Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oba häkimiýetleri hasyl ýygnalan bugdaý meýdanlarynda galan samany ýakdyrýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Şu günler Türkmenistanda orak möwsümi dowam edýär. Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Peşanaly obasynda ýerli häkimiýetler hasyl ýygnalandan soň bugdaý meýdanlarynda galan samanyň ýakylmagyny talap edýär. Daýhanlar yzda galan samanyň mallar üçin ot-iým bolýandygyny aýdyp, hasyl ýygnalan bugdaý meýdanlarynyň ýakylmagyna garşy çykýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatlaryna görä, daýhanlara saman ýygnamak üçin üç gün möhlet berilýär; üç günden soňra, talaba laýyklykda, galla meýdanlaryndaky samanlar otlanylýar.

Ýöne ýerli daýhanlar hasyl ýygnalan galla meýdanlarynyň ýakylmagyna razy däl, sebäbi, olaryň sözlerine görä, saman mallar üçin ot-iým bolýar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, ýaňy-ýakynda birnäçe peşanaly ýaşaýjy oba geňeşligine baryp, samanlaryň ýakylmagyna garşylyk beýan etdiler.

Daýhanlar bilen oba geňeşliginiň wekilleriniň arasynda bolan gürrüňdeşlik barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

“Ýaňy bir bugdaý ýygnalandan soň, mallarymyzy eňňerede bakyp, olara ot iýdirip başlapdyk. Ýaňy bir ‘mallarymyz indi iýmden kösenmez’ diýip begendik. Siz bolsa galan samany otlaýarsyňyz!” diýip, bir daýhan oba geňeşliginde ýerli häkimiýetleriň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Galyberse-de, daýhanlar hasyl ýygnalan meýdanlarda mal otlatmagyň ýer üçin peýdalydygyny aýdýarlar.

Ýöne, oba häkimiýetleri saman meýdanlarynda ele salnan mallaryň eýelerine jerime ýazmak haýbatyny atýarlar.

“Öňki döwürlerde her ýyl bugdaý we pagta hasyllary ýygnalandan soňra, ekerançylyk ýerlerinde adamlar mallaryny bakardy. Gaýtam, şol döwürler hasyl bol bolardy. Indi bolsa, hasyl ýygnalandan soňra, dessine ýakýarsyňyz. Bu nämäni aňladýar, biz ony bilmeýäris!” diýip, daýhan oba geňeşliginde söz sözledi.

Oba geňeşliginiň wekilleri saman ýakmak talabynyň häkimlikden gözbaş alýandygyny aýdýarlar.

“Prezidentiň buýrugy şeýle. Bugdaý hasyly ýygnalandan soň, yzyny, ýangyn döremez ýaly, otlamak barada buýruk berdi” diýip, bir oba geňeşliginiň işgäri daýhanlara gürrüň berdi.

“Ýöne biz hem düşünmeýäris. Ýangyn döremezligi üçin ýakýarys. Ýakyp ýangyn döredýäris” diýip, oba resmisi pikir ýöretdi.

“Ýöne buýruk şeýle. Alaçsyz ýerine ýetirmeli” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, daýhanlar heniz samany ýakylmadyk bugdaý meýdanlarynda garaňky gatlyşýança saman çöpleýärler. Olar samany gyş günlerinde mallara iým hökmünde bermegi meýilleşdirýändiklerini aýdýarlar.

“Eger-de samany ýygnap ýetişmesek, gyşda mallar aç galar. Gyşda saman beräýmesek, bu ýylyň otuň ýagdaýy gaty kyn” diýip, bir daýhan habarçy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji iýunda oba hojalyk resmileri bilen geçiren ýygnagynda “obalarda, ekin meýdanlarynda hem-de köpçülik ýerlerinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy”.

Prezidentiň bu talaby, görnüşinden, oba häkimiýetleriň saman ýakmak çäreleri bilen jogap tapdy.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiriniň habar bermegine görä, ýerli häkimiýetleriň bugdaý meýdanlarynda saman ýakmak işleri Lebap welaýatynyň käbir etraplarynda hem ýerine ýetirilýär.

Dowam edýän orak möwsümine, Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda 4-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda 11-nji iýunda resmi taýdan badalga berildi.

Bu ýyl Türkmenistan 690 müň gektar galla meýdanyndan 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamagy planlaşdyrýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG