Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Warşawada türkmen resmilerine sorag beren hukuk goraýjy jogaplardan kanagatlanmandygyny aýdýar


Hukuk goraýjy T.Begmedowa Warşawada ÝHHG-nyň ýyllyk adam hukuklary maslahatynda çykyş edýär.

16-27-nji sentýabr aralygynda Polşanyň paýtagty Warşawada Ýewropanyň adam hukuklary we demokratiýa boýunça iň uly ýyllyk konferensiýasy geçirilýär.

ÝHHG-nyň Demokratiýa we adam hukuklary institity tarapyndan guralaýn çärä Türkmenistanyň resmi delegasiýasy bilen bir hatarda, Aşgabatdan gelen garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýat aktiwistleri, hukuk goraýjylar hem gatnaşýar.

Azatlyk radiosy bu çärä gatnaşaýan we onuň mejlislerinde çykyş eden türkmen aktiwisti, Bolgariýada ýerleşýän Türkmen Helsinki toparynyň başlygy Täjigül Begmedowa bilen söhbetdeş boldy.

“Türkmenistanyň resmi delegasiýasy bu konferensiýa ahyrynda tapgyr ikinji ýyl gatnaşýar” diýip, T.Begmedowa öňki ýyllarda türkmen aktiwistleriniň gatnaşýandygy üçin Warşawadaky ýyllyk maslahatdan çeke duran Türkmenistanda käbir ilerlemeleriň bardygyny belledi we türkmen delegasiýasynyň wekilleriniň aktiwistleriň aýdan zatlaryny diňlemegini “ajaýyp” diýip häsiýetlendirdi.

Biz maslahatyň birinji we ikinji günlerinde metbugat azatlygy, pikir we hereket azalygy barada çykyş etdik. Men çykyşlarymyň birinde resmi türkmen delegasiýasynyň wekilindenfaktlar boýunça anyk we jikme-jik gürrüň etmeklerini haýyş etdim, sebäbi ol ýagdaýy düşündirende umumy sözleri aýtmak bilen çäkländýärdi. Men meseläniň özenine geçmegi haýyş etdim” diýip, Begmedowa şu ýyl Soltan Açylowanyň näme üçin Gürjüstana goýberilmändigini, şu ýyl tomus öz aýal doganynyň näme üçin 2-3 günlük syýahat üçin Özbegistana hem goýberilmändigini sorandygyny gürrüň berdi.


Hukuk goraýjynyň sözlerine görä, onuň maşgala agzalarynyň ýurtdan çykmagyna 50 ýyllyk gadaganlyk girizilipdir.

Türkmenistanyň resmi delegasiýasy žurnalist Açylowa baradaky soraga “Soltan Açylowa žurnalist däl” diýip, örän geňjogap berdi. “Bagyşlaň, hereket azatlygy jemgyýetiň ähli agzasynyň hukugy, her bir adamyň hukugy bar, onda meniň doganymy näme üçin ýolundan sakladyňyz?” diýen soragyma bolsa hiç bir jogap hemalyp bilmedim” diýip, Begmedowa Azatlyk radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

Şeýle-de Begmedowa degişli ýerlerde oturan türkmen resmileriniňsorag çykanda häkimiýetiň ýokary gatlaklarynda çözülmedeik meseleler boýunça döreýän soraglara hemişe jogap berip bilmeýändiklerini belledi.

Hukuk goraýjynyň ýene bir soragy bolsa Azatlyk radiosy bilen hyzmatdaşlyk edýän wagtynda türkmen häkimiýetleri tarapyndan gümürtik aýyplamalar esasynda tussag edilen we türkmen türmesinde aýdyň bolmadyk şertlerde ýogalan Ogulsapar Myradowanyň adynyň aklanmagy bilen bagly boldy.

Ol türkmen delegasiýasyndan žurnalist Ogulsapar Myradowaynyň adynyň, BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň kararynda talap edilişi ýaly,şu wagta çenli näme üçin aklanylmandygyny, bu ugurda häzir näme iş edilýändigini sorandygyny aýtdy. Hukuk goraýjynyň bu soragyna türkmen tarapy “Biz BMG-ä jogap berdik, şu hem ýeterlik” diýen manyda jogap beripdir.


“BMG-niň komiteti bolsa, Türkmenistandan alan jogabyna esaslanyp, şonuň esasynda Ogulsapar Myradowynyň adynyň aklanylmak zerurlygy, bukarar boýunça beýleki proseduralaryň ählisiniň berjaý edilmek zerurlygy hakynda karar çykardy” diýip, Begmedowa aýtdy. Emma hukuk goraýjynyň bu sözleri hem jogapsyz galdy.

Türkmen hökümeti Ýewropa sudunyň Annadurdy Hajyýewiň işi boýunça çykaran kararyndan hem habarly, emma biz türkmen tarapynyň Annadurdy Hajyýew babatdaky aklama kararyny hem görmeýäris diýip, Begmedowa aýtdy.

Şeýle-de Begmedowa beýleki ýurtlaryň, şol sanda goňşy Özbegistanyň mysalynda garaşylýan özgerişlikleriň az-da bolsa bolýandygyna ünsi çekdi, Yslam Kerimow ýogalandan soň häkimiýet başyna gelen Şawkat Mirziýoýewiň öňki režim döwründe ýurtdan gidenleriň ählisiniň yzyna, ýurduna gelip biljekdigi barada aýdan sözlerini ýatlatdy.


“Biz düşünýäris, Türkmenbaşynyň režimi mahalynda köp eden-etdilik boldy, emma ol döwür geçdi, durmuşy täze sahypadan başlamaly, biziň türkmen delegasiýasyna çagyryşymyz hem şundan ybarat boldy. Şeýle-de biz Demokratiýa we adam hukuklary institutynyň dialog üçin meýdan döredýändiginiň, beýleki döwletleriň – Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň resmi delegasiýalarynyň bu ýere gelýändigini we mejlislerde çykyş edýändigini, şol bir wagtda gazak, özbek, täjik we gyrgyz aktiwistleriniň we žurnalistleriniň, oppozisiýa wekilleriniň bu ýere gelip çykyş etmekleriniň kadaly bir zat hökmünde kabul edilýändigini aýtdyk. Dialogdan soň olar, resmi delegasiýalaryň wekilleri-de, aktiwistler hem arakesmä çykylanda salamlaşýarlar, gujaklaşýarlar, begenip-şatlanyp gülüşýärler, bilelikde çaýiçmäge gidýärler. Emma türkmen delegasiýasynyň agzalary hemme kişiden gaçýar, bu meniň ýurdumy örän gelşiksiz ýagdaýda görkezýär” diýip, Begmedowa aýtdy.

Şeýle-de ol günbatar ýurtlarynyň delegasiýalarynyň wekilleri “türkmen delegasiýasy näme üçin beýle?” diýip soranlarynda özüniň utanýandygyny we bu soraga jogap tapmaýandygyny sözüne goşdy.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG