýýäm Orsýetiň birnäçe iri kompaniýalary; şol sanda Moskwa, Tambow, Irkutsk oblastlarynda birnäçe kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk açmak baradaky şertnama gol çekişdik. Ol ýere işlemäge gitjeklerden örän köp adam bize habar berdiler. Häzirki wagtda diňe ýeke kynçylyk – awiabiletleri satyn almak mesele bolup durýar” diýip, Zähmet migrantlaryň biržasynyň başlygy aýdýar.

Ýuldoş Eşow
Ýuldoş Eşow

Eşowyň sözüne görä, ilkinji migrantlar topary gelip, olar işe başlanlaryndan soň, olaryň bilet pullarynyň tölenjekdigine rus kompaniýalary söz beripdirler.

Russiýadaky täjik zähmet migrantlarynyň aýlyk haklary barada aýdylanda, Eşowyň sözüne görä, meselem, Tambow oblastynyň guşçulyk firmasynda işleýänleriň haky aýda 105 000 rubla ýetip biler. Guşçulyk firmalary migrantlary ýatak jaýy bilen-de üpjün etmäge söz berýär. Şeýle hem olar günde üç wagtyna umumy gymmady 2 müň rubla durýan azyk iýmiti bilenem üpjün etmegi wada berýär.

Täjik bilermeni Rahmon Ulmasow Täjigistanda döredilen bu ilkinji resmi guramanyň wezipesiniň zähmet migrantlaryny Russiýa ibermekden ybarat boljakdygyny aýdýar. Aslynda mundan öň hem täjik resmileri zähmet migrantlaryny Russiýa ibermek barada aýdyp gelýänem bolsalar, ýöne migrantlardan arza-şikaýaty köp bolupdy.

«Biz mundan has öň Russiýada Täjigistanyň Zähmet biržasynyň wekilhanasyny açmagy teklip etdik» diýip, Rahmon Ulmasow belleýär.

Rahmon Ulmasow
Rahmon Ulmasow

Bilermeniň sözüne görä, häzirki wagtda Russiýanyň örän köp önümçilik kärhanalary işçi güýjüniň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

«Mysal üçin, dört aý mundan owal Russiýanyň Rostow oblastynda uly kärhana açyldy. Olar işçileri çagyrýandyklaryny we 45-50 müň rubl aýlyk beriljegini habar berdiler. Şeýle-de bolsa, soňky dört aýyň dowamynda hiç kim iş üçin ýüz tutmady. Russiýada şeýle kompaniýalar köp. Täjigistanyň Kärdeşler arkalaşyklary federasiýasynyň çägindäki “Zähmet migrant biržasy” Russiýanyň kärdeşler arkalaşyklary bilen hyzmatdaşlykda, täjigistanly işçi migrantlary şeýle iş ýerlerine we kompaniýalara iberip biler» diýip, Rahmon Ulmasow aýdýar.

Täjigistanyň graždanlarynyň zähmet migrasiýasy hem-de olaryň öz maşgalalaryna iberýän puly ykdysadyýetiniň möhüm bölegini düzýär hem bu ýurduň durnuklylygyny üpjün edýär. Ýöne geçen ýyl pandemiýa sebäpli Russiýa bilen serhetler ýapyldy, müňlerçe täjigistanly zähmet migranty ýurtdan çykyp bilmän galdy hem olaryň maşgala girdejisi pese gaçdy.

Täjigistanyň Zähmet we migrasiýa ministrliginiň maglumatyna görä, geçen ýylda Täjigistandan zähmet migrasiýasyna 130 000 çemesi adam gidipdir.

Bu ondan öňki ýyldakydan 76% azdyr. Şuňa degişlilikde, Orsýetiň Migrasiýa gullugynyň maglumatyna görä, Täjigistandan işe duran migrantlaryň sany 502 müň adam bolupdyr.

Täjigistanyň Milli bankynyň maglumatyna görä, geçen ýylda daşary ýurtlardan iberilen puluň möçberi 6,3% azalypdyr. Russiýanyň Merkezi bankynyň maglumatyna görä, geçen ýylda Täjigistanyň migrantlary öz ýurduna 1,741 milliard dollar iberipdirler. Bu bolsa ondan öňki ýyldakydan 759 million dollar azdyr.

Ýaşlar gününde çykyş eden Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon geçen ýylda täjik hökümeti 193 müň täze iş orunlarynyň açylandygyny aýtdy. Ýöne şol wagtyň özünde müňlerçe adam gije we gündiz dynman, Orsýete işe durmaga gitjek bolup çalyşýar. Olar ýurtda ýeterlik iş orunlarynyň ýokdugy sebäpli her niçik şertde bolsa-da, birneme gazanç etmek hem maşgalasyna pul ibermek üçin, Orsýete gitmäge çalyşýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG