Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir tarapda kaşaň myhmanhanalar, beýleki tarapda batgaly ýollar, köne hassahanalar


Gymmatbahaly otel we ýokary amatlykly jaýlar bilen köne binany deňeşdirýän surat. Türkmenistan.

Gurluşyga pul gaýgyrylmaýan Türkmenistanda mekdep we hassahana remontlary üçin ilatdan pul ýygnalýar

Aşgabatda täze-täze binalaryň gurluşygynyň depgini gowşamaýan wagtynda, etrap we oba ýerlerinde mekdepleriň we hassahanalaryň remont işleri üçin raýatlardan pul toplanylýar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary mundan ozal Mary, Lebap sebitlerinde we beýleki ýerlerde mekdepleriň we hasshahanalaryň remont işleri üçin raýatlardan pul ýygnalýandygyny yzygiderli habar berdiler.

Habarçy soňky maglumatynda remont işleri üçin ýygnalýan pullar bilen bagly raýatlardan razyçylyk hatynyň alynýandygyny habar berýär.

Eger-de bir topar dereksiz gurluşyklaryň üsti bilen jübülerine pul salýan hem bolsalar, dereksiz otellere derek, halka gerekli binalary gursalar gowy bolardy”

“Hassahanalarda, mekdeplerde remont işleri işgärleriň we ene-atalaryň öz hasabyna edilýär. Pullary öz razylygymyz bilen berýäris diýip, olara arza ýazdyrýarlar” diýip, habarçy ençeme ýaşaýjylara salgylanyp habar berdi.

Bu aralykda, habarçy bilen gürrüňdeş bolýan türkmenistanlylar abadanlaşdyryş işleri üçin özlerinden pul ýygnalýan wagty, Aşgabatda üznüksiz dowam etdirilýän gymmat bahaly gurluşyklary sorag astyna alýarlar.

“Aşgabatda welin ýene halka peýdasyz oteller we başga desgalaryň gurluşygy dowam edýär” diýip, bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligine (TDH) görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 16-njy iýunda Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyryp, täze gurluşyklar bilen tanyşdy. Ol bahasy aýdylmaýan “Nusaý” myhmanhanasynyň taslamasy bilen hem-de bir topar köçäniň çatrygynda ýerleşýän köprüleriň mozaika görnüşli bezegleri bilen gyzyklandy.

Azatlyk Radiosy soňky ýyllarda Aşgabadyň “Garagum”, “Arkadag”, “Diwan” myhmanhanalarynyň gurluşyklary, olar üçin edilýän ýüzlerçe million dollarlyk çykdajylar barada habar berdi. Bu gurluşyklar ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda alnyp barylýar.

Ýogsa-da, Berdimuhamedow geçen ýylyň aprelinde pandemiýa bilen baglylykda “dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaý sebäpli, gurluşygy meýilleşdirilen ähli desgalara gaýtadan seretmegi we diňe ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli zerur desgalary saýlap almagy” resmilere tabşyrypdy.

Aşgabatdaky köprüleriň mozaika bezeg taslamalarynyň ýaşaýyş-durmuş ähmiýeti, synçylara görä, sorag astynda. Ýöne resmi habara görä, Bitarap Türkmenistan, Türkmenbaşy, Nurmuhammet Andalyp we Bekrewe köçeleriniň Arçabil şaýoly bilen kesişýän çatrygynda, şeýle-de Köpetdag – Bekrewe çatrygynda ýerleşýän köprüleri mozaika bezegleri bilen bezemek planlaşdyrylýar.

Ýöne sebitlerde hassahanalar mebel we medisina enjamlarynyň ýetmezçiligini başdan geçirýär.

“Hassahanalaryň köpüsiniň krowatlary, mebelleri we iň zerur medisina enjamlary SSSR döwründe, 50-nji ýyllarda ulanylmaga berilen zatlar. Bu zatlaryň ýetmezçiligi oba we etrap saglyk öýlerinde has köp göze ilýär. Gapylaryň köpüsi [köne], penjielere gyş aýlarynda paket tutulyp, otaglar ýyladylmaga synanyşylýar. Diwarlar gopum-gopum...” diýip, bir ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Döwlet media serişdeleri sebitlerdäki hassahanalaryň düşek we enjam ýetmezçiliginden habar bermeýär, ýöne Aşgabadyň köçeleriniň çatrygynda ýerleşýän köprüleriň mozaika bezegleri barada welin habar berýär.

“Köp mekdep, çagalar baglary, ýetimler öýleri, obalaryň dolandyryş merkezleri täzeden gurulmaly. Köp şäherde we oba ýerlerinde gara ýollar täzeden gurulmaly. Ýagynly günlerde çagalar mekdebe gidenlerinde batgaly köçelerde ýöremeli bolýarlar. Oba ýerlerinde suwlar akmaýar. Gyşyna mekdepler sowuk bolýar” diýip, synçy gürrüň berdi.

Ýöne muňa garamazdan, paýtagt Aşgabatda gymmat bahaly myhmanhanalaryň, edara jaýlaryň we beýlekileriň gurluşygy üznüksiz dowam etdirilýär. Ýurduň günbatarynda, Hazaryň kenarynda millardlarça dollarlyk Awaza syýahatçylyk zolagy, şol sanda oteller, dynç alyş merkezleri gurlup ulanylmaga berildi.

“Halkyň iýmäge çöregi gaýgy. Ýerli halkyň gurulýan otellerde bolmaga gurby çatmaýar.” diýip, synçy gürrüň berýär.

Türkmen hökümeti paýtagt Aşgabadyň halkara abraýy bilen gyzyklanýandygyny aýdýar. Berdmuhamedow 16-njy iýunda Aşgabadyň “dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň hatarynda” orun almagy barada gürrüň etdi.

Ýerli synçy ilatyň azyk gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýtdy. “Bizde bolsa Aşgabadyň reýtinginiň aladasy edilýär” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

“Dereksiz otellere derek, welaýatlarda täze hassahanalary, mekdepleri, çagalar baglaryny we ýetimler öýüni gursalar, halka has köp peýdasy degerdi. Eger-de bir topar dereksiz gurluşyklaryň üsti bilen jübülerine pul salýan hem bolsalar, dereksiz otellere derek, halka gerekli binalary gursalar gowy bolardy” diýip, synçy aýtdy.

“Şonda azajyk hem bolsa, halka-da peýdasy degerdi” diýip, ol sözüni jemledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG