Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ogulsapar Myradowanyň tussag edilenine 15 ýyl boldy. Žurnalistiň ölümi baradaky soraglar gün tertibinden aýrylmaýar


Ogulsapar Muradowa 2006-njy ýylyň 18-nji iýunynda galplaşdyrylan aýyplamalar esasynda tussag edildi.

Ogulsapar Myradowanyň çagalary günbatar diplomatlary bilen morga baranyndan soň, merhumyň jesedi maşgalasyna berildi we garyndaşlary žurnalistiň bedeninde görnetin gynag yzlarynyň, kellesinde “uly ýaranyň” bardygyny aýtdylar. Emma häkimiýetler gümürtik ölümiň sebäplerini açyk derňemekden ýüz öwürdi.

Üç çaganyň ejesi, Türkmenistanyň düýbi Bolgariýada ýerleşýän Helsinki gaznasynyň aktiwisti we Azatlyk radiosynyň habarçysy, 58 ýaşly Ogulsapar Myradowanyň türkmen häkimiýetleri tarapyndan galplaşdyrylan aýyplamalar esasynda saklanan gününe 18-nji iýunda 15 ýyl dolýar.

Ol Azatlyk bilen hyzmatdaşlyga tussag edilmezinden üç aý ozal başlapdy we ilki ýazmaça maglumatlary iberen bolsa, soň ýurtdaky ýagdaýlar barada öz sesi bilen hem habar beripdi.

Ýapyk gapylaryň arkasynda iki sagat dowam eden sud diňlenişiginden soň alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilen aktiwistiň gynamalaryň yzlary mese-mälim görnüp duran jesedi 14-nji sentýabrda, günbatar diplomatlarynyň ugratmagynda baran garyndaşlaryna berildi.

Halkara hukuk toparlarynyň, şol sanda BMG-niň adam hukuklary komitetiniň çagyryşlaryna garamazdan, Ogulsapar Myradowa Türkmenistanyň ýakyn taryhynda pajygaly ölümi açyk we adalatly derňelmedik ikinji açyk göreşiji zenan bolmagynda galýar.

Ogulsapar Myradowa öz pikirdeşleri, dogany Sapardurdy Hajyýew we žurnalist Annagurban Amangylyjow bilen bilelikde saklandy we ilki içalyçylykda, soňra bolsa bikanun ok-ýarag saklamakda aýyplandy. S.Hajyýew bilen A.Amangylyjow 7 ýyl tussaglyga höküm edildi we bu möhletlerini tamamlap, azatlyga çykdy.

Annagurban Amangylyjow
Annagurban Amangylyjow

Azatlygyň şol günler alan maglumatlaryna görä, tussag edileninden bir gün soň Myradowanyň üç çagasy hem Içeri işler ministliginde iki hepde çemesi izolýasiýada, aýyp bildirilmezden saklandy.

Fransivanyň Galaxie-Presse kompaniýasynyň Türkmenistan barada taýýarlanan dokumental filmi (Turkmenistan: welcome to Nyazovland) efire bermegi bilen, aktiwistlere bildirilen aýyplamalaryň durşuna toslamadygy, türkmen häkimiýetleriniň “içaly” ýa “duşman” edip görkezjek bolan raýtlarynyň bar günäsiniň raýat aktiwligi bolandygy, olaryň hiç bir kanuny bozmandygy we fransuz žurnalistlerine ýurtda bolýan gündelik zatlar barada film taýýarlamaga kömek edendigi belli boldy.

HRW guramasynyň ýerli çeşmelere salgylanyp beren maglumatyna görä, Myradowanyň ogly Berdi ejesiniň ölendigini diňe onuň jesedini ýygnamak üçin morga çagyranlarynda bilip galýar. Häkimiýetler oňa ejesiniň jesedini görkezmekden ýüz öwürýärler we sorag bermezligini talap edýärler.

Myradowanyň çagalary günbatar diplomatlary bilen morga baranyndan soň, merhumyň jesedi ahyry maşgalasyna berildi we garyndaşlary žurnalistiň bedeninde görnetin gynag yzlarynyň, gök tegmilleriň, kellesinde “uly ýaranyň” bardygyny aýtdylar diýip, Birleşen Ştatlaryň Global media agentligi türkmen häkimiýetleriniň jeset barlagyny geçirmek, merhumyň ölüminiň sebäbini we gününi anyklamak baradaky maşgala talaplaryndan hem ýüz öwrendigini habar berdi.

Netijede, hökümetiň O.Myradowanyň jesedinde geçiren barlagynyň netijesi hiç wagt

Waşingtondaky "Newseum" muzeýinde Ogulsapar Myradowanyň ady ebedileşdirildi.
Waşingtondaky "Newseum" muzeýinde Ogulsapar Myradowanyň ady ebedileşdirildi.

aýan edilmedi, maşgalasyna hem berilmedi. “Serhetsiz habarçylar” guramasynyň habaryna görä, Myradowanyň jesedi berleninden azyndan 4 gün öň gynalmakdan ölendigini görkezýän alamatlar bar.

BMG-niň Adam hukuklary komiteti bu wakadan 12 ýyl soň, 2018-nji ýylyň awgustynda türkmen hökümetiniň adam hukuklaryny goraýjy aktiwistiň, tussag edilen we syýasy sebäpli aýyplamalar esasynda sud edilen, tussaglykda aradan çykan Ogulsapar Myradowanyň gynalmagynda we türmede ýogalmagynda jogapkär bolandygyny aýtdy.

Aktiwistiň ölüminden 12 ýyl soň dünýäniň iň abraýly adam hukuklary guramasynyň gelen karary ahyry adalatyň dabaralanmagyna, üç çaganyň enesiniň, ýurtdaky hukuk bozulmalary barada açyk gürrüň etmäge gaýrat tapan zenanyň biwagt we pajygaly ölümine sebäp bolan adamlaryň belli edilmegine, jogapkärçilige çekilmegine umyt döretdi.

"Ogulsapar Myradowanyň elhenç gynalmagyna we ölümine türkmen hökümetiniň jogapkärdigi ahyrynda abraýly gurama tarapyndan boýun alyndy” diýip, adam hukuklaryny goraýan HRW guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygynyň orunbasary Reýçel Denber bu karary gutlap aýtdy.

Emma onuň “Indi hökümet onuň ölümine sebäp bolanlaryň ähilisini anyklamaly we merhumyň maşgalasynyň öňünde hasap bermeli” diýen sözleri, adalatlylygyň dikeldilmeginiň hiç wagt giç bolmajakdygy baradaky maslahat-geňeşi türkmen hökümetiniň başda eýelän pozisiýasyny birjik-de üýtgetmedi.

Türkmen hökümeti, Açyk jemgyýet/Adalat inisiatiwasy guramasynyň maglumatyna görä, derňewler barada hiç hili maglumat bermezden, Myradowanyň ölüminiň derňelendigini aýtdy we onuň öz janyna kast edendigini öňe sürdi.

Merhumyň jesedini gören adamlar onuň teninde galan ýara yzlary, maňlaýyndaky uly kesik, boýnundaky gara tegmil, bir elindäki üç ýara, çişler we gan öýen ýerleri barada gürrüň berdiler we türkmen türmelerinde giň ýaýrandygy aýdylýan gynag praktikasy indi žurnalistler we hukuk goraýjylar üçin asla täzelik däl.

Türkmen türmelerinde ulanylýan gynag tejribelerini gowy bilýän adamlaryň, şol sanda hukuk goraýjy Täjigül Begmedowanyň tassyklamagyna görä, aktwistiň gynalmagy özüne garşy görkezme bermegi, üstüne ýüklenen günäleri wideokameranyň öňünde boýun almagy, prezidentden günäsini geçmegini soramagy barada edilen talap bilen bagly bolup biler.

Şol ýyllaryň tejribesinden we şu wagta çenli dowam etdirilýän TW tobalaryndan belli bolşuna görä, Türkmenistanda ol ýa-da beýleki jenaýatda aýyplanýan adamlardan, hususan-da hökümet tankytçylaryndan we syýasy tussaglardan özlerine garşy görkezme bermek, ýöňkelýän günäleri gürrüňsiz boýun almak we ak ýürekden toba etmek talap edilýär.

Synçylar bu usulyň sowet-bolşewik döwründen gelýän gynag tejribeleri bilen baglydygyny we zor bilen boýun aldyrmalaryň diňe türmelerde däl, ruhy hassahanalarda, sag adamlaryň garşysyna hem ulanylandygyny belleýärler.

Türkmenistan halkara hukuk toparlarynyň hasabatlarynda, şol sanda metbugat azatlygy boýunça hasabatlarda iň yzdaky orunlarda durýar. Ýurtda ýekeje-de garaşsyz neşir ýok we habar serişdeleriniň işi metbugatdan gazanylan üstünlikleri beýan etmegi talap edýän döwlet baştutany tarapyndan hem yzygiderli tankyt edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG