Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MHM bugdaý garawullap, 'peýdaly iş' edýär, polisiýa samançylardan para alýar


Türkmen TW-si 'bol hasylyň' ýygnalyşyny görkezýär. Arhiw suraty
Türkmen TW-si 'bol hasylyň' ýygnalyşyny görkezýär. Arhiw suraty

Saman satýan traktorçylar ýolda duran polisiýa para paýlaýar, häkimligiň işgäri kärendeçä öz ýetişdiren bugdaýyndan azyklyk bugdaý ogurlamagy öwredýär, bergili çykýan daýhanlar bugdaý garawullaýan MHM işgärleriniň, belki-de, öz taryhlarynda 'iň peýdaly iş' edýändigini aýdyp gülýärler.

Garagum etrabynyň potrat ýerlerinde bugdaý orulýar, adamlar saman satýar, 1 teleşge saman 500 manat, eger-de içi gamyşly saman bolsa, 600 manat bahalanýar diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy habar berýär.

Soňky günlerde ýollarda polisiýa, ýol gözegçilik işgärleri mundan öňki ýyllardaka garanda görlüp-eşidilmedik derejede köpeldildi, olar iki-üç bolup, örän ýakyn aralyklarda durýarlar we hersiniň ýanyndan geçeňde 10 manat para bermeli diýip, saman daşaýan traktorçylar aýdýar.

"Eger para bermeseň, 'hany, samanyňy dök, birden aşagynda bugdaý bar bolaýmasyn?' diýýärler. Samanyňy dökseň, soň ýüklemek iş. Ýöne bulam hemmesi däl. Samanyň aşagyndan bugdaý çykmasa, olar traktordan bir bahana tapýarlar. Onsoň hem samanyňy döküp, hem 10 manat para berip, iki işli bolanyňdan, samanyňy dökmän, 10 manat bilen sypsaň kaýyl bolýarsyň" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran traktorçy radio bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Bu aýdylýanlary beýleki traktorçylar hem tassyk edýär.

"Şu gün şol bir daýhan birleşigine 4 gezek gatnadym, aralyk gaty daşam däl, emma 6 sany polisiýa işgäri dur, her geçenimde 10 manatdan paýladym" diýip, saman satmaga giden ýene bir traktorçy gürrüň berdi.

Gelýän maglumatlar ýurtda dörän azyk krizisinden diňe polisiýa işgärleriniň däl, häkimlikde işleýän resmileriň hem bikanun gazanç edýändigini görkezýär.

Häkimiýet wekilleri bize öz ýetişdiren gallamyzy ogurladyp, biziň alaçsyzlygynyň arkasyndan bikanun pul gazanýar diýip, kärendeçileriň biri şeýle gürrüň berdi:

"Bugdaý meýdanyma kombaýn girmezinden öň hukuk goraýjylar we häkimlikden gelen adamlar, 'bugdaý ogurlanaýmasyn' diýip, potrat ýerime gözegçilik etdiler. Men olara ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmedim. Emma olar öz aralarynda bir zatlar gürleşdiler we, soň biri meniň ýanyma gelip: 'Saňa bugdaý gerekgälmi?' diýdi. Men 'kime gerekgäl, hemmä gerek' diýdim. Şondan soň ol adam 'her halta bugdaýa 100 manatdan pul berip bilýäňmi?' diýip sorady. Men 'biraz pulum bar, ýöne garaşsaňyz, derrew karzyna tapaýyn' diýdim. Ol adam 'taýyn bolup gelmeli ekeniň, bol, näçe halta gerek bolsa, hol çukura guýduryp, derrewjek al' diýdi."

Ýanynda bar pula öz bugdaýyndan satyn alan kärendeçiniň sözlerine görä, häkimiýet wekili oňa bugdaýy öýüne gije äkitmegi we örän seresap bolmagy hem tabşyrypdyr we, eger tutulsa, özleriniň jogap bermejekdigini aýdypdyr.

"Men olardan gorkup durdum, özüm barmamsoň, özleri gelip teklip etdiler, bugdaý oragy polisiýa, häkimlik işgärleri üçin 'pul, para oragy' eken diýip, Azatlyk bilen gürleşen daýhan ajy ýylgyryp aýtdy.

Synçylar Türkmenistanyň soňky ýyllarda öz ýakyn taryhyndaky iň agyr ykdysady kynçylygyny başdan geçirýändigini aýdýarlar we bu krizis hususan-da her ýyl un, çörek gytçylygy we bugdaý oragy wagtyndaky ogurlyklar, polisiýa, MHM garawulçylygy bilen tassyk bolýar.

Şu gün Lebapdan gelen maglumata görä, bu sebitde hem orak ogurlyksyz geçmeýär.

Dänew etrabynyň Üçkersen, Gabakly, Maý, Bahar, Kaksaçan ammarlaryna daşalýan bugdaýy ogurlaýan adamlar anyklandy diýip, habarçy aýtdy.

"Sürüjiler harman ýolbaşçylary bilen dilleşip, bilelikde hereket edýän eken" diýip, Azatlyk bilen anonimlik ýagdaýynda gürleşen resmi aýtdy.

Häzir milli howpsuzlyk işgärleri Farap, Çärjew, Saýat etraplarynda ýygnalýan bugdaý hasylynyň sag-aman harmanlara goşulmagyna berk gözegçilik edýär, adamlar bolsa, 'bu MHM-niň öz taryhynda eden iň peýdaly işi' diýip gülýändiklerini habar berdi.

Döwlet tabşyryklary esasynda her gektardan 18 sentner däne almaly, emma ady agzalan etraplarda her gektardan 3, 4 sentner bugdaý hasyly alyndy; welaýat häkimi ýygnak geçirip, başlyklara agzyndan gelenini diýýär, emma mundan peýda ýok diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri aýdýar.

Şeýle-de Farap etrabynda bir daýhan birleşiginiň başlygynyň welaýat häkiminiň ýygnakda aýdan hapa sögünçlerine çydaman, "dökün, suw ýok wagty nirede bolduň, gapyňyza 40 sapar geldim, kabul etmediňiz, indi harmanda häzir hoja bolşuňyz adalatsyzlyk" diýendigi, häkimiň ol başlygy ýerli MHM ýolbaşçysyna tabşyrandygy habar berilýär.

Gynansak-da, Azatlyk radiosy häzirlikçe bu maglumatlar boýunça resmi düşündiriş alyp bilmedi.

Türkmen metbugaty ýurtdaky kynçylyklar, şol sanda oba hojalygynda emele gelen agyr ýagdaý, bugdaý hasylynyň MHM tarapyndan goralyşy hakynda hem hiç bir maglumat bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG