Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şertler çagalar baglarynyň ebgarly ýagdaýyndan habar berýär


Çagalary goramagyň halkara gününde bir köpçülik çäresine gatnaşdyrylýan körpeler. Aşgabat. Arhiw suraty. 1-nji iýun, 2015 ý.
Çagalary goramagyň halkara gününde bir köpçülik çäresine gatnaşdyrylýan körpeler. Aşgabat. Arhiw suraty. 1-nji iýun, 2015 ý.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy Lebap welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda para-bermitiň, ýaramaz azyk üpjünçiliginiň we bina ýetmezçiliginiň körpeleriň bilim-terbiýesine ýaramaz täsir edýändigini habar berýär.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan faraply we türkmenabatly ençeme ene-atalar öz çagalaryny käbir mekdebe çenli bilim edaralaryna kabul etdirmek üçin para bermäge mejbur galýandyklaryny aýdýarlar.

Ene-atalar paranyň möçberiniň bilim edarasyna görä 1,000-4,000 manat aralygynda üýtgeýändigini aýdýarlar.

Habarçy welaýatyň dürli etraplarynda bolup, ene-atalar we ýerli bilim işgärleri bilen gürrüňdeş boldy. Onuň maglumatlaryna görä, Kerki, Köýtendag, Farap we Darganata etraplarynda, galyberse-de, sebit merkezi Türkmenabatda mekdebe çenli çagalara niýetlenen terbiýeçilik edaralary ilatyň agramly bölegine elýeterli däl.

Türkmenistanyň hökümeti 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerini çap etmeýär.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ýa-da Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýerlere görä çagalar bagyna düşýän okuwçy sany we çagalar baglarynyň mümkinçilikleri barada statistiki sanlary çap etmeýär.

Habarçynyň garaşsyz çeşmelerden alan maglumatlaryna görä, çagalar baglarynyň Farap etrabynda ýaş çagalaryň 12 göterimini, Darganatada 6 göterimini, Kerki etrabynda 9 göterimini, Köýtendagda 8 göterimini, Türkmenabatda 28 göterimini kabul etmäge mümkinçiligi bar.

Azatlyk Radiosy bu sanlary resmi çeşmelere tassykladyp bilmeýär.

Ýöne BMG-niň ilat gaznasynyň we BMG-niň çagalar gaznasynyň Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde 2020-nji ýylyň iýunynda çap eden hasabatyna görä, Türkmenistanda 3-5 ýaş aralygyndaky çagalaryň 40 göterimi çagalar bagyna gatnaýar.

Goňşy Gazagystan bilen deňeşdirilende Türkmenistan bu ugurda yzda galýar. ÝUNESKO-nyň gazak hökümetine salgylanyp berýän hasabatyna görä, 5-6 ýaşly gazagystanly körpeleriň 83 göterimi ýurduň mekdebe çenli terbiýeçilik edaralarynda bilim alýar. Hasabata görä, Gazagystanyň döwlet eýeçiligindäki mekdebe çenli çagalar edaralarynda okuw tölegsiz, ýöne ene-atalar nahar üçin töleg töleýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebabyň çagalar baglarynda azyk üpjünçiliginiň ýagdaýy bilen bagly problemalar barada habar berýär. Onuň maglumatlaryna görä, çagalar baglary üçin iberilýän azyk önümleri çagalar baglaryna doly gowuşmaýar. Galyberse-de, çagalar öz iýjek naharlaryny ýanlary bilen alyp barýarlar.

2017-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda çagalar baglarynyň tölegi duýdansyz 10 esse töweregi ýokarlanyp, 80 manada çykaryldy.

Türkmen hökümeti çagalaryň akyl, ruhy-ahlak we beden taýdan sagdyn ösüp ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilendigini aýdýar. Ýöne çagalar baglarynyň ebgarly ýagdaýy bu ugurda hökümetiň aýdýanlaryny tassyklamaýar.

Bu aralykda, Türkmenistanyň döwlet metbugaty 10-njy iýunda Türkmenistanyň “Bilim hakyndaky” kanunynyň rejelenen görnüşini çap etdi.

Kanunçylyga görä, Türkmenistanda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, işleýiş şertlerine laýyklykda, “çagalar bakjasy”, “çagalar bakja-bagy”, “çagalar bagy” we beýleki görnüşleri bar.

Galyberse-de, kanunyň rejelenen görnüşi mekdebe çenli ýaşly çagalaryň mekdebe taýýarlanylmagyny hökmany talap edýär we “ol mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumybilim ýa-da beýleki bilim edaralarynda, kadadan çykma hökmünde maşgalada, bir okuw ýylyndan az bolmadyk möhletiň dowamynda amala aşyrylýar”

Azatlyk Radiosy Lebapda çagalar baglaryndaky şertler barada Lebap welaýatynyň bilim bölüminden kommentariýa alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG