Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda birnäçe çagalar bagyna ýapylmak howpy abanýar


Çagalar bagy, Türkmenistan
Çagalar bagy, Türkmenistan

Maryda birnäçe çagalar bagynyň ýapylmagy planlaşdyrylýar. Bu barada Azatlygyň regiondaky habarçylary, ýerli bilim edaralarynyň wekillerine salgylanyp habar berýärler.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, çagalar baglaryny ýapmak planlary barada Mary we Baýramaly etrap bilim müdirliklerinde geçirilen ýygnaklarda aýdylypdyr.

"Mary welaýatynyň Baýramaly we Mary etrap bilim müdirliginde ýygnak geçirildi, ol ýygnaga gatnaşanlar etrap çagalar bagynyň müdirleri, mekdepleriň direktorlary gatnaşdylar. Bu ýygnakda çagalar bagynyň birnäçesi ýapylmagyň üstünde diýip nygtalyp geçilipdir. Sebäbi käbir çagalar bagyna ýeterlik sanly çagalaryň gatnamaýandygy, çagalar bagynyň töleg nyrhlarynyň ýokarlanandygyny, iýmitiň öwerlikli däldigini aýtdylar", - diýip habarçymyz 10-njy oktýabrda habar berdi.

Üstesine, habarçymyzyň sözlerine görä, ene-atalardan yzygiderli pul ýygnalmagy çagalar baglaryny ýapmak barada edilen çykyşlarda ýene bir sebäp hökmünde öňe sürlüpdir.

"Meselem, gruppa haly, mebel, meňzeş gap-çanak, ýörgan-düşekleri çalyşmak, arassalaýjy serişdeleri satyn almak üçin diýip, pul soraýarlar" diýip, habarçymyz belleýär.

Azatlyk Radiosy Maryda ýapyljakdygy aýdylýan çagalar baglarynyň sanyny anyklap bilmedi.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysynyň sözlerine görä, Mary we Baýramaly etrap bilim müdirliklerinde geçirilen ýygnaklarda çagalar baglarynyň wekillerinden gatnaýan çagalaryň sanyny artdyrmak, şol sanda çagalary bakja gatnatmaga "goňşularyny we tanyşlaryny gyzyklandyrmak" talap edilipdir.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, Türkmenistanda köp maşgalalarda öz çagalaryny bakja ibermek üçin maddy mümkinçilik ýok.

Ýurtda çagalar baglarynyň tölegi soňky gezek 2017-nji ýylyň güýzünde 10 esse ýokarlandyrylypdy. Şondan soň bakja gatnaýan çagalaryň sany azalypdy.

"Çagalar bagynyň tölegi 80 manat her aýda, eger üç sany çagaň bolsa onda aýda 120 manat tölemeli bolýarlar. Adamlar öýde özümiz seredenimiz gowy diýýärler. Käbir çagalar bagynyň terbiýeçileriniň çagalara deň garalmaýandygy aýdylýar" diýip, habarçymyz belledi.

Çagalar baglaryndaky şertleriň we olara garaşygyň kadaly bolmazlygy ýurduň beýleki regionlarynda hem duş gelýär.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy bu welaýatda çagalar baglarynyň ýagdaýy barada şeýle gürrüň berdi:

- Lebapda şu mesele halky kyn ýagdaýa goýýar. Ene-atalar irden çagalaryna geýdiren pamperslerini agşam sagat 17-de öz çagalaryny çagalar bagyndan almaga baranlarynda özleri çalyşmaly bolýarlar. Çagalar bagyna gatnaýan körpeler sarygetirme (gipatit), iç geçme ýaly keseller bilen köp keselhana düşýärler. Hatda çagalara et-süýt, ýumurtga ýaly önümler gelmeýär, çagalar öýlerne aç bolup barýarlar" diýip, Lebapdaky habarçymyz aýdýar.

Habarçymyzyň sözlerine görä, Lebap welaýatynyň oba ýerlerinde çagalar baglary tas boş durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG